Progres.Online

Aýal-gyzlar özlerini onlaýn zulumdan nädip goramaly?

Aýal-gyzlar ähli gurşawlarda özlerini rahat duýmaga mynasyp – öýde-de, gündelik durmuşda-da, internetde-de.

Onlaýn bolup geçýän jynsy we gendere esaslanýan zulumly hadysalar barada köplenç arz-şikaýat edilmeýär, emma olaryň sany dünýä ýüzünde artyp barýar. Türkmenistanlylaryň arasynda hem onlaýn gurşawlarda aýal-gyzlara garşy zulumyň we ýigrençli diliň soňky ýyllarda köpelendigini biziň 2022-nji ýylda geçiren sosial mediýa synymyzyň netijeleri görkezýär. Aýal-gyzlara abanýan esasy howplar doksingi, kiber-yzarlamany, haýbat atmalary we adam söwdasyny öz içine alýar.

Onlaýn zulum aýal-gyzlaryň hakyky durmuşda başdan geçirýän gender esasly zulumyndan gözbaş alýar. Bularyň sebäpleri hem birmeňzeşdir: diskriminasiýa, jynsparazlyk we mizoginiýa. Internetdäki hukuk bozujylar anonimlikden peýdalanyp, islendik ýerde ýerleşýän aýal-gyzlara azar berip bilýärler.

Onlaýn zulumyň öňüni almak gender esasly zulumyň esasy sebäplerine çäre görmekden başlansa-da, aýal-gyzlaryň özleri hem onlaýn dünýäde özlerini goramak üçin goşmaça ädimleri ädip bilerler:

Howpsuz gözleg et we anonimligiňi sakla

Websaýtlar şahsyýetiň we onlaýn işjeňligiň baradaky maglumatlary ýazyp alýarlar, emma özüň barada näçeräk maglumatyň alynmagynyň we potensial zulumçylar bilen paýlaşylmagynyň öňüni almagyň birnäçe ýoly bar. Ýewropanyň sanly hukuklar (ÝSH) guramasy aýal-gyzlara HTTPS Everywhere ýaly brauzer giňeltmesini ulanmagy maslahat berýär. Bu giňeltme seniň ençeme websaýtlarda edýän işleriňi şifrleýär. Mundan başga-da, Privacy Badger we Ublock Origin ýaly giňeltmeler islenilmeýän trekerleri bloklamaga kömek edýärler. VPN hem anonimligi we onlaýn goraglylygy güýçlendirip bilýär. ÝSH internete şahsy maglumatlaryňy diňe örän möhüm bolan ýagdaýlarda girizmegi, başga wagtlarda bolsa ýalan öý salgy ýa-da doglan gün ýaly, nädogry maglumat ulanmagy maslahat berýär.

Gizlinligiňi goramagy unutma

Häkerlerden goranmagyň iň aňsat ýollarynyň biri güýçli parol ulanmakdyr. “1Password” ýaly parol dolandyryjylar üýtgeşik parollary döretmäge we şifrlenen ýerde saklamaga kömek edýärler. Her hasabyň üçin aýratyn parol ulanmak hem möhümdir. Gizlinligiňi saklamaga diňe ygtybarly platformalardan priloženiýe ýükläp almak we iki faktorly autentifikasiýa hem kömek edýär. Şeýle-de, her gezek ulanyşdan soňra ähli hasaplaryňdan çykmak (logout etmek), bank hasaplary ýaly ynjyk maglumatlary jemgyýetçilik Wi-Fi torlary arkaly paýlaşmazlyk we antiwiruslary ulanmak hem onlaýn howpsuzlyga goşant goşýar.

Internetde özüň barada nähili maglumatlaryň görünýändigini barla

Aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürýän Safe Sisters programmasy öz adyňy Google-da gözledip, özüň baradaky näçeräk maglumatyň hemmelere görünýändigini barlamagy maslahat berýär. Muny etmek bilen, başgalaryň internetden sen barada nähili maglumatlary alyp we ulanyp biljekdigine göz ýetirip bolýar. Şeýle-de, köpçülige görünmegini islemeýän maglumatlaryňy onlaýn hasaplaryň sazlamalaryny üýtgetmek arkaly aýryp bilersiň (meselem, sosial mediýa hasabyňy köpçülige ýapyk görnüşe geçirmek).

Onlaýn paýlaşýan zatlaryň barada oýlan

Safe Sisters programmasy aýal-gyzlara post edýän zatlarynyň hemişelik onlaýn galyp we geljekde olara zyýan berip biljekdigini ýatda saklamagy duýdurýar. Şahsy maglumatlaryňy, öý salgyňy, telefon nomeriňi, mekdebiň/iş ýeriň adyny aýan etmezlik ýaly, howpsuzlyk çärelerini berjaý etmeli. Eger-de şahsy suratlaryňy paýlaşýan bolsaň, onda olaryň saňa dürli ýollar bilen hyýanatçylyk etmek üçin ulanylyp biljekdigini unutmaly däl. Halaşýanyň bilen onlaýn gürleşeniňde hem, WhatsApp ýa Signal ýaly, üçünji taraplara ýazgylaryňy görkezmeýän, şifrleýän messenjerleri ulanmak, bulut paýlaşmasyny ýapmak we paýlaşýan her bir şahsy maglumatyňa seresaply çemeleşmek möhümdir. Çünki sen gelejekde ol maglumatlaryň nähili niýet bilen ulanylyp biljekdigini bilmeýärsiň.

Sosial mediýada howpsuzlyk gurallaryny ulanmak

Ulanýan her bir messenjeriňde we sosial mediýaňda (IMO, Instagram) onuň gizlinlik sazlamalary bilen tanyş bol. Olar saňa postlaryňydyr şahsy maglumatlaryňy kimiň görüp bilýändigini we seniň bilen kimiň ýazyşyp bilýändigini kontrol etmäge kömek edýär. Eger şübheli ýa iriziji adamlara gabat gelseň, “bloklamak” we “petiklemek” ýaly funksiýalardan peýdalanmak arkaly, olar bilen araňy kesip bilersiň. Platformalaryň köpüsinde olaryň ahlak düzgünlerini bozýan kontent ýa-da adam barada platformanyň düýbüne şikaýat edip hem bolýar. Onlaýn howpsuzlygyňy saklamak üçin, wagtal-wagtal gizlinlik sazlamalaryňy barlap we täzeläp durmagy unutma.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: