Progres.Online

Raýat jemgyýetsiz durnukly ösüş mümkinmi?

Islendik jemgyýetdäki adamlaryň durmuşyny gyzykly edýän, oňa öwüşgin berýän faktorlaryň biri – jemgyýetiň adaty raýatalarynyň öz durmuşlaryna gatnaşmagydyr. Ýygnanmak azatlygy pikirdeş adamlaryň aňsatlyk bilen ýygnanyp, raýatlaryň inisiatiwasyny ýöredip bilmegi bilen kesgitlenýär. Islendik ýurtda jemgyýetçilik guramalaryň sany, işleriniň hili we täsiri – bu jemgyýetçilik ýaşaýşynyň pulsydyr. Jemgyýetçilik guramalaryň az ýa-da ýok bolan ýerinde durmuşy “ýata suwa” meňzedip bolar.

Türkmenistanlylaryň söňky nesli bu guramalar barada hiç zat bilmän ýetişdiler ýa-da bilselerem diňe “jemgyýetçilik guramalaryň ählisi syýasy guramalar we elmydama rezime garşy çykýar” diýen ýalňyş we ýöntem düşünje bilen ýetişdiler. Bu gaty gynançly ýagdaý. Sebäbi düşünjämiz başgarak bolan bolsa ýollarymyz gowylanardy, çagalarymyza oýnamana obalarda we şäher ýerde döwrebap meýdançlar bolardy, türkmen dilinde okamana gyzykly kitaplar, gazet-zurnallar bolardy we boş wagtymyzy poeziýa, kitap, sungat we küşt soýüjüleriň klublarynda wagtymyzy peýdaly geçirerdik. Türkmenistandan raýat jemgyýetiniň bolmazlygy “döwlet maňa borçly”, “elimden gelýän zat ýok, ähli zat bilen meni döwlet üpjün etmeli” sowet döwründen gelýän mentalitetyny has hem patologiki derejä ýetirdi.

Jemgyýetçilik guramalaryny biznesden tapawutlandyrýan iň esasy alamatyň biri raýat, jemgyýetçilik guramalar, programmalar, inisiasiwalar girdeji almak üçin başlanmaýar. Olar anyk bir durmuşy meseläni çözmek üçin açylýar – meselem, jemgyýetde ilatyň dürli gatlaklaryna sungat, edebiýat barada bilim bermek, dürli ýaşdaky toparlara bilim, saglyk hyzmatlarynynyň elýeterliligini, hilini, bahasyny gowylandyrmak, ýaşaýyş ýerleriniň kommunal hyzmatlaryny gowylandyrmak ýaly işler, maksatlar göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda birnäçe garaşsyz jemgyýetçilik guramalary dürli ugurlarda (bilim, saglyk, ekologiýa) aktiw iş alyp barýardylar, olaryň ählisi syýasy sebäplere görä işlerini togtatmaly boldular. Şeýlelik bilen, jemgyýetiň öz durmuşuna konstruktiw ýagdaýda gatnaşmak meýillerine ähli mümkinçilikler ýok edildi. Şu wagt Türkmenistanda jemgyýetçilik guramalary barada we olaryň işleri barada maglumatlar döwlet mediasynda çap edilenok. Olar aram-aram dürli maglumatlar kampaniýalaryny, ilatyň ejiz gatlaklaryna (garyplara, keselli adamlara, pensionerlere) kömek bermek kampaniýalaryny gurnaýarlar. Ýurtdaky raýat guramalary barada gaty az adam bilýär.

Türkmenistanda näçe sany we nähili jemgyýetçilik guramalary bar?

 ICNL guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda bary ýogy 100 golaý jemgyýetçilik guramasy hasaba alynan. Meselem, ilat sany 6 million adama golaý ilaty bolan Merkezi Aziýa sebitindäki Gyrgyzstan we Täjigistan ýaly ýurtlarda bu san onlarça esse köpdür. Gyrgyzstanda registrasiýa edilen jemgyýetçilik guramalarynyň sany 8,000-12,000 töwerek diýip çaklanylýar. Olaryň 500-600 sanysy aktiw derejede işleýärler we döwlete her aýda hasabat berip durýarlar. Täjigistandaky registrasiýa edilen jemgyýetçilik guramalaryň sany hem 2,500 ýakyn diýip çaklanylýar we olaryň 600-800 sanysy aktiw işjeňlik görkezýär.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň portalynda (indi açylanok) diňe Aşgabatda 11 sany, Maryda 2 sany iş alyp barýan guramalar barada maglumat berilýär. Bu web sahypanyň domeýny 2021-nji ýylyň 23-nji noýabrynda möhleti dolupdyr we heniz täzelenmändir. Bu guramalaryň ählisi 2014-nji ýyldan öň registrasiýa geçen guramalar. Maglumatlar diňe rus dilinde berilýär, portalyň käbir sahypalary “başlanan we taşlanan işe” meňzeýär we täzelenmedik. Täze jemgyýetçilik guramalaryň hasaba alynyşy, registrasiýa geçmegiň tertibi barada hiç hili maglumat berilmeýär. Portalyň haýsy gurama tarapyndan döredilendigi we iş alyp barýandygy barada anyk maglumat berilmeýär ýöne saýtyň käbir sahypalaryndan çen tutulsa UNDP Türkmenistan guramasy saýtyň eýesi ýaly çykyş edýär.

Türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalary esasan şu toparlara bölünýär:

  • Döwlet tarapyndan döredilýan we maliýleşdirilýan guramalar. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşigini, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny, Kärdeşler Arkalaşyklary, Tebigaty goramak jemgyýeti ýaly guramalary mysal getirip bolar. Bu guramalar öz häsiýeti we işleri boýunça kommunistik döwrüniň uly, syýasy propaganda guramalary ýaly iş alyp barýarlar.
  • Klublara (Maýyplaryň sport kluby, Alpinistleriň kluby), professional toparlaryna (Gitaraçylar jemgyýeti, Bugalterleriň birleşmesi) we kän ugurlar boýunça missiýasy kesgitlenilen “Ýeňme” we “Keýik Okara” ýaly guramalara Türkmenistanyň çäginde döwlet tarapyndan halkara guramalarynyň maliýe goldawyny almaga rugsat berilen.
  • Medreseler we buthanalar ýaly dini guramalar, birleşmeler barada hiç ýerde maglumat tapyp bolanok. Bu guramalar hem kanuna görä jemgýetçilik guramalary hasaplanýar.

Ýygnanmak azatlygy durmuşda

Türkmenistanyň Konstitusiýasy erkin ýygnanmak azatlygyny göz öňünde tutsa-da, hökümet bu hukugy iş ýüzünde çäklendirýär.

“Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär” (43-nji madda).

Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar” (44-nji madda).

2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” kanun kabul edildi. 2017, 2020 we 2021-nji ýyllarda bu kanunyň V we VI-njy baplaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Ýöne bu kanun ýurtdaky jemgyýetçilik birleşikleriniň işine degişli çäklendirmeleri aýyrmady. Bu kanuna görä: Jemgyýetçilik birleşigi – bu, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen, jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda beýan edilen umumy maksatlary durmuşa geçirmek üçin bähbitleriň umumylygy esasynda birleşen meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl birikmedir” (1-nji madda).

Talaplar, cäklendirmeler

Synçylar Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň döremegine we işlemegine birnäçe iri päsgelçilikleriň bardygyny belleýärler. Milli kanun daşary ýurt kömegini hasaba almak üçin anyk bir düzgüniň bardygyny aýtsa-da, jemgyýetçilik guramalary şeýle hasaba alynmagyny talap edýän 2014-nji ýylyň karary boýunça daşary ýurt maliýe kömegini bellige almakda kynçylyk çekýärler. Bularyň arasynda Adalat ministrligine birleşigiň çärelerine we ýygnaklaryna öz wekillerini ibermäge rugsat berýän düzgünler we guramalaryň ähli meýilnamalaşdyrylan işleri barada hökümete öňünden habar berýän talaplar bar. Türkmenistanda jemgyýetçilik guramalaryna maddy goldaw berýan döwlet we hususy gaznalary ýokdur.

Kanuna laýyklykda ähli jemgyýetçilik guramalaryndan Adalat ministrliginde hasaba alynmagy we Daşary işler ministrliginiň üsti bilen ähli daşary ýurt kömeginiň registrasiýasyny talap edýär. Hasaba alynmadyk jemgyýetçilik guramalary jerime, gysga möhletli tussaglyk we emläk konfiskasiýasy bilen jezalandyrylýar.

USAID guramasyny görä, ýurduň kiçi raýat jemgyýetçilik pudagy halkara derejede geçýän çärelere gatnaşdyrylanok. Halkara guramalary bellige alnan jemgyýetçilik guramalarynyň diňe az sanlysyny “garaşsyz” diýip hasaplaýar. Jemgyýetçilik guramalary hökümetiň bellige alynmaga (registrasiýa) synanyşýan jemgyýetçilik guramalaryna birnäçe administratiw päsgelçilik döredendigini habar berýärler. Häkimiýetler tehniki sebäplere görä käbir arzalary birnäçe gezek ret etdiler. Hasaba alynmagyna garaşýan käbir toparlar beýleki hasaba alnan toparlaryň golçur kärhanalary, ýa-da biznes hökmünde hasaba alynmak ýaly çäreleri amala aşyrmagyň alternatiw usullaryny tapdylar, beýlekileri bolsa işini wagtlaýyn togtatdy ýa-da çäklendirdi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: