Progres.Online

Düşündiriş: Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy

2022-nji ýylda Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirer. Şuny nazara almak bilen, geliň ilat ýazuwynyň nämedigine, näme üçin seniň oňa gatnaşasyň gelmeginiň mümkindigine we, eger netijeli geçirlen ýagdaýynda, onuň seň durmuşuňa nähili peýdaly bolup biljekdigine göz aýlap geçeliň.

Ilat ýazuwy näme? Kim hasaba alynýar? Ilat ýazuwynda nähili görnüşli soraglar berilýär? Ilat ýazuwa men hem gatnaşmalymy? Ilat ýazuwyny geçirmek üçin kim jogapkär? Ilat ýazuwyny kim maliýeleşdirýär? Soňky ilat ýazuwynyň maglumatlaryny görüp bilýärinmi? Meniň şahsy maglumatlarym goralýarmy? Ilat ýazuwy näme üçin gerek we bize onuň näme gowy tarapy bar?

ILAT ÝAZUWY NÄME?

Ilat ýazuwyny geçirmegiň biziň eramyzdan öňki 4000-nji ýyla çenli uzap gidýän taryhy bardyr. Şol döwürlerde wawilonlar öz ilatyna näçe mukdarda iýmit bilen üpjün etmegi anyklamak üçin ilat ýazuwyny ulanypdyrlar, şol bir wagtda müsürliler bolsa piramidalary gurmak üçin näçe iş güýjüniň zerurlygyny çözmek üçin ilat ýazuwdan peýdalanypdyrlar. Soňra Rim imperiýasy kime salgyt salynmaly we harby gulluga çekilmelidigini anyklamak üçin ilat ýazuwyny ulanypdyrlar. Şonuň üçin köplenç halatlarda adamlar ýalan maglumatlary beripdirler.

Taryhy ýazuw ilatyň anyk toparlaryna gönükdirilen bolsa, häzirki zaman ýazuwy belli bir çägiň içinde hemmeleri hasaba alýar. Mundan başga-da, ýazuwyň maksady ilatyň häsiýetlerini, esasy gurluşyny we jemgyýetiniň niýetini öwrenmege öwrüldi.

Ilat ýazuwy bu seni, seniň maşgalaňy we seniň öýüňi resmi taýdan hasaba almakdyr. Ol türkmen jemgyýetiniň we onuň ýaşaýyş derejesiniň döwrebap we jikme-jik şekili bilen üpjün edýär. Ýazuw sowalnama görnüşinde geçirilýär we onda ýörite taýýarlyklary bolan hasaplaýjylar öýme-öý aýlanyp maglumat ýygnaýarlar. Sowalnamalar arkaly ýygnalan jogaplar geçen gezekki geçirilen ýazuwdan soňky üýtgeşmeleri görkezmelidir.

KIM HASABA ALYNÝAR?

Bu prosesde Türkmenistanda kanuny esasda ýaşap ýören daşary ýurt raýatlary we soňky geçirilen ýazuwdan soň ýurtdan giden Türkmenstanyň raýatlary hasaba alynýar. Soňky maglumatlar daşarky migrasiýanyň derejesini we Türkmenistanyň ilatynyň hakyky sanyny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Şunlukda, eger sen hatda daşary ýurtda okap, işläp ýören ýa-da göçüp giden bolsaň hem, seniň heniz hem Türkmenistanda ýaşap ýören maşgala agzalaryňdan sen barada maglumat bermegi soralýar. Mundan başga-da, soňky ýazuwdan soň ähli täze dogan çagalar we ölen adamlar hem hasaba alynýar.

Her birini sanamak, ýagny hasaba amak diýmek hakykatdan hem her bir adam bilen gürleşik geçirmek diýmegi aňladanok. Seniň maşgala agzaň ýa-da eneň-ataň sen barada maglumat berip bilýär.

ILAT ÝAZUWYNDA NÄHILI GÖRNÜŞLI SORAGLAR BERILÝÄR?

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuw döwründe berilýän soraglar milli ileri tutmalara we ýazuwyň maksadyna bagly bolup durýar. Etniki degişlilik, ene dili ýa-da din ýaly etnomedeni häsiýetler syýasy taýdan duýgur, ýagny gapma-garşylykly bolup biler. Eger ýurt şeýle soraglary ýazuwa girizmegi karar etse, onda olar respondentlere, ýagny jogap berijilere, özleriniň maglumatlarynyň goragly boljakdygyny we başga taraplara aýan edilmejekdigine göz ýetirtmelidir. Onuň alternatiw görnüşi hökmünde, ýurt şeýle maglumatlary meýletin esasda ýygnamagy hem saýlap biler. Şeýle hem, Türkmenistanyň ýagdaýynda “taýpa-tirä degişlilik” ýaly anyk temalara milli duýgurlygy ýüze çykmagy mümkin.

 BMG-niň maglumatlaryna görä, ýazuwyň soraglary saňa we seniň maşgalaňa degişlidir – demografiýa, çaga dogluşy we ölüm sany, bilim derejesi, ykdysady işjeňlik, geografiki ýerleşişi we migrasiýa derejesi, şeýle hem ýaşaýyş jaýyň – eýeçiligiň görnüşi, otaglaryň sany ýa-da suwa we elektrik toguna bolan elýeterlilik.

ILAT ÝAZUWA MEN HEM GATNAŞMALYMY?

Käbir ABŞ ýaly ýurtlarda, adalatly syýasy wekilligi üpjün etmek maksady bilen konstitusiýa ýazuwyň her 10 ýyldan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistanda ilat ýazuwy konstitusiýa goşulanok, emma onuň gurnalmagy ýurduň Prezidentiniň karary bilen amala aşyrylýar. 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda 410 belgili karara gol çekdi. Bu karar Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasy” atly Kararnamasy ugrunda edilýän tagalla bolup durýar.

Şeýle hem maglumatlary, şol bir sanda ýazuwdan alynýan maglumatlary, ýygnamagyň, seljermegiň we ýaýratmagyň esasy kadalaryny düzýän “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanuny bar. Bu kanunyň 27-nji maddasy ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyna gatnaşmaga we şeýe hem dogry malumatlary we olary öz wagtynda bergmäge Türkmenistanyň raýatlaryny borçlandyrýar. Şu Kanunyň talaplaryny bozan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekilýärler (28-nji madda).

ILAT ÝAZUWYNY GEÇIRMEK ÜÇIN KIM JOGAPKÄR?

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ilat ýazuwyny geçirmegiň umumy ugruny kesgitleýär we onuň ýurduň syýasy ileri tutmalaryna laýyklygyny üpjün edýär. Ol ýazuwyň görnüşini, senesini we dowamlylygyny çözýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bu prosesi utgaşdyrmak, maglumatlary ýygnamagyň, seljermegiň we ýaýratmagyň strategiýasyny we görnüşini işläp düzmäge jogapkär bolup durýar.

Maglumatlar 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-27-si aralygynda 11 günüň dowamynda ýygnalar. Bütin ýurt boýunça 20 müňe golaý hasaplaýjylar bolar. Ortaça her bir hasaplaýjy şäher ýerlerinde 320 adam, oba ýerlerinde bolsa 350 adamdan sowal soraşarlar. Aşakda görkezilen tablisa ilat ýazuwyna taýýarlygyň we ony geçirmegiň hem-de onuň netijelerini ýaýratmagyň möhletlerini görkezýär.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy

Awtor tarapyndan taýýarlanan. Çeşme.

ILAT ÝAZUWYNY KIM MALIÝELEŞDIRÝÄR?

Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmegiň bahasy döwlet býujetinden tölenýär. Ýazuw geçirmek ep-esli maliýe goýumlary, jikme-jik meýilleşdirmegi we ýerine ýetirmegi, amaly endikleri we gowy taýýarlanan işgärleri talap edýäni üçin, ol köp ýurtlarda 10 ýyldan bir sapar geçirilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň hökümeti geljekki 2022-nji ýylyň ilat ýazuwynda statistiki maglumatlary ýygnamak, işlemek we seljermek üçin sanly gurallary ulanmagy meýilleşdirýär. Resmi habarlara görä şeýle hem täze SapSanaw atly programma döredildi. Bu programma ýazuwyň maglumatlary ýygnamakda we işlemekde ýeňillik döretmäge we awtomatlaşdyrmaga ýardam berer. Programmany işläp düzen Türkmenistanyň Oguz han adyndaki Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwlet Otuzow. Ady agzalan programma maglumatlary ýygnamak we seljermek üçin sarp edilýän wagty we pul serişdelerini ep-esli azaltmaga, şeýle hem kagyzy ulanmagy kemeltmäge kömek eder. Ýöne şeýle-de bolsa, bu tehnologiýany nähili ulanmalydygyny we ol bilen nähili maglumatlary ýygnamalydygyny bilýän oňat taýýarlanan adamlar hem gerek bolar.

SOŇKY ILAT ÝAZUWYNYŇ MAGLUMATLARYNY GÖRÜP BILÝÄRINMI?

“Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda, döwlet statistika edaralary peýdalanyjylary (Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary) jemleýji statistik habarlar bilen bellenilen tertipde üpjün etmäge we peýdalanyjylary şeýle habarlara elýeterliligi üpjün etmäge borçludyr. Şeýle hem şu kanunyň 26-njy maddasy respondentlere döwlet statistika edaralarynda bolan statistik habarlardan bellenilen tertipde peýdalanmaga haklydyklaryny kepillendirýär.

Özüniň garaşsyzlygyny gazanandan soň Türkmenistan 1995-nji we 2012-nji ýyllarda ilatyň ýazuwyny geçirdi. Emma, 2012-nji ýylda geçirilen ýazuwyň netijeleri entek hem aýan edilenok. 2022-nji ýylyň ýazuwynyň halkara ähmiýeti bar, çünki ol durnukly ösüş maksatlaryna ugrukdyrylan öňe gidişligiň derejesini ölçemeklik üçin gerek bolan ilat sany, onuň düzümi we demografik maglumatlar barada doly we dogry maglumatlar bilen üpjün edýär. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylyň ýazuwyndan gelip çykjak netijeleriň çap edilmegi ähtimal, ýa-da iň bolmanda, BMG-niň edaralary bilen paýlanşylar. Şunlukda, garaşylyşy ýaly 2023-nji ýylyň ýanwaryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli çap ediljek we ýazuwyň habarlaryna ünsli boluň.

MENIŇ ŞAHSY MAGLUMATLARYM GORALÝARMY?

Ýazuw wagtynda ýygnalan maglumatlar döwlet dolandyryşynyň, ylmy barlaglaryň, peýdalanyjylary habarly etmegiň maksatlary üçin, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň başga maksatlary üçin ýaýradylyp we peýdalanylyp bilner. Statistika hakyndaky kanunyň 24-nji maddasy ilkinji statistik (ýazuw) maglumatlaryň ýygnalýan, işlenilýän, seljerilýän we saklanylýan wagtynda olaryň ýaşyrynlygyny kepillendiýrär. Maglumatlar diňe statistik maksatlar üçin peýdalanylýar we agregirlenen görnüşde ýaýradylýar. Bu diýmek seniň şahsyňy aýan edýän islendik maglumat çap edilmez we ýaýradylmaz. Kanunyň 19-njy maddasy hem milli ýazuwlaryň barşynda alnan maglumatlary (mysal üçin, ilkinji statistik maglumatlary) respondentlere emläk ýa-da ahlak taýdan zelel ýetirmek ýa-da olaryň hukuklaryny çäklendirmek maksatlary üçin peýdalanylmagy gadagan edýär.

ILAT ÝAZUWY NÄME ÜÇIN GEREK WE BIZE ONUŇ NÄME GOWY TARAPY BAR?

2020-nji ýylyň halkara ilat ýazuwlar tapgyrynyň (2015-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli) maksady dürli ösüş we durmuş görkezijileri boýunça ýurtlaryň arasyndaky we içindäki deňsizlikleri kesgitlemek we aradan aýyrmak bolup durýar. Hut şonuň üçin durnukly ösüş maksatlary “hiç kimiň yzda galmazlygyny” we “ilkinji nobatda yza galýanlara kömek bermegi” üpjün etmek üçin uly ähmiýet berýär. Ilat ýazuwynyň kömegi bilen Türkmenistan her kimiň hasaba alynýandygyna we has ýiti hem-de gaýragoýulmasyz mätäçlik çekýänlere bolsa ýeterlik derejede döwlet tarapyndan maliýeleşdirme alýandygyna göz ýetirmegi niýetleýär. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň döwlet býujetiniň aglaba bölegi, 84 millarddan gowurak manat, bilime, saglygy goraýşa, medeniýete, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryna sarp ediler. Daşoguz welaýatyna Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna garanyňda köpräk serişde bölnüp berler, ondan soň Lebap we Ahal welaýatlary nobatda durýar.

Ilat ýazuwynyň maglumatlary şu aşakdakylary düşünmäge, emma diňe olar bilen çäklmenmezden, we olar bilen bagly kararlary kabul etmäge kömek edip bilýär:

Şahsy abadançylyk:

  • Adama we öý hojalyk başyna düşýän girdeji;
  • Ýaşaýyş üçin serişdeleriň esasy çeşmeleri;
  • Girdejiniň paýlanylyşy we girdejiniň deňsizligi;
  • Garyplygyň derejesi;
  • Öýsüzlik – ýaşamaga ýerleri ýok adamlar;
  • Bilim derejesi;
  • Iş bilen üpjünçilik derejesi;
  • Migrasiýa derejesi;
  • Lagym ulgamy, elektrik togy, suw, gaz, telefon we internet ýaly jemagat hojalygy hyzmatlaryna elýeterlilik.

Döwlet hyzmatlary:

  • Milli we welaýat derejelerindäki býujeti meýilleşdirmek.
  • Ýerleriň ilatyny, girdejilerini, ýaşyny we başga faktorlary hasaba almak bilen, döwlet býujetiniň deň paýlanylyşyny üpjün etmek. Mysal üçin, ýurduň garyp we ösmedik ýerleri köpräk pul serişdelerini almaly.
  • Döwlet sarp etmeleriniň meýilnamalaryny düzmek – mysal üçin, bilim, saglygy goraýyş, çagalara bolan alada, ýaşaýyş jaý ýaly durmuş maksatly sektorlara we onuň garşysyna gurluşyk, goranmak we oba hojalyk ulgamlaryna näçe pul serişdesini harç etmeli.
  • Döwlet gulluklaryny meýilleşdirmek, maliýeleşdirmek we üpjün etmek. Mysal üçin, täze mekdepleri, hassahanalary we ýollary gurmak gerekmi we olary nirede gurmaly diýen ýaly meseleleri çözmek.
  • Garyplary, ýaşululary, maýyplary, işsizleri we beýlekileri öz içine alýan ilatyň ejiz we doly wekillik edilmeýän gatlaklaryny ýüze çykarmak we olara goldaw bermek.
  • Infrasturktura we gurluşyk desgalaryny meýilleşdirmek. Mysal üçin, adamlaryň nähili işe gatnaýandyklaryna we olaryň näçe sany ulag serişdeleriniň bardygyna baglylykda, hökümet köpräk awtobuslary bölüp bermelimi ýa-da köpräk ýollary gurmalymy diýen meseleri çözüp bilýär.

Işewürlik çözgütleri:

  • Nirede täze dükanlary, restoranlary, zawodlary we edaralary açmalydygyny çözmek.
  • Nähili täze iş ýerleriniň açmalydygyny we nireden işçileri tapmalydygyny anyklamak.
  • Haýsy harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmelidigini kesgitlemek.

Jemgeýetçilik howpsuzlygy:

  • Jemgyýetçilik howpsuzlygyny we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk çärelerini meýilleşdirmek üçin adamlaryň geografiki ýerleşişini we olaryň ýaşaýyş jaý şertlerini ualnmak.

Geljekki demografiki çaklamalar:

  • Geljekde azyk harytlaryna, suwa, energiýa we hyzmatlara bolan isleglere baha bermek.
  • Jyns we ýaş häsiýetleri boýunça ilatyň geljekki sanyny we gurluşyny kesgitlemek. Mysal üçin, eger işleýän ýaşly ilatynyň sanynyň köpelmegi garaşylsa, onda hökümet köp iş ýerlerini döretmeli. Eger-de pensiýa ýaşly ilatyň köpelmegi garaşylsa, onda hökümet pensiýa we saglygy goraýyş gaznalaryna köp serişde bölüp aýyrmaly.
  • Çagalar üçin karz pul we şertli tölegleri hödürlemek arkaly nikalary we çaga dogluşyny ösdürmäge gönükdirilen maşgala syýasatyny öz içine alýan demografiki syýasaty döretmekde kömek etmek.

Syýasy wekillilik:

  • Adamlaryň giňişlikde ýaýraýşynyň esasynda, mejlis we ýerli saýlawlar üçin saýlaw okruglaryny täzeden gurnamagy barada çözgüt kabul edip biler.
  • Adamlaryň nähili gür we seýrek ýerleşişine baglylykda, hökümet obalary, etraplary we şäherleri birleşdirmegi we häkimýetiň administratiw merkezlerini göçürmegi barada çözgüt kabul edip biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: