Progres.Online

Parol hüjümleriniň görnüşleri we olardan goranmagyň ýollary: zalym güýç hüjümi

Zalym güýç hüjümi (iňlisçe: brute force attack) parol hüjümleriniň klassiki görnüşidir. Bu usulda hüjümçi dogry parolyňyzy tapýança, sözleriň mümkin bolan ähli kombinasiýalaryny çaklap, siziň hasabyňyza girmäge synanyşýar.

Ulanyjynyň e-poçta ýa-da sosial mediýa hasabynyň parolyny çaklamak, esasanam hasaplaryň güýçli parollary bar bolsa, köp wagt talap edip bilýär. Bu prosesi ýönekeýleşdirmek üçin hakerler parollary döwmäge kömek edýän gurallary ulanýarlar. Bu gurallar ulanyjynyň adyny we parol kombinasiýalaryny çaklaýan we döwýän programmalary öz içine alýar. Bu programmalar gowşak parollary kesgitleýärler we kompýuterleri, simsiz modemleri ýa-da şifrlenen disk enjamlaryny döwýän kombinasiýalary çalt çaklap bilýärler.

Zalym güýç hüjüminiň üstünlikli amala aşyrylmagynyň iň uly sebäpleriniň biri hem aňsat çaklap boljak parollaryň ulanylmagydyr. Nordpass parol dolandyryjysy 2022-nji ýylda dünýäde iň köp ulanylan parollaryň sanawyny çykardy. Olaryň ilkinji bäşisi:

  1. password;
  2. 123456;
  3. 123456789;
  4. guest;
  5. qwerty.

Hüjümiň bu görnüşinden özüňizi goramak üçin näme etmeli?

Güýçli parollary ulanyň: Parollaryňyzy çaklamagy kynlaşdyrmak üçin uly we kiçi harplaryň, sanlaryň we ýörite nyşanlaryň kombinasiýasyny ulanyň.

Iki faktorly giriş açyň: Hasaba girmezden ozal ikinji enjamdan kod talap edýän goşmaça howpsuzlyk gatlagyny goşuň.

Parol dolandyryjylary ulanyň: Parol dolandyry girýän ähli web sahypalaryňyz üçin howpsuz, üýtgeşik parollary döretmegi aňsatlaşdyrýar. Parol dolandyryjynyň kömegi bilen uzyn we çylşyrymly parollary döredip hem gorap saklap bolýar we parollary ýatdan çykarmak, ýitirmek ýa-da ogurlatmak howpy mazaly azalýar.

Programma üpjünçiligini täzeläp (update) duruň: Ulanýan platformaňyzyň gowşak taraplaryny düzetmek üçin, esasanam operasion ulgamyňyzy we antiwirus programmalaryňyzy yzygiderli täzeläp duruň.

Umumy parollardan gaça duruň: Adyňyz, sport toparyňyz ýa-da diňe “12345” ýaly ýygy-ýygydan ulanylýan parollar örän howpludyr. Hakerler adamlaryň parollarynda ulanýan adaty sözlerini ýa-da söz düzümlerini aňsatlyk bilen çaklap bilýärler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: