Progres.Online

Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde edip biljek il-ýurt bähbitli işleri

Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň prezidentligine saýlanjakdygyna meňzeýär. Emma ol henize çenli prezidentlik döwründe başyny tutmak isleýän il-ýurt bähbitli we adam, döwlet ähmiýetli işleriniň tertibini paýlaşmady.

Biz hökümet kanunlarynyň ýöredilişine, ylmy barlaglara, synlara, we watandaşlarymyzyň pikirlerine esaslanyp, onuň prezidentliginiň ilkinji günlerinde iler tutup biljek takyk we ölçäp bolýan maksatlaryň sanawyny düzdük.

Ýurtdaky ýiti sosial-ykdysady kynçylyklara çözgüt tapmakda ilatyň ynamyny we goldawyny gazanmak prezidentliginiň ilkinji 100 gününde Serdar Berdimuhamedow üçin örän wajyp bolar.

COVID-19

  • Pandemiýanyň türkmenistanlylaryň hem ölümine sebäp bolandygyny we ilata emosional, fiziki we ykdysady taýdan uly agram salandygyny boýun almak. Bu onuň ilkinji karary bolmaly.
  • Türkmenistanda COVID-19-dan ölenleriň, kesellänleriň we gutulanlaryň statistikasyny çykarmak.
  • COVID-19-a we geljekki pandemiýalara ylmy çemeleşigi ýola goýmak üçin, Saglygy goraýyş ministrligine lukmançylyk ekspertlerinden, epidemiologlardan we raýat jemgyýetlerinden düzülen komitet döretmegi buýurmak.
  • Lukmanlary, şepagat uýalaryny hem-de ähli saglyk işgärlerini lukmançylyga, howpsuzlyga we bejergi protokolyna degişli iň soňky maglumatlar bilen üpjün etmek.
  • Doly sanjym alan ýa-da negatiw PCR testi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna karantinsiz ýurda girmäge rugsat bermek.
  • Ilat bilen ýakyn we dogruçyl aragatnaşygy ýola goýmak: Ykdysady hereketi aşa çäklendirmegiň deregine, Saglygy goraýyş ministrligi we metbugat bilen bile işläp, ilata epidemiologik hasabatlary we hakyky töwekgelçilikleri ýetirip durmak.

Ykdysadyýet

  • Ilatyň agramly böleginiň sanjym alandygy üçin, ýurduň içindäki ähli COVID-esasly syýahat çäklendirmelerini ýatyrmak.
  • Halkara syýahaty çäklendirýän we korrupsiýa ýol açan delilsiz düzgün-tertipleri aýyrmak. Ähli halkara howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda ýatyryldy. Türkmenistanyň raýatlaryna arkaýyn ýurduň daşyna syýahat etmäge we daşarda galanlara howpsuz öýlerine dolanmaga rugsat bermek.
  • Ýurtda erkin adam we zähmet hereketlerine ýol açjak propiska degişli ähli çäklendirmeleri aýyrmak.
  • Ýurtda ulalyp barýan inflýasiýa we iki dürli walýuta kursuna çäre görmek üçin türkmenistanly we daşary ýurtly ekspertlerden düzülen komitet döretmek.
  • Manadyň resmi we gara bazar walýuta kurslaryny birleşdirmek ugrunda tagallalar etmek.
  • Kiçi we orta telekeçiligi ygtyýarlandyrmaga we dolandyrmaga degişli çäklendirmeleri aýyrmak we ýeňilleşdirmek.
  • Ilatyň resmi däl ýollar bilen (hawala) pul geçirmekden daşlaşmagy üçin, bank ulgamyny kämilleşdirmek we Western Union ýaly maliýe hyzmatlaryny döretmek.
  • Türkmenistandaky kiçi telekeçiligi goldamak üçin, COVID kömek gaznasynyň milli we halkara maliýeleşdirilişini ýola goýmak. COVID-19 karantini we çäklendirmeleri kiçi telekeçiliklere uly zyýan ýetirdi.
  • Raýatlara maliýe tranzaksiýalary we ykdysady hereketler üçin bank kartlaryny limitsiz we çäklendirmesiz ulanmaga rugsat bermek.

Döwlet býujeti

  • Döwleti býujetini mälim etmek. Türkmenistanyň häzirki nesli döwlet býujetiniň nämediginden we nähilidiginden habarsyz ulalýar.

Saglygy goraýyş

  • Pudagyň ýokardan aşaklygyna we gümürtik hereket edýän, Sowet döwründäkä meňzeş dolandyryş ulgamyndan daşlaşyp, döwrebap we ylma esaslanýan tejribelere geçmegine kömek etjek maglumatlary we statistikalary ýygnamaga hem-de çykarmaga başlamak.
  • Ýurtda AIW/AIDS we inçekesel pasiýentlerine degişli maglumatlary we görkezijileri çykarmak. Görkezijiler keselleriň ýaýramagyny azaltmaga kömek edip biler.
  • Türkmenistanda hususy lukmançylyk hyzmatlarynyň ygtyýarlandyrmasyna rugsat bermek we ony ýeňilleşdirmek.
  • Daşary ýurtlardan derman serişdeleriniň getirilmegine goýlan çäklendirmeleri aýyrmak, esasan hem ol dermanlar Türkmenistanda ýok bolsa. Ençeme syrkaw adamlar garyndaşlarynyň daşary ýurtdan ugradýan ölümden halas ediji dermanlaryna daýanýarlar.
  • Türkmenistanlylaryň ölümden halas ediji bejergi we ideg alýan ýurtlary bolan Eýran, Hindistan we Türkiýe ýaly döwletlere lukmançylyk maksatly syýahat etmegini ýeňilleşdirmek.

Türkmenistanyň pasportlary

  • Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryny we konsullyklaryny pasport printerleri bilen üpjün etmek. Şeýle edilse, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar ýurda syýahat etmezden pasportlaryny täzeläp we gyssagly pasport meselelerini çözüp bilerler. Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň martyndan bäri halkara gatnawlar hereket etmeýär.
  • Daşary ýurtlarda dogulýan we ýaşaýan 18 ýaşdan kiçi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ilçihanalarda pasport bermek.
  • Türkmenistanyň halkara (zagran) pasportynyň möhletini 5 ýyldan 10 ýyla uzaltmak (2016-njy ýyldan öňküsi ýaly).

Syýahat

  • Türkmenistanly raýatlaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Russiýa we Türkiýä syýahat we telekeçilik maksatly, wizasyz syýahat etmegi ýola goýmak.

Metbugat/Mediýa

  • Döwlet metbugatynda ýurtdaky adaty raýatlary aladalandyrýan sosial we ykdysady durmuş baradaky habarlary çap edip başlamak.
  • Döwlet metbugat edaralarynda raýatlary onlaýn we oflaýn gatnaşmakdan hem-de seslerini eşitdirmekden sowaşdyrýan senzurany aýyrmak.

Internet

  • Ylmy sowatlylygy we intellektual azatlygy öňe sürmek üçin, Türkmenistanyň internetini erkinleşdirmek we senzurany ýatyrmak. Bu ýurduň 20-nji asyrda galan jemgyýetçilik ylymlarynyň we ykdysadyýetiniň ösmegine kömek eder. Türkmenistan dünýäde interneti iň haýal we iň gymmat ýurtlaryň hatarynda barýar.
  • Ähli websaýtlaryň elýeterligini gadagan edýän düzgüni ýatyrmak. Bu düzgün sebitde Türkmenistanyň saglykda we bilimde iň yzda barmagyna goşant goşýar we adam kapitalyna täsir edýär.
  • Adamlara aragatnaşykda bolmaga kömek edýän dürli görnüşli telekommunikasiýa hyzmatlaryna ýol açmak. Häzirki wagtda, ýurduň daşyndaky adamlar ýakynlary we dost-ýarlary bilen arkaýyn habarlaşmakda kynçylyk çekýärler.

Bilim, akademiki senzura, ylmy barlaglar

  • Ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynda sosial-ykdysady taýdan pes maşgalalardan bolan talyplara zyýan berýän korrupsiýa tejribelerine çäre görüp başlamak.
  • Hususy bilim edaralarynyň, şol sanda hususy uniwersitetleriň açylmasyna we ýöredilmesine ýol açmak.
  • Daşary ýurt diplomlaryna salnan çäklendirmeleri we daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçiliklerini çäklendirýän düzgünleri ýatyrmak.
  • Türkmenistanyň raýatlaryna okamaga rugsat berilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny ýatyrmak. Bu türkmenistanlylaryň bilim mümkinçiliklerini çäklendirýär.
  • Etraba we propiska esaslanýan bilim ulgamynda reforma geçirmek. Haýsy etrapda ýaşaýandygyna we nirede propiskada durandygyna garamazdan, ene-atalara Türkmenistanyň islendik ýerindäki mekdepde çagalaryny okatmaga rugsat bermek.
  • Ylmy barlaglardaky senzurany aýryp, Ylymlar akademiýasyny döwrebaplaşdyrmak we ylym-bilimiň erkin ýaýramasyna ýol açmak. Häzirki wagtda Türkmenistanda ylmy işler asla alnyp barylmaýar diýen ýaly.
  • Garaşsyz neşirýat öýleriniň bellige alynmasyna we dolandyrylmasyna rugsat bermek. Häzirki wagtda 6 million ilat üçin ýylda türkmen dilinde diňe 350 sany kitap neşir edilýär.
  • Daşary ýurtda bilim alan we işleýän raýatlary Türkmenistanda işlemäge, şol sanda ylmy barlaglary geçirmäge, mekdeplerde we ÝOJ-larda mugallymçylyk etmäge höweslendirmek we çagyrmak.

Howpsuzlyk hyzmatlary & polisiýa

  • Howpsuzlyk hyzmatlarynyň we polisiýanyň Türkmenistanyň raýatlarynyň ykdysady hereketlerine we sosial durmuşyna garyşmasyny we berk gözegçilik etmesini ýatyrmak.
  • Ýurtdaky sosial we ykdysady meseleler barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan edýän adamlary soraga çekmek we azar bermek tejribesini ýatyrmak.
  • Syýahat edýän raýatlara ýurda girip-çykanlarynda migrasiýa hyzmatlary tarapyndan azar berilmesini ýatyrmak.
  • Raýatlara anyk sebäbini düşündirmezden, daşary ýurda syýahat etmegi gadagan edýän gizlin sanawlaryň ýöredilmesini ýatyrmak.
  • Uly şäherleriň içindäki polisiýa gözegçilik nokatlaryny aýyrmak.
  • Howpsuzlyk hyzmatlary we polisiýa özlerine berlen ygtyýardan kanunsyz peýdalansalar ony raýatlaryň habar berip bilmesi üçin garaşsyz hereket edýän gyzgyn liniýany döretmek.

Harby gulluk

  • Erkek adamlar üçin iki ýyllyk mejbury harby gulluk borjunyň reformasyny başlatmak. Professional okuwlary we gowy aýlyklary hödürlemek arkaly, başarjaň işgärleri diňe meýletin görnüşde harby wezipelere çekmek.

Jemgyýetçilik hyzmatlary

  • Ähli hökümet edaralaryndaky korrupsiýany habar bermek üçin garaşsyz hereket edýän gyzgyn liniýany döretmek.
  • Hökümet bilen ilatyň arasynda ikitaraplaýyn aragatnaşygy ýola goýmak. Raýatlaryň sesleriniň eşidilmesi üçin, her bir hökümet edarasyndan ilatyň aladalanmalaryny, zerurlyklaryny we tekliplerini telefon we e-mail arkaly kabul etmegi, hasabyny ýöretmegi we jogap bermegi talap etmek. Ilatyň zerurlyklarynyň, aladalanmalarynyň we arzuw-niýetleriniň döwlet metbugatynda paýlaşylmagyna ýol açmak. Häzirki wagtda hökümet edaralary ilatyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny diňlemeýärler we jogaplamaýarlar. Şu wagt ilat hökümet edaralary bilen e-mailiň, telefonyň ýa-da websaýtlarynyň üsti bilen habarlaşyp bilmeýär.
  • Jemgyýetçilik hyzmatyndaky işgärlere düzgünler üçin jogapkärçilik çekmäge we ilata göni jogap bermäge rugsat bermek arkaly, jemgyýetçilik pudagyny döwrebaplaşdyrmak.
  • Ähli hökümet edaralaryna sprawkalary elektron görnüşde çykarmagy we websaýtlarynda elýeter etmegi buýurmak. Bu raýatlaryň gerekli resminamalary ýygnamak üçin wagt ýitirmekleriniň we hökümet işgärlerine para bermekleriniň öňüni alar.
  • Daşary ýurtlarda, şol sanda ABŞ-da we ÝB-da bilim alan ýaşlar üçin hökümet ministrliklerinde iş mümkinçiliklerini döretmek. Aç-açan, başarnygy ileri tutujy we bäsleşikli işe alyş prosesini ýola goýmak.

Zerur we esasy maglumatlaryň ilata elýeterligi

  • 2012-nji ýylyň Ilat Ýazuwynyň netijelerini aýan etmek.
  • COVID-19 statistikalaryny aýan etmek we ilata epidemiologik hasabatlary ýetirip durmak.
  • Möhüm we esasy ykdysady görkezijileri çap edip durmak. Meselem, inflýasiýa, işsizlik we garyplyk derejeleri.
  • Bütindünýä banky we Halkara pul gaznasy bilen görkezijileri we statistikalary paýlaşmak. Şeýle edilse, olar ýurt bilen aragatnaşyklaryny dikeldip bilerler. 2018-nji ýyldan bäri Bütindünýä banky we Halhara pul gaznasy ygtybarly maglumatlaryň kemçilik etmegi zerarly, Türkmenistany öz hasabatlaryna goşmaýarlar.

Azyk howpsuzlygy

  • Ilatyň kömege mätäç we pes-girdejili toparlaryna aýlyk azyk kömegini hödürlemek.
  • Ýurtda azyk howpsuzlygyny gazanmak üçin, daýhanlary esasy we zerur azyk önümlerini ýetişdirmäge höweslendirmek. Munuň üçin ekiniň görnüşine we gözegçiligine degişli kararlary bermäge erkinlik döretmek we daýhanlara çeken zähmetleri üçin has adalatly kompensasiýa tölemek.

Ýaşaýyş jaýlary

  • Gurluşyk maksatlary üçin ýaşaýyş jaýlary ýykylan adamlara ýerlikli hyzmatlaryň we kompensasiýanyň hödürlenendigini barlamak üçin garaşsyz komissiýa döretmek.
  • Raýatlara propiska kynçylyklaryna sezewar bolmazdan, ýurduň islendik ýerinde jaý satyn almaga we jaýa eýeçilik etmäge rugsat bermek.

Obalaryň ösüşi

  • Ýurduň oba ýerlerinde köçeleri we infrastrukturany ösdürmäge maýa goýmak.
  • Oba ýerleriniň ilatyna raýat toparlaryny we raýat başlangyçlaryny döretmek arkaly, öz ykdysady we sosial zerurlyklaryny beýan etmäge we olara çözgüt gözlemäge rugsat bermek.
  • Oba ýerlerindäki hojalyklar we ýaşlar üçin telekeçilik açmagy, dolandyrmagy we ýöretmegi, şeýle-de kredit almagy ýeňilleşdirmek. Bu maşgalalara eklenç etmäge we ýerli obadaşlary üçin iş mümkinçiliklerini döretmäge ýardam eder.

Oba-hojalygy

  • Mejbury zähmetiň we pes iş haklarynyň döremegine ýol açýan welaýat pagta we bugdaý planlaryny ýatyrmak.
  • Ekerançylyk meýdanlaryny hususylaşdyryp, daýhanlaryň has netijeli işlemegini gazanmak.
  • Daýhanlara nämäni, nirede we nähili ýetişdirmelidigini hem-de önümlerini kime we näçä satmalydygyny özbaşdak çözmäge erkinlik bermek.
  • Uly göwrümli kompaniýalar we ABŞ tarapyndan türkmen pagtasynyň importyna girizilen gadagançylygy ýatyrmak üçin, Halkara zähmet guramasy bilen konstruktiw aragatnaşygy dikeltmek we pagta senagatyndaky çaga zähmeti we mejbury zähmet meselelerine çäre gözlemek.

Raýat jemgyýetleri

  • Ýurduň içinde, esasan hem oba ýerlerinde bilim, sosial-ykdysady programmalary we hyzmatlary hödürlemek isleýän jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün edijileriň we raýat toparlarynyň başlangyçlarynyň kynçylyksyz bellige alynmasyna rugsat bermek.

Daşky gurşaw

  • Ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan gyssagly suw meselelerini gaýtadan derňemek we olara çäre görmäge täzeçe çemeleşmek.
  • Ýurduň ähli ýerinde amatly we arassa agyz suwuny elýeter etmek.
  • Ýurtda topragyň ýaramazlaşmasyny we çölleşmäni öwrenmek üçin komissiýa döretmek.
  • Türkmenistandaky uly göwrümli metan gazynyň syzmalaryny öwrenmek we haýal etmän azaltmak üçin, degişli ministrliklere türkmenistanly hem-de halkara ekspertlerden düzülen komissiýa döretmegi buýurmak.
  • Gazylyp alynýan ýangyja (gaz, nebit) bil baglaýan ykdysadyýetden daşlaşyp, durnukly we az uglerod bölüp çykarýan ykdysadyýete geçişi ölçemek, bahalandyrmak we teklip etmek üçin, türkmenistanly we halkara alymlardan düzülen komitet döretmek.

Progres.online analitiki onlaýn žurnaldyr. Progres ýokary hilli ylmy barlaglaryň we derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalaryna has içgin we aýdyň düşünmegi öňe sürýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: