Progres.Online

Sanly sowatlylyk näme we ol näme üçin möhüm?

Sanly sowatlylyk – bu dürli şertlerde tehnologiýany we onlaýn metbugaty ulanmak, düşünmek we döretmek ukybydyr. Sanly sowatlylygyň hödürleýän başarnyklary:

  • Kompýuterleri we olardaky dürli programmalary ulanmak (meselem: word, excel, brauzer we ş.m);
  • Internete girmek we ony howpsuz ulanmak;
  • E-poçta we sosial mediýa arkaly habarlaşmak (mail.ru, gmail.com, Instagram);
  • Sanly kontent (material) döretmek we paýlaşmak (meselem: resminamalar, prezentasiýalar, wideolar we ş.m.);
  • Internetde şahsy we maliýe maglumatlaryňy goramak (meselem: bank hasabyň);
  • Internetdäki okaýan maglumatlaryň ygtybarlylygyna baha bermek;
  • Onlaýn howpsuzlyk we oňa degişli meselelerden habarly bolmak.

Tehnologiýa çagalaryň we ulularyň gündelik durmuşyny gurşap alýarka, ähli ýaşdaky adamlar üçin sanly sowatlylygyň ähmiýeti barha artýar. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan güýmenjä, bilimden hünär durmuşyna çenli tehnologiýany netijeli ulanmak ukyby häzirki zaman ösüşi we üstünligi üçin zerur hasaplanýar.

Sanly sowatlylygy gazanmak näme üçin möhüm?

  • Bilim alma mümkinçiliklerini artdyrýar. Sanly tehnologiýadan sowatly adam internetdäki dürli okuwlara, kurslara ýa-da seminarlara gatnaşyp, olardan howpsuz peýdalanyp bilýär hem-de bu okuw platformalarynda özüni has ynamly alyp barýar. Sanly sowatlylyk ukyby bolmadyklar bolsa, degişli tehnologiýalara geçip bilmezlik ýa-da ynamsyzlyk sebäpli ösüşlerini çäklendirip bilerler.
  • Hünäriň boýunça ösmäge kömek edýär. Tehnologiýa bil baglaýan dürli ugurlarda we hünärlerde üstünlik gazandyryp biljek sanly tehnologiýalary howpsuz ulanmaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýa hemişe üýtgäp dursa-da, sanly sowatlylygyň düýp esaslaryny bilýän adam häzirki döwürde we geljekde dürli tehnologiýalardan baş alyp çykmagy başarar. Mysal üçin, tehnologiýanyň giriş/çykyş funksiýalary, priloženiýeleriň işleýişi, enjamlary tanamak we ş.m. ýaly esasy düşünjeleri öwrenmek, täze çykýan tehnologiýalara düşünmek üçin hem möhümdir.
  • Ýakynlaryň bilen aragatnaşyk saklamaga, onlaýn jemgyýetlere we çärelere gatnaşmaga kömek edýär. Islesek-islemesek, onlaýn gatnaşyklar barha köpelýär. Sanly sowatlylyk ýakyn sebitlerden daşardaky adamlar bilen aragatnaşyk etmekde möhüm rol oýnaýar. Dostluk we hatda maşgala gatnaşyklaryndaky uzaklyk päsgelçiliklerini aradan aýyrýar. Sanly sowatlylyk bilen siz diňe bir başgalar bilen habarlaşmak däl, eýsem dürli wirtual jemgyýetlere agza bolmak, köpçülikleýin çäreleri gurnamak we olara gatnaşmak ukybyna hem eýe bolýarsyňyz.
  • Onlaýn howpsuzlyk meselelerinden habarlylygy artdyrýar. Internet äleminde hakerler, wiruslar ýa-da ýaman niýetli ulanyjylar her bir adama howp salyp bilýärler. Sanly sowatlylyk siziň onlaýn howpsuzlygyňyzy, bank hasaplaryňyzy, şahsy maglumatlaryňyzy we gizlinligiňizi goramaga kömek etmek üçin möhüm maglumatlar, gurallar, amallar we çeşmeler bilen üpjün edip biler.
  • Internetdäki maglumatlaryň ygtybarlylygyna baha bermäge kömek edýär. Tehnologiýa garaşlylygyň ýokarlanmagy adamy awtorlyk hukugy we göçürme, kiber-zorluk, maglumat çeşmelerini barlamak we başgalar bilen jogapkärçilikli gatnaşyk etmek bilen baglanyşykly kynçylyklara sezewar edýär. Sanly sowatlylyk endikleri size bu kynçylyklara düşünmek we olary netijeli çözmek ukybyny özleşdirmäge kömek edýär we sizi has jogapkärli sanly raýata öwürýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: