Progres.Online

Eneňe we ataňa onlaýn howpsuzlyk barada öwredip biljek 5 sapagyň

Eger sen ejeň-kakaňa ýa-da eneňe ýa ataňa telefony ýa kompýuteri bilen kömek edip gören bolsaň, onda sen ýeke dälsiň. Gartaşan enelerimiz we atalarymyz biz ýaly ýaşlykdan elektron enjamlar bilen ulalmadylar. Bu ugurdan olaryň bizden kömek soramagy adaty zatdyr – sen hem muny olaryň tehnologiýa we internet äleminde rahat we goragly gezmeklerine goşant goşmak üçin mümkinçilik hasaplamalysyň. Indiki gezek ene-ataň bilen oturanyňda söz açar ýaly, biz seniň olara öwredip biljek ýene bir gymmatly 5 sapagyňy bir ara jemledik:

  1. Programma üpjünçiligini täzeläp durmak: Olara programma üpjünçiliginiň nähili işleýändigi ýa-da nämelerden düzülýändigi barada uzyn okuw sapagyny berip oturmak gerek däl. Näçe ýeňil dil ulansaň we “az bolsun – uz bolsun” ýörelgesine eýerseň, eneň we ataň hem senden şonça hoşal bolarlar. Olara ýönekeý dilde programma üpjünçiliginiň we operasion ulgamyň nämedigini düşündir we olary nädip iň soňky wersiýasyna täzelap durmalydygyny görkezip bilersiň. Ýa bolmasa, olaryň rugsadyny alyp, muny olara özüň edip ber. Bu olaryň enjamlarynyň we enjamlaryndaky programmalaryň ýerlikli işläp durmagyna we olaryň kiber howplardan bir ädim daşlaşmaklaryna kömek eder.
  2. Güýçli parollary ulanmak: Indi enjamyň ekranynyň ýüzünden başlap, birtopar priloženiýelere çenli parol bilen gulplap bolýar. Parol ulanyp bolýan ýerlerde ony ulanmagyň ähmiýeti barada olara gysgaça düşündiriş berip bilersiň. Soňra olara güýçli parollary döretmäni öwret. Eger parollaryny ýatda saklamakda ýa dolandyrmakda kösenjek bolsalar, olara ulanmasy aňsat parol dolandyryjy gurnap ber. Olar parol dolandyryjynyň Master parolyny depderçelerine ýazyp, seýf ýaly howpsuz bir ýerde ýygnap bilerler.
  3. Skamlardan habardar bolmak: Gartaşan adamlar köplenç ynanjaň we sanly sowatlylygy pes hasaplanylýar. Şol sebäpden olar skamçylar we häkerler üçin iň gowy nyşanalardandyrlar. Skamlar diňe bir onlaýn däl, eýsem SMS-leriň ýa jaňlaryň üsti bilen hem bolup geçýär. Ene-ataň bu zatlar barada habardarlygyny artdyrmak olary köp hilegärlerden gorap biler. Olaryň enjamlaryna antiwirus gurnap bermegi göz öňünde tut. Skamlardan goraýan iň möhüm endiklerden söz aç. Isleseň bulary kagyza ýazyp, olaryň otaglaryndan asyp hem bilersiň:
    • Tanamaýan adamlaryňdan gelen e-poçtalary, faýllary ýa ssylkalary açma.
    • Nätanyşlar bilen telefonda ýa messenjerlerde gürleşme.
    • Tanamaýan adamlaryň bilen şahsy maglumatlaryňy paýlaşma.
    • Eger bir zat şübheli görünse, onuň aňyrsyny hökman mazaly derňe.
  4. Maglumatlaryň çeşmesini barlamak: Ýalan habarlary ýa ýoýulan maglumatlary ýaýradýanlar şeýle ussatlaşypdyrlar welin, olara aldanmazlyk ähli adam üçin kynlaşdy. Käbir adam eşden maglumatynyň çeşmesini barlaman, bilmezden nädogry zatlar ýaýradýan bolsa, käbirleri muny bilkastlaýyn edip, hatda özleri hünärmen ýa ekspert roluna girmekden hem gaýtmaýarlar. Şonuň üçin, eneňe we ataňa onlaýn görýän, okaýan we eşidýän islendik zadyna şübheli garamagy maslahat ber. Habarlary we maglumatlary diňe ygtybarly çeşmelerden almagy endik edinmeli, şol sanda ygtybarly çeşmeleri hem tanamagy başarmaly (meselem, ssylkasy HTTPS bilen başlanmaly ýa-da maglumatyň çeşmesi görkezilmeli). Hatda ygtybarly çeşmeleriň maglumatlaryny hem mümkin bolsa beýleki ygtybarly çeşmeleriňki bilen deňeşdirip, dogrudygyna göz ýetirmek gowy pikirdir.
  5. “Gizlin” we “köpçülige açyk” hasaplaryň tapawudy: Sosial mediýa platformalary, messenjerler we hatda e-poçtalar hem ulanyjylara gizlin (закрытый) we köpçülige açyk (публичный) hasaplary döretmäge mümkinçilik berýärler. Eneňe we ataňa bu görnüşli hasaplaryň gowy we ýaramaz taraplary barada düşündir. Olara her ýerde “gizlin” profil edinmegi maslahat ber; hatda açyk profilleri bar hem bolsa, muny sazlamalaryň üsti bilen aňsatlyk bilen üýtgedip bolýandygyny öwret. Her bir ädimiňde welin, olaryň rugsadyny we razylygyny almagy unutma. Seniň esasy wezipäň olaryň sanly sowatlylygynyň baýlaşmagyna goşant goşmakdyr. Olar senden öwrenen maglumatlaryny nähili görnüşde ulansalar-da muňa hormat goý we her ýagdaýda olara mylakatly we düşünjeli çemeleşip, olaryň howpsuzlygynyň saňa hem möhümdigini we hemişe kömege taýýardygyňy bildir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: