Progres.Online

Коmpýuteriňizde wirus barmy?

Kompýuter wiruslary kompýuterlere çynlakaý howp salýarlar. Wiruslaryň her ýyl täze görnüşleri döreýär. Her bir adamyň kompýuterden peýdalananda bu howpdan habarly bolmagy we özüni goramak üçin çäreleri görmegi möhümdir.

Kompýuter wirusy näme?

Kompýuter wirusy häkerler tarapyndan ýazylan programma bolup, kompýuteriňiziň işleýşine we operasion ulgamyna zeper ýetirýär. Wiruslar faýllara hem zeper ýetirip, gaty diskiňizi (HDD) zaýalap ýa-da şahsy maglumatlaryňyzy ogurlap ýa-da pozup biler.

Kompýutere nädip wirus düşýär?

Wiruslar kompýuterlere birnäçe ýollar arkaly geçýärler we olaryň köpüsi faýllar ýüklenilip alnanda geçýär. Bikanun web sahypalardan alynýan aýdym-saz, filmler, suratlar, oýunlar, şeýle-de fişing/spam hatlar wiruslaryň geçmegine sebäp bolup bilýärler. Hatda USB portuna birikdirilýän enjamlardan hem wirus geçip bilýär.

Kompýuterde wirusyň bardygyny nädip anyklap bolar?

Eger siz öz kompýuteriňizde aşakdakylaryň birine duş gelseňiz, oňa wirus düşen bolmagy mümkin:

  • Kompýuteriň işiniň haýal bolmagy (kompýuter ýa-da programmalar açylýança adaty wagtdan köpräk wagt alsa);
  • Öçürmekde ýa-da gaýtadan açmakda meseleleriň ýüze çykmagy;
  • Faýllaryň ýitmegi;
  • Operasion ulgamyň ýygydan bozulmagy;
  • Garaşylmadyk ýerden penjireleriň açylmagy;
  • Ýükläp alynmadyk programmalaryň peýda bolmagy;
  • Gaty diskiň (HDD) artykmaç işlemegi (kompýuteri sähelçe ulanýan wagtyňyz onuň sowadyjy wentilýatorlarynyň güýçli işlemegi);
  • E-poçtaňyzdan öz-özünden hatlaryň iberilmegi;
  • Brauzeriň yza galmagy ýa-da dürli web sahypalara gönükdirilmegi;
  • Antiwirus programmalaryň näsazlyklary.

Kompýuteri nädip wiruslardan goramaly?

  • Wirusa garşy antiwirus programmalaryny ulanmaly.
  • Eger wirus kompýuteriňize geçen bolsa, antiwirus programmasy bilen mümkin boldugyça çalt ýok etmeli.
  • Antiwirus programmalaryň we brauzeriň howpsuzlyk sazlamalaryny wagtal-wagtal täzelemeli.
  • Kompýuteriňizdäki faýllar zaýalanan ýa-da bozulan ýagdaýynda ätiýaçlyk nusgalaryňyzyň bolmasy üçin faýllaryňyzy gaty disklere (HDD, SSD) yzygiderli göçürip durmaly.
  • Şübheli web sahypalardan gaça durmaly.
  • Iberijini tanamaýan bolsaňyz, e-poçtaňyza gelen haty we goşundyny açmaly däl.
  • Programma üpjünçiligini, filmleri we aýdym-sazlary diňe kanuny web sahypalardan göçürip almaly.

Kompýutere wirus düşen bolsa näme etmeli?

Eger kompýuteriňizde wirus bardyr öýdýän bolsaňyz, antiwirus programmasyna kompýuteriňizi doly görnüşde barladyň we wiruslardan arassaladyň. Antiwirus programmalaryň Türkmenistanda giňden ulanylýanlary: Kaspersky, ESET NOD 32, McAfee. Eger-de siz hiç bir ýagdaýda wirusy ýa-da zeperlenen faýllary pozup bilmeseňiz, onda siz komýuteriňizi ulgamlaýyn dikeltmäge synanyşyň (iňlis: recovery; rus: восстановление системы).

Ýene bir strategiýa wagtlaýyn faýllaryň ählisini pozmakdyr. Kompýuteriňiz näsaz işleýän bolsa we faýllary pozmakda päsgelçilik döredýän bolsa, operasion ulgamyňyzy howpsuz görnüşde açyp, meseläni bökdençsiz çözüp bilersiňiz.

Käbir ýagdaýlarda operasion ulgamyňyzy täzeden gurnamaly bolmagyňyz mümkin. Eger siz muny başarmaýan bolsaňyz, enjamyňyzy kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän ýerli dükana alyp gidip bilersiňiz.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: