Progres.Online

Häking näme?

Häking (iňlisçe: hacking) – kompýuter ulgamyndaky ýa-da tordaky gowşak taraplary ulanyp, şahslaryň ýa guramalaryň maglumatlaryny näbelli biriniň rugsatsyz ele geçirmegi. Häking bilen iş salyşýan adama häker diýilýär. Kiber jenýat bilen baglanşygy sebäpli bu söze köplenç negatiw manyda düşünýärler, ýöne häking elmydama erbet maksatlar üçin ulanylmaýar. Meselem: Ak şapkaly (white hat) häkerler dürli döwlet we hususy kompaniýalarda işläp, häklemegiň tilsimlerini kiber jenaýatçylara garşy goranmak maksatly ulanýarlar.

Häkerler nädip häkleýärler?

Häkerler häklemek üçin birnäçe emelleri ulanýarlar. Olardan iň köp ulanylýanlary:

 Sosial inženerlik: Häklemegiň adam ýalňyşlyklaryndan peýdalanmak üçin döredilen manipulýasiýa usuludyr. Häkerler galp şahsyýeti we dürli psihologik hileleri ulanyp (fishing, spamler, jaňlar, galp websaýtlar we ş.m), sizi şahsy ýa-da maliýe maglumatlaryňyzy aýan etmäge iterýärler.

Parol döwmek: Häkerler dürli usullar arkaly nyşana alnan paroly bilmäge synanyşýarlar. Mysal üçin: mümkin bolan ähli parol kombinasiýalaryny deňemek, sözlükdäki hemme sözleri barlap görmek we ş.m

Enjama zyýanly programma üpjünçiligini ýokuşdyrmak: Häkerler e-poçta, messenjer we programma ýüklenilýän galp web sahypalaryň üsti bilen ulanyjynyň enjamyna zyýanly programma gurmaga çalyşýarlar.

WiFi torlaryndan peýdalanmak: Häkerler enjamlara aralaşmak üçin zyýanly kod ulanmagyň ýerine açyk we goragsyz WiFi-lardan peýdalanyp bilerler. Çünki, her kim WiFi routeriniň howpsuzlygyny doly berjaý etmeýär. Häkerler goragsyz WiFi-ýa kynçylyksyz birigip, şol WiFi-ýa birikdirilen enjamlary ele geçirýärler.

Arka gapyny ulanmak: Häkerler kompýuterleriň we torlaryň gowşak taraplaryny gözläp tapýan programmalary döredýärler. Ol programmalar arkaly sistema girmek üçin özlerine “arkadan gapy” açýarlar. Şeýdip häkerler size bildirmän, kompýuteriňize şahsy maglumatlaryňyzy ogurlaýan programma ýerleşdirýärler.

E-poçtalara içalyçylyk etmek: Häkerler e-poçtalary özlerinde saklamaga we olary okamaga mümkinçilik berýän kod döredip bilýärler. Häzirki wagtda, e-poçta programmalarynyň köpüsinde güýçli şifrlemek formulalary ulanylýar. Şol sebäpli, häkerler e-poçtalary açyp bilýärler, ýöne ony okap bilmeýärler.

Keýloggerleri ulanmak: Käbir programmalar häkerlere kompýuter ulanyjysynyň klawiaturada basan her bir düwmesini yzarlamaga mümkinçilik berýärler. Keýlogger programmasy pidanyň kompýuterine gurlansoň, ol her bir basylan düwmäni ýazga alýar we häkerlere iberýär. Bu ýazgylarda siziň parollaryňyz, şahsyýetiňiz, bank kartlaryňyz barada maglumatlar bolup bilýär.

Zombi kompýuterleri döretmek: Zombi kompýuter ýa-da bot häkeriň spam ibermek ýa-da Distributed Denial of Service (DDoS) hüjümlerini amala aşyrmak üçin ulanyp biljek kompýuteridir. Zyýansyz ýaly görünýän programmany ýa-da kody işledeniňizden soň, kompýuteriňiz bilen häkeriň arasynda bir gapy açylýar. Şeýlelikde, häker siziň kompýuteriňizi ele geçirip, ony kiber jenaýatda ýa-da spam ýaýratmakda ulanyp biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: