Progres.Online

Häkerler kimler we olardan näme üçin ägä bolmaly?

Kompýuter ulgamynyň we toruň gowşak taraplaryndan peýdalanyp, şahslaryň ýa-da guramalaryň maglumatlaryny ele geçirýän, ýagny olary häkleýän adamlara “häkerler” diýilýär. Olar haýsy usuly ulansalar hem, siziň maglumatlaryňyza ýa-da enjamlaryňyza aralaşanlaryndan soň size aşakdaky zyýanlary ýetirip bilerler:

  • Instagram, IMO, ICQ ýaly sosial ulgamlardaky hasaplaryňyzy ele geçirmek (häklemek);
  • Häklenen hasaplaryňyzy ulanyp, ýakynlaryňyzdan pul soramak ýa-da hasabyňyzy başga sebäpler üçin öz bähbidine ulanmak;
  • Siziň adyňyzdan zat satmak, şol sanda bikanun zatlary satmak we satyn almak;
  • Onlaýn bank hasabyňyza girip, puluňyzy ogurlamak;
  • Maglumatlaryňyzy erbet niýetli adamlara satmak;
  • Kompýuteriňizdäki möhüm faýllary pozmak ýa-da zaýalamak;
  • Gizlin maglumatlaryňyzy, suratlaryňyzy açyk internetde paýlaşmak ýa-da paýlaşmak haýbaty bilen şantaž etmek. Siziň abraýyňyza zyýan ýetirmek;
  • Kompýuteriňizi ýa-da telefonyňyzy öz erbet amallary üçin ulanmak.

Ýatanyň üstüne turan gelmesin: adamlaryň maglumatlary näme üçin häklenilýär?

Häking dürli maksatlara görä edilýär. Olaryň iň esasylary:

  • Pul üçin: Elbetde, häkerler köp halatlarda maliýe girdejisi sebäpli häklemäge baş goşýarlar. Häkerler parollaryňyzy, bankyňyzyň ýa kredit kartalaryňyzyň maglumatlaryny ogurlamak, şahsy maglumatlaryňyzy beýleki häkerlere ýa-da dark webde satmak arkaly pul gazanyp bilerler.
  • Korporatiw içalylyk: Käwagt häkerler bäsdeş kompaniýalardan söwda syrlaryny ogurlaýarlar. Korporatiw içalylyk- korporatiw garşydaşlardan bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak, olaryň gizlin maglumatlaryny ýa-da intellektual eýeçiligini ele geçirmek üçin döredilen häkingiň bir görnüşidir.
  • Syýasy içalylyk: Döwletler häkerleri syýasy maksatlar üçin ulanyp bilýärler. Munuň özi gizlin maglumatlary ogurlamak, saýlawlary bulamak, hökümete degişli ýa-da harby resminamalara girmek, şol sanda syýasy durnuksyzlyga ýol açmak üçin edilýär.
  • Ar almak: Käwagt häkerler gahardan itergi alýarlar, ýagny olarda özlerini gaharlandyran ýa-da kemsiden şahsyýetlerden ýa-da guramalardan ar almak islegi döräp bilýär.
  • Häktiwizm: Häklemek raýat boýun egmezekliginiň bir görnüşi bolup biler. Käbir häkerler ukyplaryny belli bir syýasy meýilnamany ýa-da jemgyýetçilik hereketini öňe sürmek üçin ulanýarlar.
  • Öwünjeňlik we bäsdeşlik: Häkerler “ulgamy” döwenlerinde döreýän üstünlik duýgusyndan itergi alyp bilerler. Bäsdeş häkerler biri-biri bilen ýaryşmak we ukyp-başarnyklarynyň ykrar edilmegini gazanmak isläp bilerler. Sosial mediýa olara eden işleri bilen öwünmek üçin pursat döredýär.
  • Howpsuzlygy gowulandyrmak: Häkerleriň hemmesiniň maksady zyýan bermek däldir. Meselem: ak telpekli häkerler ähli ulanyjylar üçin howpsuzlygy ýokarlandyrmak we ulgamyň gowşak ýerlerini barlamak üçin häkleýärler. Şol sebäpli, ak telpekli häking “ahlakly” hasaplanýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: