Progres.Online

Gyz onlaýn romantik gatnaşykda nädip howpsuzlygyny goramaly?

Onlaýn platformalar ömürlik dost-joralary we hatda ýanýoldaşy hem tapmaga kömek edip bilýärler. Adam internet üsti bilen tanyşlyga ýa romantik gatnaşyga başlanda özüni has rahat we howpsuz duýýar, utanjaňlygy we çekinjeňligi azalyp, has özüne ynamly gürläp bilýär, daşky görnüşi ýa egin-eşikleri barada alada etmeýär, iň oňaýlysy hem, islän wagty islän ýerinde gürleşip we ýazyşyp bilýär. Seresaply çemeleşilende, onlaýn gatnaşyklar köp adama, ylaýta-da howpsuzlyk we wagt ýetmezçiligi sebäpli täze tanyşlyklary ýüzbe-ýüz geçirmäge mümkinçiligi çäkli gyzlara ýar tapynmaga iň amatly çözgüt hödürleýär.

Şeýle-de bolsa, her zatda bolşy ýaly, onlaýn gatnaşyk açmagyň hem ýakymsyz hat-da howply taraplary hem bolup bilýär. Bulardan habardar bolmak we birnäçe kiber-howpsuzlyk endiklerini edinmek arkaly, gyzlar köp zyýanlardan özlerini gorap bilerler:

  • Hakyky adyňy ulanma: Onlaýn tanyşan adamyňy gowy taýançaň we ençeme gezek ýüzbe-ýüz görüşýänçäň, onuň bilen şahsy maglumatlaryňy (doly adyňy we familiýaňy, öý we e-poçta adresleriňi, telefon nomeriňi, anyk nirede okaýan/işleýändigiňi) paýlaşma. Ol sen hakynda ähli zady bilmezden öňürti, seniň doly ynamyňa girmelidir we özüniň edep-ekramly adamdygyny subut etmelidir. Ýatda sakla: Eger seniň şahsy maglumatlaryň internetde başga saýtlarda köpçülige açyk bolsa, ol hem ol maglumatlary görüp biler.
  • Gowy tanajak bol: Onlaýn tanyşan kişiň bilen oflaýn duşuşmaga karar bermezden öňürti, howlukman, ony tanamak üçin wagt sarp et. Ýönekeý Google gözleg etmek arkaly ol barada internetde maglumat barmy-ýokmy barla. Eger bar bolsa, onuň saňa berýän maglumatlaryny başga saýtlardaky maglumatlary bilen deňeşdirip gör.
  • Oflaýn görşeniňde seresaply bol: Internetde tanyşan ýigidiň bilen hakyky durmuşda görüşmek örän tolgundyryjy we şol bir wagtda ýaýdandyryjy pursat bolup biler. Özüňi goramak üçin:
    • Görüşmäni hemişe jemgyýetçilik ýerlerinde belle (meselem, kafede, restoranda, açyk seýilgähde). Hiç haçan çet we çola ýerlerde ýa-da biriniň öýünde duşuşma.
    • Görüşmezden öňürti onuň bilen araňyzda bolup geçen onlaýn aragatnaşygyň subutnamasyny (meselem, çatlaryň skrinşotlary) alyp goý. Çünki, käbir tanyşlyk priloženiýelerinde birini bloklanyňdan ýa-da özüňe “mynasyp däl” diýip belläniňden soň, onuň bilen ýazyşan zatlaryň hem ýitýär. Eger soňra ol adam barada şikaýat etmegi ýüregiňe düwseň, aragatnaşygyň subutnamasy möhümdir.
    • Ätiýaç planyny düz. Duşuşykdan soňra öýüňize özüň gaýdyp bileriň ýaly bol. Ynamdar adamyňa nirä gidýäniňi we nirede duşuşýanyňy aýt (meselem, joraňa bu maglumatlary ýetir we seniň telefon nomeriňi açyk saklamagyny haýyş et). Hatda özüňi has howpsuz duýmak üçin, ilkinji duşuşyga joraň bilen bile hem gidip bilersiň. Eger duşuşykda özüňi oňaýsyz duýup başlasaň, şübheleriň artsa ýa-da köp zat göwnüňe jaý gelmese, bahana tap we gaýt. Öz duýgularyňa ynan.

Kompýuteriň we beýleki elektron enjamlaryň

Tanyşlyk priloženiýelerini ulanýan wagtyň ýerleşýän ýeriňi öçür. Ýerleşýän ýeriň barada maglumat ýa yşarat berýän suratlary we wideolary gürleşýän adamlaryň bilen paýlaşma.

Tanyşlyk saýtlarynda ulanmak üçin ýörite e-poçta açyn we onda dogry adyňy we familiýaňy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňy ulanma. Şeýtseň, adamlara seni yzarlamak ýa ýerleşýän ýeriňi anyklamak kynlaşar.

Özüni edepli alyp barmaýan adamlary göni blokla. Haýbatlara, jynsy lak atmalara, seni birahat edýän suratlara we wideolara jogap berme. Ol adamlary platformanyň moderatorlaryna habar ber, şikaýat et we blokla.

Seniň ulanýan tanyşlyk saýtlaryňy ulanýan başga bir adamyň seniň kompýuteriňi häk edip we şahsy maglumatlaryňy ele alyp bilmez ýaly, kompýuteriňi güýçli parol we täzelenen antiwirus bilen gora.

Skammerler

Pul soraýan nätanyş adamlardan ägä bol. Eger biri senden internet üsti bilen pul ugratmagy haýyş edýän bolsa, onuň haýyşy hernäçe çyn ýürekden çyksa-da, ol skammerdir. Käte bolsa, onlaýn tanşan adamyň örän gysga wagtyň içinde saňa söýgüsini yglan eder. Beýle söýgüň ýalan bolmagy örän ahmaldyr. Beýle adamlar bilen araňy üz we ýoluňa dowam et.

Salgylanma

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: