Progres.Online

Nagt pulamy ýa-da kart bilen?

Türkmenistanda ilatyň diňe 2%-i online söwda amala aşyrýar. Türkmen banklary onlaýn töleg hyzmatlaryny açdyrmak isleýän telekeçilere ýeňillik döretjekdigini aýdýarlar. Banklar onlaýn hyzmaty goýmakda kömek etmäge taýýar bolmaklaryna garamazdan, uly hususy söwda portallarynyň hiç birisi online töleg sistemasyny ýerleşdirmändir. 2017-nji ýylda Merkezi Aziýada ilatyň bank kartlaryny ulanmak derejesi Gazagstanda 59%, Täjigistanda 47%, Türkmenistanda 41%, Gyrgyzstanda 40% we Özbegistanda 37%. Bank kartyny ulanmaýanlaryň 30%-i oňa sebäp hökmünde banklara ynanmaýandyklaryny aýdypdyrlar.

Moody’s guramasynyň hasabatyna görä, debit we kredit kard ulanyşygy netijesinde bütindünýä JIÖ-ni 2008-2012-nji ýyllar arasynda 983 milliard USD mukdarynda artypdyr we 1.9 million sany täze iş ýerleri döräpdir. Onlaýn hyzmatlaryň sanynyň artmagy netijesinde täze magazinlar, hyzmatlar açylýar, harytlar öndürilýär we täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýär. Debit we kredit kard ulanyşygy netijesinde transaksiýa bahalary azalypdyr, aýdyňlygy ýokarlandyrypdyr we harytlaryň, hyzmatlaryň akymynyň netijeliligini artdyrypdyr. Debit we kredit kard ulanylmagy müşderileriň pul sowmak mukdaryny Hytaýda 4,89%, Çilide 1,28% we Braziliýada 1,15% artdyrypdyr. Barlagyň ýene bir netijesi, bank kartlarynyň ulanyşygynyň her 1% artyşy netijesinde müşderileriň sarp edijiligi/pul sowmagy 0,056% ýokarlanýan eken. Bu hekeretleriň hemmesi bolsa ykdysadyýetiň ösmegi üçin örän wajypdyr.

Adaty raýatlar we telekeçiler üçin pullaryny bank hasaplarynda saklamak has howpsyzdyr.

Pul serişdeleri nagt görnüşinde saklanylanda puly ýitirmek we ogurlatmak ýaly töwekgelçilikler bolup bilýär. Şeýle hem, näçe köp adam pullaryny bankda saklasa, şonça hem ýurtda pul aýlanşygynyň döwrebap analizini etmek mümkinçiligi artýar. Müşderileriň hasaplaryndaky pullary banklar ulanyp, karz berip, maýa goýum edip, ykdysadyýetiň ösmegine getirip bilýär.

Türkmenistan

Türkmenistanda bank kartyny ulanmak isleýänler üçin banklar tarapyndan birnäçe görnüşli kartlar hödürlenilýär. Olaryň iň ýörgünli görnüşleri: aýlyk karty, goýum bank karty, karz karty, maşgala karty we telekeçi karty. Türkmenistanyň kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2021-nji ýylyň fewralynda 4,4 milliona ýetipdir. Şeýle hem, ýurtdaky “Internet bank” hyzmatyny birikdiren müşderileriň sany 634 müňe we “Mobil bank” hyzmatyny birikdirenleriň sany bolsa 28 müňe ýetipdir. Ýurtda ilat arasynda iň köp ullanylýanlary aýlyk we goýum kartlarydyr.

Geliň olara ýakyndan seredeliň.

Türkmenistanyň içinde ulanylýan aýlyk we goýum kartlarynda VISA we Mastercard belgileri ýok we bu kartlary diňe ýurduň çäginde ulanyp bolýar. Daşary ýurtda ulanmak niýeti bilen açylýan kartlarda VISA we Mastercard belgileri bolýar we ol kartlaryň içine Türkmenistanda pul salyp, daşary ýurtda ulanyp bolýar. Ýöne bu kartlara pul salmakda we pul çekmekde birnäçe çäklendirmeler bolýar we daşary ýurtda 1 aýyň dowamynda diňe 250 ABŞ dollaryna çenli pul çekip we ulanyp bolýar.

Aýlyk kartlary: Türkmenistanyň çäginde döwlet we hususy pudaklarynda işleýän adamlaryň hemmesinde hökmany şertde aýlyk karty bolmaly we işgärleriň aýlyklary karta geçirilýär. Magazinlarda söwda edilende bu kartlaryň kömegi bilen nagt däl şeklinde töleg edip bolýar. Şeýle hem talyp haklary, pensiýalar we çaga pullary hem bu kartlara geçirilýär. Kartdaky puly nagt şekilde çekmek üçin bankomatlardan her gün iň köp 800 manat çekip bolýar. Bu karta nagt şekilde bankomatdan pul goýup bolmaýar we başga adamlara pul ugradyp bolmaýar. Bu kartlara daşary ýurtdan pul kabul edip/iberip bolmaýar.

Goýum kartlary: bu kartlaryň aýlyk kartlaryndan esasy tapawudy nagt şekilde çäksiz möçberde karta pul goýup bolýar we gerek wagtynda bankdaky kassadan islendik mukdarda nagt şekilde puly çekip bolýar. Şeýle hem, kartda pul saklaýanyňyz üçin ol ýerdäki umumy mukdardan ýyllyk 6% möçberinde bonus pul beriler. Bu kartlaryň kömegi bilen onlaýn söwdä hem edip bolýar.

Onlaýn söwdanyň peýdalary

Birinjiden, müşderiler üçin öýlerinde oturan ýerlerinden haryt sargamagyň amatlygy. Şeýle hyzmatlar, 2020-nji ýyldan bäri dowam edýän pandemiýanyň netijesinde girizilen hereket çäklendirmelerinde peýdasy uly boldy. Ikinjiden, kiçi telekeçileriň hem aktam.info, dostawka.bar we tmcars.info ýaly uly platformalarda harytlaryny satmaga mümkinçilikleri bolýar. Şeýle hem, onlaýn hyzmatlaryň elýeterli bolmagy netijesinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýol açylýar.

Türkmenistandaky banklaryň köpüsi internet-bank hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlara hasap açyp berýärler. Onuň üçin banklaryň saýtyna girip, göni şo ýerden pasport we bank maglumatlaryňyzy girizip, hasabata durmak arkaly açdyrmak mümkin. Bu kartlaryň kömegi bilen müşderiler Wifi tölegi, telefonona pul salmak, PÝGG üçin jerimeleri tölemek, gazet-žurnallara abuna bolmak, demir we howaýollaryndan petek satyn almak we käbir onlaýn portallarynda harytlara tölemek ýaly mümkinçilikleri berýär.

Muňa garamazdan, Datareportal saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ilatyň diňe 2%-i online söwda we töleg amala aşyrýar. Türkmen banklarynyň habar bermegine görä, onlaýn töleg hyzmatlaryny açdyrmak isleýän telekeçilere ýeňillik döretjekdiklerini aýdýarlar.

Onlaýn magazinlar müşderilere onlaýn töleg mümkinçiligini hödürleýärmikä?

Ýurtda iň uly onlaýn magazin bolan gipertm.com saýtynda onlaýn töleg ýa-da terminal arkaly tölemek mümkinçilikleri berilmeýär we diňe nagt şekilde pul kabul edilýär. Ýene bir uly internet magazin bolan ynamdar.com saýdyna girdik. Ol ýerde bank arkaly onlaýn töleg ýola goýulmandyr, ýöne terminallar arkaly we Rysgal Pay üsti bilen QR kod arkaly tölegleri kabul edýärler.

Şeýle hem biz Aktam.info we Dostawka.bar online magazinlaryny barladyk we bularda nagt we terminal arkaly töleg edip bolýar, ýöne online töleg mümkinçiligi ýok. Banklar onlaýn hyzmaty goýmakda kömek etmäge taýýar bolmaklaryna garamazdan, uly hususy söwda portallarynyň hiç birisi online töleg sistemasyny entäk ýerleşdirmändir. Oňa sebäp hökmünde puly onlaýn kabul edilensoň, telekeçileriň pullaryny banklardan nagtlaşdyrmakda  kynçylyk çekýändikleri aýdylýar.

Gazagstanda ýagdaýlar nähili?

Gazagstanda bank kartlarynyň sany 2018-nji ýylda 21 milliona ýetipdir we bu ýurtda 18 milliona ýeten ilat sanyndan hem köpdür. Ýurtda kredit kart ulanýanlaryň sany 5,3 million we iş bazarynda aktiw bolan adamlaryň sany 9,2 million adamdyr. Ýagny, işleýän adamlaryň diňe 58%-i kredit kart ulanýar.

Dünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyl boýunça Merkezi Aziýada bank kartyny ulanmak derejesi Gazagstanda 59%, Täjigistanda 47%, Türkmenistanda 41%, Gyrgyzstanda 40% we Özbegistanda 37%. Bank kartyny ulanmaýanlaryň 30%-i oňa sebäp hökmünde banklara ynanmaýandyklaryny aýdypdyrlar.

Jemläp aýdanymyzda, bank hasaplary müşderiler üçin howpsuz we amatly şekilde pullaryny saklamaga we onlaýn söwda etmäge mümkinçilik döredýär. Şol sebäpden Türkmen banklarynyň raýatlara we telekeçilere aňsat şekilde hasap açmaga mümkinçilik döretmegi, banklara bolan ynamy artdyrmagy we onlaýn töleg sistemasyny ösdürmegi diýseň wajypdyr. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetiň durnukly we döwrebap ösmegi üçin zerurdyr.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: