Progres.Online

Wi-Fi toruňyzy nädip goramaly?

Häzirki zaman routerler (marşrutizator) Wi-Fi torumyzyň howpsuzlygyny ep-esli kämilleşdi, emma ony has hem gowulandyryp bolýar.

Öýüňizdäki routeriňiz ähli gelip-gidýän maglumatlaryň howpsuzlygyny we gizlin maglumatlaryňyzyň ýaýramazlygyny üpjün edýär. Router siziň öý internetiňizi, telefonlaryňyzy, planşetleriňizi, noutbuklaryňyzy goraýar. Eger-de islendik bir häker ýa-da goňşyçylykda ýaşaýan biri siziň Wi-Fi toruňyza birigip bilse, onda ol siziň enjamlaryňyzydaky maglumatlary hem ogurlap biler. Şol sebäpli hem, routeriňiziň howpsuzlygyna ýeterlik üns bermek zerurdyr. Onuň howpsuzlygyny az sanly ýönekeý usullar bilen güýçlendirip we töwekgelçiligiňizi ep-esli azaldyp bolýar.

Parollary üýtgediň

Routeri goramak üçin WPA2 görnüşli howpsuzlyk düzgünini ulanmalydyr. Bu howpsuzlyk düzgüni routere birikýän her bir täze enjamdan parol talap edýär. WPA2 adatça, router satyn alnanda işledilen ýagdaýda bolýar, eger-de ol öçük ýagdaýda duran bolsa, onda WPA2 howpsuzlyk düzgüni hökmany suratda işledilmeli.

Wi-Fi torunyň parolyny elmydama çalşyp durmak gowy pikir. Muny edeniňizde her bir enjamy täzeden parol ýazyp birikdirmeli bolsaňyz hem, bu endik sizi garaşylmadyk howplardan gorap biler. Şeýle-de, routeriň sazlamalaryna girmek üçin ulanylýan paroly hem üýtgetmek maslahat berilýär, sebäbi köp adam adaty parollary üýtgetmän goýýar. Netijede, bu adaty parollary bilýän adam siziň routeriňiziň sazlamalaryna girip, parollaryňyzy we sazlamalaryňyzy üýtgedip hem-de siziň öý internetiňizi dolandyryp biler.

Programma üpjünçiligiňizi täzeläp duruň

Routerde “mikroprogramma” atly pes derejeli programma üpjünçiligi gurnalan. Mikroprogramma routeriňizi dolandyrýar, toruňyzyň howpsuzlyk standartlaryny gurnaýar we haýsy enjamlaryň birikmelidigini kesgitleýär. Käbir häzirki zaman routerleriniň özleri programma üpjünçiligini täzeläp durýarlar. Siziň routeriňiziň modeli nähili bolsa-da, onuň mikroprogrammasyny täzeläp dursaňyz gowy bolar.

UPnP we WPS uzakdan girişleri öçüriň

Köp routerleriň uzakdan girişi ýeňilleşdirýän funksiýalary bar, ýöne size bu funksiýa gerek däl bolsa, ony routeriň sazlamalar panelinden öçürip bilersiňiz.

Routerlerde, ýene-de bir üns berilmeli funksiýa – Universal Plug and Play. Ol funksiýa akylly telewizorlaryň we goşmaça oýun enjamlarynyň internete girmegini aňsatlaşdyrmak üçin döredilendir. Şeýle-de, siziň routeriňiz UpnP-yň üsti bilen zyýanly programmalar tarapyndan ulanylyp bilner. UpnP açyk dursa hem ullakan zyýan bermezligi mümkin, ýöne doly howpsuzlyk isleseňiz bu funksiýany öçüriň.

Programma üpjünçiligiňizi täzeläp duruň, enjamlaryňyza gurnaýan programmalaryňyzy we goşundylaryňyzy gowy barlaň we öz enjamlaryňyzy uzyn hem-de kyn, bilip bolmajak we meňzeş bolmadyk parollar bilen goraň. Eger islendik bir enjamyňyza Wi-Fi gerek däl bolsa, onda ony birikdirmäň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: