Multi faktorly autentifikasiýa (iňlisçe: Multi-factor Authentication (MFA)) onlaýn programma ýa-da hasaba girmek üçin birnäçe barlag faktoryny talap edýän tassyklama usulydyr. Bu ulanyjydan diňe adyny we parolyny soramagyň ýerine, bir ýa-da birnäçe goşmaça barlag faktoryny talap edip, hasabyňyzy kiber hüjümlerden goraýar.
MFA NÄME ÜÇIN WAJYP?
Programmalara ýa hasaplara diňe parolly giriş ulanylanda parollary aňsatlyk bilen döwüp bolýar. Bu bolsa siziň şahsy maglumatlaryňyzy howp astyna salýar. Brute-Force hüjümleri hem esasy howplaryň biridir. Çünki, kiber jenaýatçylar dogry paroly tapýança ulanyjynyň adynyň we parollarynyň dürli utgaşmalaryny çaklamak üçin awtomatik parol döwýän gurallar ulanýarlar. Birnäçe nädogry giriş synanyşyklaryndan soň hasabyň awtomatik gulplanmagy size kömek etse-de, häkerleriň ulgama girmek üçin başga-da köp usullary bar. Şol sebäpli, MFA örän möhümdir. Ol hasaplaryňyza howp salýan töwekgelçilikleri azaldýar.
MFA NÄHILI IŞLEÝÄR?
MFA ulanylýan ulgama baglylykda dürli usullarda işläp biler. Mysal üçin:
Ädim 1: Ulanyjy öz adyny we parolyny ulanyp hasabyna girmäge synanyşýar.
Ädim 2: Ulanyja aşakdaky ýaly goşmaça tassyklama görnüşini saýlamagy teklip edilýär:
- Telefona iberilen kod;
- Barmak yzyny ýa-da ýüz keşbini skanirlemek;
- Google Authenticator, Authy ýaly ýörite programma arkaly döredilýän kodlar.
Ädim 3: Ulanyjy talap edilýän tassyklama görnüşini saýlaýar.
Ädim 4: Berlen autentifikasiýa üstünlikli bolsa, ulanyja hasaba girmäge rugsat berilýär.
AUTENTIFIKASIÝANYŇ ESASY 3 FAKTORY BAR:
Bilýäniň: parol, PIN kod ýa-da bir sorag bolup biler.
Eýeçiligiňdäki: telefon, iki faktorly giriş, sms kod ýa-da fiziki açar bolup biler.
Özüň: barmak yzy, ses ýa-da ýüz tanamak skaneri bolup biler.
Multi faktorly autentifikasiýa we iki faktorly autentifikasiýa (iňlisçe: Two-Factor Authentication (2FA)) arasyndaky tapawut näme?
Ikisi-de ulanyjynyň şahsyýetini barlamak üçin birden köp autentifikasiýa usulyny talap edýän, meňzeş howpsuzlyk ulgamlarydyr. Şeýle-de bolsa, bularyň arasynda inçe tapawut bar.
2FA – ulanyjydan autentifikasiýanyň iki görnüşini üpjün etmegini talap edýän, MFA-nyň bir görnüşidir. Meselem: e-poçtaňyza gireniňizde paroly ýazyp, soňra SMS arkaly gelen kody girmeli bolýarsyňyz. Bu ýagdaýda autentifikasiýa faktorynyň iki görnüşini ulanýaň, ýagny bilýäniň we eýeçiligiňdäki.
MFA – kategoriýalara garamazdan birden köp tassyklamany talap edýän islendik ulgamdyr. Meselem: ýokarky mysala goşmaça barmak yzyny skanirlemegi hem goşsak, bu multi faktorly autentifikasiýa hasaplanýar.
Jemläp aýtsak, MFA we 2FA häkerleriň onlaýn hasabyňyza ýa-da programmaňyza girmegini has kynlaşdyryp, ulgamyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň täsirli usullarydyr.