Progres.Online

“Eşidýän hökümet” näme?

Postsowetistan podkastynyň “Eşidýan hökmet we syýasy partiýalar” epizodyndan alynan sitatalar.

Gepleşigiň myhmanlary ýakynda Özbegistanda wekilhana açan Şwesiýanyň “Merkezi Aziýa” jemgyýetiniň başlygy Pulat Ahunow we meşhur gazagystanly blogçy Rinat Balgabaýew. Gürrüňdeşligi alyp baran Daniýar Moldokan.

Soňky döwürde Gazagystanda, Özbegistanda häkimiýetler “eşitmäne ukyply hökümet” düşünjesini ulanyp başlady. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýyldaky ýüzlenmesinde: “Biziň wezipämiz raýatlaryň ähli konstruktiw isleglerine çalt we täsirli jogap berýän “eşidýän hökümet” düşünjesini durmuşa geçirmekdir. Diňe häkimiýetler bilen jemgyýetiň arasyndaky yzygiderli gepleşik arkaly, häzirki zaman geosyýasatynyň çäginde sazlaşykly döwlet gurlup bilner. Şonuň üçin raýat jemgyýetini goldamak we berkitmek üçin, raýat jemgyýetini möhüm milli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda çagyrmak zerurdyr”.

Özbegistanda we Gazagystanda täze liderler jemgyýeti öz kynçylyklary barada habar bermäge çagyryp başladylar, olar ilaty “eşitjekdiklerine” söz berdiler. Emma hökümet hakykatdanam bizi eşidýärmi ýa-da “diňlän bolýan ýaly” özüni alyp barýarmy? Umuman munuň üçin taryhda synagdan geçen demokratik, wekilçilikli instituty bar – syýasy partiýalar. Näme gerek şeýle emeli çäreler?

“Eşidýän hökümetiň” wezipesi näme we ony Merkezi Asiýa ýurtlarynda nädip durmuşa geçirip bolar?

Pulat Ahunow

Meniň düşünişime görä, Özbegistanda “eşidýän hökümeti” jemgyýetiň nägileliginiň öňüni almak üçin ulanylýar. Özbegistanda “eşidýan hökümeti” nädip düzdüler? Prezidentiň öz portalyny, saýtyny açandygyny, her kim şol ýere ýüz tutup biler diýip yglan edildi. Ilkinji birnäçe aýda bu mesele bilen baglanyşykly köp tolgunma boldy ýöne soň hemme zat kadaly ýagdaýa geldi we ilatyň haýyşlaryna hiç kim jogap bermedi. Ulgamyň düýp manysy şol bir bolmagynda galýar – rezim we basyş. Döwlet halk üçin däl-de, halk döwlet üçin bar diýip hasaplaýarlar. Häkimiýetleriň şu ýörelgäni ulanýandyklary sebäpli, döwlet hiç haçan halky eşitmez. Men şeýle pikir edýärin.

Gazagystanda-da, Özbegistanda-da hökümetiň üýtgändigini görýäris. Täze güýçler bilen täze adamlar geldi. Häkimiýet başyndaky adamlar hakda näme aýdyp bilersiňiz? Bu täze güýjüň daşky gurşawy barada näme aýdyp bilersiňiz? Adamlar döwlet üçin işlemäge ruhlanýarlarmy? Olar bu üýtgeşmä nähili garaýarlar?

Pulat Ahunow

Özbegistanda hökümetiň üýtgemeginiň netijesinde hakykatdanam begenç joşguny döredi, döwletiň ýolbaşçylygyna täze prezident geldi, ol halkyň arzuwlaryny durmuşa geçirmegini wada berdi. Halkda uly höwes bardy. Mirziýoýewiň, şol sanda Günbatarda-da goldawy gaty uludy we şol ýyllarda beren wadalaryna we reformalaryna özüm hem goldaw berdim. Emma bu wadalaryň hemmesini durmuşa geçirmek üçin wagt geldi. Soň bolsa sistema işlemän başlady, sebäbi Gazagystanda nähilidigni bilemok, ýöne Özbegistanda ýerli dolandyryş ulgamy üýtgemedi. Karimowyň döwründäki adamlar işleýärdi. Bularyň hemmesi prezidentiň kabul eden ajaýyp kararlarynyň hakykatda ýerine ýetirilmeýändigine sebäp boldy we netijede “adamlar aldanýarlar” diýen düşünje döredi. Prezident bir zat aýdýar, durmuşda hiç zat üýtgemeýär we häzirki wagtda Özbegistanyň hemme ýerinde adamlar aýdylynýnlara ýalan, boş wadalar diýýärler. Özbegistanda ilat lapykeç bolýar sebäbi prezidentiň yglan eden we halkyň garaşýan beýik özgertmeleri adaty bir adamyň öz gözleri bilen görüp we “Hawa, meniň durmuşym üýtgedi” diýip aýdyp biljek reforma öwrülmedi.

Pulat, adamlarymyz awtoritar döwlet berk çäreler arkaly çalt netijelere ýetip bilýändigini pikir etmäge öwrenişdi. Özbegistanyň awtoritar döwletdigini we prezidentiň kararlaryny durmuşa geçirmek üçin serişdeleriň we güýjüň bardygyny bilýäris. Welaýatlarda prezidentiň käbir habarlarynyň ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarsyňyz. Käbir büýruklara ähmiýet berilmeýär. Munuň näme üçin bolup geçýändigini düşündirip bilersiňizmi?

Bu ýerdäki mesele hemişeki ýaly işgärleriň meselesi. Täze pikirli prezidentimiz bar. Prezidentiň töwereginde, prezident administrasiýasynda, ýurda zerur bolan gaty gowy pikirli, reformalary başlaýan adamlar bar. Emma prezidentiň töweregindäki gatlak ullakan býurokratiýadan ybarat. Olar [wezipeli adamlar, býurokratlar] bu reformalary kabul etmeýärler, olaryň pikirleri üýtgemedi. Häkimiýetler henizem halkyň özüni dolandyrmaga we halkyň öz durmuşyny özi gowulaşdyrma bilen meşgullanmagyna ýol bermeli däldigine ynanýarlar. Köneçil, köne çemeleşme dowam edýär. Halkyň özlerini gatnaşdyrman bir zat etjek bolýarlar. Netijede, hemme zat ýalana öwrülýär.

Prezident toparynyň ajaýyp reformalaryny durmuşa geçirmek barada aýdylanda, bu özgertmeleri durmuşa geçirmeli adamlar muny amala aşyryp bilmeýärler, sebäbi Karimowyň döwründen bäri dowam edip gelýän pikirleniş usulyny dowam edýärler. Bu bolsa Mirziýoýewiň reformalaryna böwet boldy – reformada täze adamlar ýer tapmady.

PR geňeşçisi we blogçy Rinat Balgabaýew Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň özgertmeleri barada öz pikirini aýdýar. Tokaýewiň sözleri gelejege döreden umytlara garamazdan, soňky parlament saýlawlary Nazarbaýewiň döwründen kän bir tapawutlanmady. Hökümetçi partiýa Nur Otan ýene ýeňiji boldy we ondan hakyky üýtgeşmelere garaşyp bolmaz ýaly görünýär.

Rinat, Gazagystanyň kontekstinda “eşidýän hökümet” düşünjesi barada näme pikir edýärsiňiz?

Rinat Balgabaýew

Bu düşünje ýok diýen ýaly. Diňe käwagtlar sosial ulgamlarynda ilat tarapyndan goh döredilende häkimiýetler muňa reaksiýa bildirýärler. Mysal üçin, adamlar käbir seslenme döreden wakalar, käbir hadysalar, adatdan daşary ýagdaýlar barada işjeň pikir alyşýarlar, soň bolsa prezident öz Twitter hasabynda bu mesele boýunça öz kararyny yglan edýär ýa-da bu meseläniň çözülmegi üçin görkezmeler berýär. Bu biziň görüp ýa-da düşünip biljek ýeke-täk zadymyz.

 Raýatlaryň arzalaryny kabul etmek boýunça kömekçi bellendi. Indi onlaýn arzalary kanunlaşdyryljak ýaly. Bularyň hemmesi “eşidýän hökümetiň” elementleridir, emma olar has deklaratiw mana eýe, göz üçin edilýär. “Eşidýan hökümetiň” şeýle edip durmuşa geçirilmegi bir oýlanşyksyz, alňasamak herekete meňzeýär. Meselem, soňky günlerde, aýallara garşy, maşgaladaky zorluga garşy kanun internetde gyzgalaňly ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu kanundan nägile bolan aktiwistleriň käbiri kanunda kemçilikleri tapdy we prezidenti bu kanuny ýatyrmaga mejbur etdiler. Ol [kanun] gaty zerurdy, şeýle hereketler maňa manysyz görünýär. Adamlaryň kanuna näme üçin garşy çykýandyklary, näme üçin kanuny halamaýandyklaryna düşünmediler. “Eşidýän hökümetiň” şeýle şekilde durmuşa geçirilmegi meni gynandyrýar. Bu bir “mikromanagement” dolandyryş usuly ýaly görünýär.

Bilýärsiňizmi, şu ýagdaý bir adam iti depende, prezident Twitter hasabynda: “Itleri gorarys, itleri depmek bolmaýar!” diýip ýazmagyna meňzeýär. Prezident beýle meseleleri çözmeli däldir. Döwletde hemme zadyň işläp durmagy üçin işler institusional derejede ýola goýulamaly. Prezident bu ownuk-uşak zatlara ünsüni sowmaly däl.

Cезон 3. Власть и общество в Центральной Азии. Эпизод 2. Слышащее государство или политические партии

Виртуальная приемная Президента Республики Узбекистан Ш.М. Мирзиёева

Пулат Ахунов

Ринат Балгабаев

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: