Progres.Online

Propiska düzgünini reformirlemelimi?

Türkmenistanda Sowet Soýuzyndan miras galan “propiska” düzgüni saklanyp gelýär. Öňa Içeri işler ministrligi gözegçilik edýär.

Propiskanyň gysga taryhy

Propiska adalgasy ilkinji gezek Sowet Soýuzynda 1925-nji ýylda RSFSR Halk Komissarlary Geňeşiniň “Şäher ilatly ýerlerde raýatlary hasaba almak barada” kararynda ulanyldy. Sowet

režimi pasportlary girizip propiska düzgünini içki migrasiýa proseslerine gözegçilik usuly hökmünde ulanyp başlady.

Hukukçy alym Damian Schaible (2001) hasaba alyş ulgamynyň ornaşdyrylmagy daýhanlaryň we oba ýaşaýjylarynyň öz ýerlerinde galmagyny we uly şäherlere göçmekden saklanmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylandygyny aýdýar. Şeýlelik-de, Professor Matthew Light-yň (2012) bellemegine görä, şäher propiskaly adamlar diňe bellige alnan şäherlerinde işlemeli bolýardylar.

Ýeri gelende bellesek, şäher ilatyndan tapawutlylykda oba ýerleriniň ýaşaýjylaryna 1974-nji ýyla çenli pasport berilmändi. Pasportynyň ýoklugy oba ilatynyň şäherlere göçmegini çäklendirýärdi. Propiska sebäpli oba ýerleriniň ýaşaýjylary has köp mümkinçilikler, has gowy ýaşaýyş-durmuş derejesi we şertleri bolan şäher ýerlerinde iş tapyp bilmeýädiler.

Taryhçy Kessler-iň (2001) aýtmagyna görä, propiska Sowet ilatyna berk gözegçilik etmek we kulaklar ýaly sosialistik gymmatlyklaryna laýyk gelmeýän adamlary şäherleriň daşynda saklamak üçin ulanylandygy öňe sürüldi

Soňra Sowet režimi tutuş Sowet territoriýasynda sosial ýeňillikleri dolandyrmak üçin propiska sistemasyny ulanyp başlady. Mysal üçin, çaga üçin döwlet tölegleri, pensiýa tölegleri we ş.m. diňe şahsyýetiň hasaba alnan şäherinde berildi.

Propiskanyň türkmen görnüşi

90-nji ýylarda welaýatlaryň ýaşaýyjylaryna Aşgabat propiskasyny almakda gadagançlylykar girizildi. Bu tejribe işsiz ilatyň paýtagta gelmegini çäklendirmek üçin döredildi. Elbetde, adamlar üçin bu uly kynçylyklary döretdi. Has takygy, bu düzgün iş tapmakda, lukmançylyk kömegini ýa-da beýleki durmuş ýeňillikleri almak mümkinçiliklerini çäklendirýärdi. Paýtagtly bolup maşgala guran adam başga bir obadan, şäherden bolan ýanýoldaşyny Aşgabatda bellige almakda uly kynçylyklara sezewar bolupdy.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti “Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek barada” karara gol çekdi. Bu karar Içeri işler ministrliginiň pasportlary bermek, raýatlary hasaba almak/çykarmak ulgamyny ösdürmekde jogapkärçiligini belleýär.

Amnesty International adam hukuklary guramasy, propiskanyň ilata ýetirýän täsiri babatynda alada bildirip gelýär. Hususan-da, gurama bu ulgamyň adam hukuklarynyň bozulmagyna sebäp bolup biljekdigini mälim etdi. Gurama görä, Türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryna hormat goýmagy we goramagy maksat edinýärler, ýöne propiska adamyň ýaşaýyş jaýa bolan hukugyny we işe girmegi çäklendirýär, hereket azatlygyna täsir edýär.

Propiska ulgamyndaky düzgünleriň köpüsini ýeňip geçip bolýanlygy sebäpli korrupsiýanyň möwjäp ösýän ýerine öwrüldi. Gurply we tanyşlary bar adamlar köplenç ugur tapýarlar ýöne propiska degişli emeli çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin maddy taýdan ýagdaýy pes bolan, tanyşy bolmadyk adamlar gaty kösenýärler.

Türkmenistanyň Pasport ulgamy hakyndaky düzgünnamada raýata propiska almak üçin ýaşaýyş jaýyna bolan hukugynyň subutnamasy – kärende şertnamasy ýa-da jaýy satyn alnandygyny tassyklaýan şertnamaň hökmanydygy aýdylýar (25-nji madda, Türkmenistanyň Pasport ulgamy hakyndaky düzgünnama, 1996-nji ýyl)

Propiskasyz ýa-da wagtlaýyn hasaba alynmazdan tutulan Türkmenistanyň raýatlaryna administratiw jeza berilýär. (35-nji madda, Türkmenistanyň Pasport ulgamy hakyndaky düzgünnama)

Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 43-njy maddasynda şeýle bellenilýär:

  1. Türkmenistanyň her bir raýaty ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyna ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alynmagyna garamazdan, Türkmenistanyň bütin çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we beýleki kanunçylygy arkaly kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýar.
  2. Ýazga ýa-da bellige alynmazlygy Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmek üçin esas bolup bilmez.

Bilermenlere görä, propiska düzgüni adamlaryň ýaşaýyş jaýa, işe ýerleşmekde, sosial goraglylyga bolan hukuklaryny düýpli çäklendirýär. Muňa enelere we çaga döwlet tölegleri, pensiýa tölegleri, mugt saglygy goraýyş hyzmatlary we çagalar üçin bilim almak mümkinçiligi ýaly hukuklar degişlidir.

Propiska raýatlary kanuny taýdan hasaba alnan ýerinden başga ýerde ýaşamak we işlemek mümkinçiliklerinden mahrum edýär, esasanam döwlet pudagynda işlemek mümkinçiliginden. Propiska düzgüni är-aýalyň we bile ýaşamak isleýän maşgalalaryň ýolunda päsgelçilikler döredýär. Häkimiýetler çagalaryň gartaşan ene-atasy bilen we ene-atalaryň çagalary bilen ýaşamak üçin propiska islegini esassys ret edip bilýärler. Şeýle ýagdaýlarda adamyň alýan sosial ýeňillikleri meselem, pensiýa tölegleri ýa-da çaga üçin tölegleri kesilip bilýär. Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda azyk önümleri propiska görä paýlanýar.

Goňşy ýurtlarda

Propiska hasaba alyş ulgamy Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde we Russiýada dowam etdirilýär. Ilata gözegçilik etmek üçin ulanylsa-da, alymlar we halkara guramalary propiska sistemasynyň negatiw taraplaryna ünsi çekip gelýärler. Käbir alymlar propiskanyň Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda ynsan hukuklary çäklendirýän gural hökmünde işleýändigini öňe sürýärler. Adamlar şäherden şähere göçýärler, emma ýeňilliklerden peýdalanmak, işlemek, ses bermek we ş.m. ýaly hukuklar olaryň hasaba alynmagyna bagly bolup galýar.

Propiska ulgamy bilen baglanyşykly ýene bir mesele – propiska düzgünleriň hemişe üýtgäp durmagydyr. Mysal üçin, 2011-nji ýylda Özbegistanyň hökümeti paýtagta täze goçýänleri wagtlaýyn esasda hasaba almagy bes etdi. Bir düşündirişe görä, Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilmezden ozal şähere täze gelen adamlardan arassalamak üçin edilendigi aýdylýar. Beýleki bir düşündirişe görä, hökümetiň paýtagtda ýaşlaryň bolmagyny çäklendirmäge, protestleriň döreme ähtimallygyny aradan aýyrmaga synanyşypdyr. Diňe alty aýdan soň içki migratnlaryň hasaba alynmagy dowam etdirildi.

Propiskanyň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri

Dünýä Bankynyň ykdysadyýetçisiniň William Seitz-iň bellemegine görä, Özbegistandaky propiska sistemasynyň ýurduň yksysady ösüşine we iş bazaryna negatiw täsirleriniň bardygyny aýdýar. Ýurtda içerki migrasiýanyň gaty pes derejesi zähmet bazaryndaky deňagramsyzlyga sebäp bolup ykdysady ösüşiň depginini peseldýär. Ýurduň käbir böleginde iş gözleýänleriň we işsizleriň sany iş orunlarynyň sanyndan has köp bolup aýlyklaryň peselmegine getirýär. Ýurduň başga ýerlerinde bolsa, esasan hem şäherlerde işsizligiň derejesi pes we aýlyklar ýokary bolýar. Eger Özbegistanyň raýatlary ýurduň islendik ýerinde erkin ýaşap we işläp bilen bolsalar, bu problema netijeli çözgüt tapyp bolardy.

Halkara tejribeleri ilatyň erkin hereketi bu deňagramsyzlygy peseldip ykdysady ösüşi ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Özbegistanyň Prezidenti Mirziyoýew propiskanyň giňişleýin reformasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Prezident propiska sistemasynyň adalatsyzdygyny, adama islän ýerinde ýaşamagyna we işlemegine rugsat berilmelidigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, propiska sistemasy bir asyr töweregi dowam edip gelýär. Propiska ulgamynyň Türkmenistanda näçe wagt dowam etjekdigi belli däl. Häkimiýetlere içki migrasiýa gözegçilik etmek üçin henizem propiska gerekmi? Bu düzgüniň adamlara we türkmen jemgyýetine peýdasy, zyýany barmy? Propiska düzgünini reformirlemelimi? Näme üçin?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: