Progres.Online

Aýal gyzlar onlaýn zuluma nädip çäre görmeli?

Aýal-gyzlar erkeklere garanyňda kiber-zuluma has köp duçar bolýarlar – dünýäde aýal-gyzlaryň 85% golaýy onlaýn erjeşmäniň haýsy hem bolsa bir görnüşini başdan geçirýärler. Bu olaryň islendik işe doly we deň gatnaşmagyna, söz azatlygyndan doly peýdalanmagyna, psihiki saglygyna we onlaýn gurşawlarda özüni howpsuz duýmagyna zyýan ýetirip bilýär. Eger-de seniň özüň ýa-da tanaýan bir gyz-gelniň onlaýn zulum bilen ýüzbe-ýüz bolsa, şuny ýatda sakla: Sen ejiz we alaçsyz dälsiň! Özüňi we başgalary goramagyň birnäçe netijeli ýollary bardyr.

Zulumy anykla

Nämäniň bolup geçýändigine düşünjek bol. Saňa aýdylýany gödek bir tankytmy? (“Sen ýaly betgelşik görmedim.”) Ýa-da kemsidiji teswirmi? (“Sen diňe betgelşik däl, üstesine tentegem.”) Ýa-da aç-açan paýyş sözleri ýa gendere, milletçilige esaslanýan sürünmeleri öz içine alýan zulummy? (“G***k, sen ýaly wejeralary ýok etmeli.”)

Onlaýn zulum – bu internet äleminde zyýan beriji hereketler arkaly bir adamy ýa-da topary yzygiderli ýa-da biçak nyşana alamakdyr. Bulara köplenç ýigrençli dil, jynsy erjeşme, fiziki we jynsy zulumly haýbatlar, başga biri bolup azar bermek, doksing, razyçylyk berilmedik pornografiýa, seksting we kiberbulling degişlidir. Emma, onlaýn zulum diňe bular bilen çäklenmeýär, barha görnüşini üýtgedip we bir wagtda dürli görnüşleri hem öz içine alyp bilýär. Eger saňa ýakymsyz tankytlar ýa-da kemsitmeler atylýan bolsa, sen olara garşy çykmagy ýa-da gulak asmazlygy saýlap bilersiň. Emma, eger saňa azar berýän bolsalar, başdan geçirýän hadysaňy atlandyryp bilmegiň diňe bir meseläni anyklaşdyrmaga ýardam etmän, eýsem saňa bu mesele barada ýaranlaryň, mugallymlaryň, başlyklaryň ýa-da hukuk goraýjy edaralar bilen gürleşmäge hem kömek eder.

Zulumy ýazyp al

Eger-de platformanyň ulanyş şertlerini bozýan zulum barada şikaýat edip, ony saýtdan pozduryp bilseň, zuluma degişli möhüm subutnamany ýitirjekdigiňi ýatda sakla. Şonuň üçin, zulumly kontent barada şikaýat etmezden öňürti onuň nusgalaryny alyp gal. E-poçtalary, ses ýazgylaryny we soobşeniýeleri enjamyňa ýa-da bulut giňişligine ýükläp al. Sosial mediýadaky aragatnaşyklary skrinşotla we göni ssylkalary kopiýalap al. Eger bir adam ýa-da topar saňa yzygiderli hüjüm edýän bolsa, her bir hadysany yzygiderlilikde senesi bilen belläp al – bu saňa meňzeşlikleri saýgarmaga we subutnama toplamaga kömek eder. Galyberse-de, eger sen hukuk goraýjylara ýüz tutmak kararyna gelseň ýa-da başgalar bilen başdan geçirýänleriň barada söhbet etmek isleseň, bu subutnamalaryň ähmiýeti uly bolar.

Howpsuzlygyňy barla

Onlaýn azar bermeler saňa ýa seniň ýakyňa fiziki taýdan howp salýarmy? Howpuň derejesini barlamak üçin kömek edip biljek soraglar:

  • Sen zulum edijini taýarsyňmy we ol bozuk hereketleri bilen özüni tanadan adammy?
  • Haýbatlar kesgitlimi? Onda seniň adyň, wagt, ýer we hüjümiň görnüşi agzalýarmy?
  • Haýbat atyjy öz hakyky adyny, e-poçtasyny ýa telefon nomerini ulanýarmy?
  • Zulum ediji başga platformalardan ýa-da oflaýn hem haýbat atyp başladymy?

Janyňa howp salyp biljek alamatlary (gyzyl baýdaklary) anyklamak üçin ynamdar adamyňdan hem maslahat alyp bilersiň. Eger-de hüjümler sebäpli özüňi howp astynda duýýan bolsaň, wagtlaýynça ýaşaýan ýeriňi üýtgetmegi we ýagdaýy resmilere habar bermegi göz öňünde tut. Gerek bolsa, ýaranyňdan, ýolbaşçyňdan ýa-da aklawçydan kömek sora.

Blokla, petikle, habar ber

Sosial mediýa platformalarynda bloklamak, petiklemek we habar bermek biri-birinden tapawutly işleri ýerine ýetirýärler. Bir hasaby bloklasaň, ol seni yzarlap ýa-da seniň bilen habarlaşyp bilmeýär. Petiklän hasaplaryň, postlaryň ýa sözleriň bolsa saňa görünmeýär. Platformanyň düzgünlerini bozýan hasaplary ýa postlary habar bermek arkaly olaryň pozulmagyny ýa-da hasabyň ýapylmagyny hem gazanyp bolýar. Bu gurallar peýdaly bolsa-da, kemçiliksiz däldir. Meselem, bloklamak zulumyň güýçlenmegine, petiklemek bolsa saňa abanýan howpy gözden salmagyňa getirip biler. Şeýle ýagdaýda ynamdar adamlaňdan seniň bloklan ýa petiklän hasaplaryňa gözegçilik etmegi sorap bilersiň.

Kiber-howpsuzlygyňy güýçlendir

Zulum edijiler hemişe seni gorkuzmak we kemsitmek üçin sen barada has köp maglumat aljak bolarlar. Häklenmekden we şahsy maglumatlaryň birugsat ulanylmagyndan goranmak üçin parol gigiýenasyny berjaý et: Uzyn, agyr we her hasabyň üçin üýtgeşik parollary gurna (bu babatda parol dolandyryjy kömek edip biler). Şeýle-de, işiňe we şahsy durmuşyňa degişli hasaplary bir-birinden aýrala.

Ýaranlaryňdan kömek al

Onlaýn zulum zerarly hernäçe gorky we utanç bassa-da, zulumyň seni çetleşdirmäge niýetlenendigini we öz ýeke däldigiňi unutma. Joralaryňdan, maşgalaňdan, mugallymlaryňdan ýa-da işdeşleriňden goldaw gözle. Onlaýn zulum barada hemmeleriň ýeterlik biliminiň ýokdugy sebäpli bolsa, olar bilen gürleşmezden ozal subutnama toplamak, zulumyň saňa ýetirýän täsirini düşündirmek, we gürleşjek adamyňdan anyk näme isleýändigiňi aýdyňlaşdyrmak (meselem, şikaýat etmäge, ýazyp almaga ýa-da howpsuzlygyňy barlamaga kömek soramak) arkaly taýýarlyk gör.

Şahsy idege üns ber

Ýatda sakla: bu asla seniň günäň däl! Onlaýn zulum sustuňy basyp, gorka we çetleşmä eltip bilýär; seniň psihiki, emosional we fiziki saglygyňa çynlakaý we uzak dowam etjek zyýan berip bilýär. Şonuň üçin-de, duýgularyňa geleňsizlik etmekden saklan we özüňe ideg etmäge wagt aýyr. Meselem, meditasiýa etmek, nahar bişirmek, saz diňlemek ýa-da ýörişe çykmak. Näme etmäni saýlasaň-da, ol seni elektron enjamlaryňdan daşlaşdyrmaly. Umytsyzlyk we gorky basmarlasa, durmuşdan lezzet alyp bilmeseň ýa-da iýşiň we ukyň bozulsa, professional lukmanlara ýüz tutmak hem uly peýda berer.

Adamlary onlaýn zulum etmekden saklamak kyn we onlaýn zuluma garşy döwlet derejesinde çäreler kemtärlik edýän hem bolsa, biziň her birimiz ýanbermezligimiz, bilimimiz we başgalaryň goldawy bilen, zuluma garşy durmaga we sanly dünýäde öz ornumyzy goramaga güýjümiziň bardygyny unutmaly däldiris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: