Progres.Online

Güýçli paroly nädip döretmeli, ýatda saklamaly we goramaly?

Parollar (açar söz) durmuşymyzyň uly bölegine öwrüldi. Biziň internetdäki şahsy maglumatlarymyzyň hemmesi diýen ýaly parollarymyz arkaly goralýar. Şonuň üçin güýçli parol döretmegiň ähmiýeti örän uly. Internetdäki hasaplarymyzy parol bilen goramagyň birnäçe görnüşi bar.

Olary üç kategoriýa bölüp bileris. 

  • Bilýäniň – seniň öz döreden parolyň.
  • Eliňdäki – SMS parol, bir gezeklik parol, iki faktorly giriş.
  • Özüň – barmak yzyň, gözüň, sesiň.

Güýçli paroly nädip döretmeli?

  • Uzyn parol ulanyň. 10 belgili parollary döretmegi maslahat berýäris. Näçe köp belgi bolsa şonça-da gowy.
  • Belgileriň dürli görnüşlerini ulanyň. Parollaryňyzda sanlary, simwollary, baş harplary we kiçi harplary ulanyň. Bu belgileri näçe garym gatym edip ulansaňyz, şonça-da parolyňyzy döwmek kynlaşýar. Meselem giňden ulanylýan 🙂 :/ 😀 :B 🙁 🙂 =( ýaly emosiýalary hem ulanyp bilersiňiz. Bular parolyňyzy has hem güýçlendirer we ýatda saklamagy aňsatlaşdyrar.
  • Şahsy maglumatlaryňyzy ulanmaň (meselem: doglan günüňiz, pişigiňiziň ady, çagalaryňyzyň ady, awtoulagyňyzyň modeli, telefon belgiňiz we ş.m.).
  • Sözlükdäki sözleri ulanmaň. Her bir adaty söz parollar üçin howply. Birnäçe sözleri birleşdireniňde many berýän parollar hem güýçli hasaplanmaýar. Meselem, “awtoulag” örän gowşak parol, “akreňkliawtoulag” hem gowşak hasaplanýar.

Paroly nädip ýatda saklamaly?

  • Manysyz sözlemleri ýazyň. Hiç kimiň kellesine gelmejek manysyz, gülkünç sözlemleri birleşdirip güýçli parol düzüp bilersiňiz. Meselem: DüýnHitrowkaly3pişik5njiKlasaGitdi
  • Gysgaldylan sözleri ulanyň. Iň halaýan nakylyňyzyň ýa-da bir sözlemiň içindäki sözleriň birinji harplaryndan, aralaryna san ýa-da simwollar goýup güýçli parol ýasap bilersiňiz. Meselem: “Dünýäň her gülünde men seni görýän” > Parol: #Dhgmsg6

Paroly nädip goramaly?
Hiç bir paroly täzeden ulanmaň.

  • Iki faktorly giriş ulanyň.
  • Parolyňyzy hiç kim bilen paýlaşmaň.
  • Parol dolandyryjy ulanyň.

Parol dolandyryjy näme?

Parol dolandyryjylar – bular parol döretmek we gorap saklamak üçin esasy çözgütleriň biridir. Parol dolandyryjy her bir hasabyňyz üçin güýçli we özboluşly parol döredip, olary aýawly saklaýar. Parollaryňyz şifrlenýär we bulutda ýa-da enjamyňyzda saklanýar. Şeýlelikde, ähli parollaryňyzy ýatda saklamaga zerurlyk galmaýar. Ýatda saklamaly ýekeje parolyňyz parol dolandyryjynyň paroly bolýar. Käbir giňden ýaýran parol dolandyryjylary: Bitwarden, LastPass, Dashlane, NordPass.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: