Progres.Online

Skamlar: Spam, Fişiň, Spufiň we Farmiň

Adamyň şahsy maglumatyny, puluny ýa-da başga emlägini ogurlamak maksady bilen edilýän hilebazlyga skam diýilýär. Skamlar internet torunda hem giňden ýaýran bolup, olaryň spam, fişiň, spufiň we farmiň ýaly dürşli görnüşleri bar. Internet skamlary köplenç e-poçta ýa-da sms arkaly kiber jenaýatçylary tarapyndan ýaýradylýar. Skamlardan goranmak üçin ilki bilen jenaýatçylaryň ulanýan strategiýalaryny bilmeli.

Spam – bu garaşylmaýan e-poçta, sms ýa-da sosial mediýadan gelýän şahsy hat görnüşinde bolup bilýär. Bu hatlaryň spammy ýa-da däldigini bilmek aňsat. Olary açsaňyz ýa-da jogap berseňiz siziň üçin zyýanly bolup biler.

Fişiň (Phishing) – kiber jenaýatçynyň kanuny, ygtybarly çeşmeden ýazýan ýaly edip iberen e-poçtalary. Bu hatlar siziň şahsy maglumatlaryňyzy, bank kart maglumatlaryňyzy ogurlamak üçin niýetlenendir. Iňlis dilinden göni terjime edilende “fishing” balyk tutmak diýen manyny berýär. Ýagny, jenaýatçynyň maksady sizi çeňňegine ildirmek. 

Spear Fişiň (Spear Phishing) – terjimesi “naýzaly balyk tutmak”. Ýagny, jenaýatçy haýsy balygy tutjagyny öňünden kesgitleýär we web sahypalaryndan ýa-da sosial mediýa hasaplaryňyzdan siz hakda maglumat alyp, ol maglumatlar esasynda gönümel size gönükdirilen fişiň e-poçtasyny taýýarlaýar.

Spufiň (Spoofing) – käbir jenaýatçylar başga bir şahsyň ýa-da guramanyň adyndan çykyş edip, siziň şahsy maglumatlaryňyzy ýygnamaga çalyşýarlar. Olar iberýän e-poçtalarynda özlerini banklaryň, kompaniýalaryň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hökmünde tanatmak üçin resmi logotipleri we sözbaşylary ulanýarlar. Muňa spufiň diýilýär. 

Farmiň (Pharming) – resmi ýa-da kanuny web sahypalara meňzeş edip ýasalan websaýtlar bolýar. Olar arkaly ulanyjylaryň ulanyjy atlary we parollary ogurlanýar. Muňa-da farmiň diýilýär.

Skamlardan nädip goranmaly?

Özüňizi skamlardan goramak üçin size e-poçtalaryň, sosial mediýanyň ýa-da başga internet sahypalarynyň üsti bilen gelýän garaşylmadyk hatlardan ägä boluň, olaryň içindäki ssylkalara basmankaňyz barlaň. Skamlary tanamak üçin üns bermeli esasy yşaratlar:

  • Şahsy maglumatlaryňyz soralýar. Ygtybarly edaralar ýa-da guramalar hiç haçan siziň ulanyjy adyňyzy, parollaryňyzy ýa-da şahsy maglumatlaryňyzy e-poçta arkaly soramaýarlar.
  • Gyssagly buýruk berýän e-poçtalar (meselem: “eger-de derrew jogap bermeseňiz hasabyňyz ýapylar”).
  • Gelýän hatlardaky orfografik we grammatik ýalňyşlyklar.
  • Hatyň iberiji böleginde düşnüksiz atlar ýa-da hatyň gol goýulýan bölümindäki maglumatlarda kemçilikler.
  • Hatyň iberilen böleginde birnäçe e-poçta adresleri, “Hormatly pylany hasabyň eýesi” ýaly oňaýsyz salamlar.
  • Hat bilen gelýän düşnüksiz, garaşylmaýan faýllar.
  • Hatyň içinde iberijä degişli bolmadyk ssylkalar.
  • Abuna ýazylmadyk ýa hasap açmadyk web sahypalaryňyzdan ýa-da banklardan gelýän hatlar (meselem: amazon, ebay, senagatbank we ş.m).
  • Meşhur adamlardan gelýän hatlar.
  • Berýän hyzmatlaryndan çykmagyňyz üçin jogap bermegiňizi soraýan e-poçtalar.
  • Simpatiýa, sypaýylyk, gorky, alada, tolgunmak ýaly, adam duýgularyny oýandyryjy hatlar.

Eger-de size internet ulgamlarynyň üsti bilen gelen hatyň howpludygyna göz ýetirseňiz, menýudan “report spam (В спам!)” ýa-da “report phishing (Сообщить о фишинге)” basyň we pozuň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: