Progres.Online

Progres Fonduna Goldaw Ber

Türkmenistanyň ilatynyň bilimini artdyrmak ugrunda faktlara esaslanýan, konstruktiw we progressiw kontent döredýän türkmenistanly ylmy barlagçylaryna we ýazyjylaryna goldaw bermekde bize goşul.

Progres Fondy türkmenistanly raýatlarynyň aň-düşünjesini baýlaşdyrmaga kömek edýän dürli progressiw başlangyçlary ýola goýýar. Saglyk.org bolsa, 2009-njy ýyldan bäri türkmen halkynyň saglyk sowatlylygyny ösdürmekde zähmet çekip gelýär. Progres.online ýokary hilli barlaglaryň, derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmegi öňe sürýän onlaýn analitiki žurnaldyr.

Biz Birleşen Ştatlarda 501(c)(3) jemgyýetçilik guramasy hökmünde bellige alnan.

Goldaw bermegiň bir ýa-da birnäçe görnüşini saýla:

Göni pul bagyşlama (salgyt ýeňillikleri berilýär, Tax Deductible)

Biziň proýektlerimiziň ýylboýy bökdençsiz ýöräp durmasy üçin Seni aýlyk goldaw beriji bolmaga we awtomatik gaýtalanyp durýan şekilde pul bilen goldamaga çagyrýarys.

Sen bir gezeklik pul bagyşlap hem bilersiň.

Her bir goşant türkmen jemgyýetinde aň-bilimli, konstruktiw, çözgütleri öňe sürýän gürrüňdeşlikler üçin ýokary hilli kontent döretmäge goldaw berýär.

ÝA-DA şu adrese çek ugrat.

Progres Foundation
180 College Street
Middletown, CT 06457
USA

Poçta adresiňi görkezmegi haýyş edýäris.

HYZMATDAŞDAN, OKYJYDAN

Işimiz baradaky pikirleriňizi bize iberiň. Döredýän maglumatlarymyzy nähili we nirede  ulanýarsyňyz?

Özüm lukmanlar maşgalasyndan bolsam hem, olaryň işde ulanmak, özlerini ösdürmek we pasiýentlerine paýlamak üçin ýönekeýje materiallarynyň hem azlyk edýändigi, netijede ilatyň saglyk sowgatlylygynyň pesdigi meni hemişe bimaza ederdi. Saglyk.org bilen tanyşyp, her birimiziň diňe bir öz saglygymyzy goramagy däl, eýsem maşgalamyzyň, jemgyýetimiziň hem-de daşky gurşawymyzyň saglygynyň aladasyny etmek barada öwrenip we öwredip biljegimize göz ýetirdim. Ýetişip barýan ýetginjegiň soramaga çekinýän soraglary bolsun ýa-da sagdyn durmuş ýörelgesi bilen gyzyklanýan ýaşulynyň, Saglykda her ýaşdaky adama ýer we gor bar. Meniň üçin Saglyk ilaty bilim bilen baýlaşdyrýan hazyna.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: