Türkmenistanyň hökümetiniň raýatlaryň hereket azatlygyndan gorkmagy bes etmegine 5 sebäp.
Türkmenistanda halkara syýahat 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri ýatyryldy we ýurt bütin serhet çäklerini ähli transport ulgamlary üçin ýapdy (uçar, demir ýol, ulag we hatda serhetden pyýada geçmek). Resmi maglumatlara görä, bu çäklendirmeler bütindünýä COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizildi we raýatlar ne Türkmenistana gelip bilýärler, ne-de ýurtdan çykyp bilýärler. Pandemiýa başlaly bäri, Türkmenistan öz çäginde COVID-19 hadysalarynyň we ölümleriň sany barada BSGG guramasyna habar bermedi.
Progres.online bu ýazylmadyk kanunyň (diňe “dilde berlen buýruk” hökmünde berjaý edilýär) adalatsyz we çäklendirijidigi hakynda makala ýazypdy. Makalada beýle buýruklaryň raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda olaryň diri galjagyny ýa-da öljegini kesgitläp biljek lukmançylyk syýahatçylygy meselesine nähili täsir edýändigini düşündirmäge synanyşdyk.
Türkmenistanda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Bu komitet her hepde duşuşyp, pandemiýa degişli çäklendirmeler barada kararlary berýär we ýurda kimiň girip-çykjagyny hem bu komitet çözýär. Bu komitetiň karar beriş mehanizmi we görkezmeleri barada döwlet metbugatynda köpçülige habar berilmeýär. Bu komitetiň nähili işleýändigi barada birgiden “myş-myşlar” we anyklanylmadyk maglumatlar ilat arasynda giňden ýaýran. Döwlet işgärleri ýollary beýle uzak wagtlap ýapyk saklamagyň arkasyndaky sebäpleri ilata düşündirmeýärler. Netijede, halk arasynda hökümetiň ýollary açmak meselesindäki gorkylary barada gürrüňler döräp başlady.
Biz sosial mediýada syn eden maglumatlarymyza esaslanyp, bu makalada hökümetiň näme üçin ýollary açmakdan gorkýandygynyň mümkin bolan sebäplerini derňemäge synanyşdyk.
Hökümetiň ahyrsoňy ýollary açyp, ilata erkin syýahat etmek hukugyny gaýtaryp bermegi soňky iki ýylyň içinde ençeme türkmenistanlynyň uly arzuwyna öwrüldi. Tutanýerli, sabyrly we umytly türkmenistanlylar heniz hem şeýle umyt bilen ýaşaýarlar.
Gorky 1: Ýollar açylsa COVID-19 ýurduň içine girip, adamlara ýokuşar we saglygy goraýyş ulgamy munuň bilen göreşip bilmez.
Hiç gorkma: Türkmenistanyň hökümeti mundan gorkmaly däl, sebäbi goňşy ýurtlarda syýahat çäklendirmeleri has az bolsa-da, ýerli hassahanalar we saglygy goraýyş ulgamy çökmedi. Goňşy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Täjigistan pandemiýa sebäpli serhetlerini öz raýatlary üçin ýapmadylar we diňe daşary ýurt raýatlarynyň turizm maksatly syýahatlaryna çäklendirmeler girizdiler. Olaryň diňe ýurda girmezden ozal PCR testinden geçmek ýa-da waksina alan bolmak ýaly talaplary bar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary öz ýurtlaryna girmek ýa-da ýurtlaryndan çykmak üçin hökümet edaralaryndan ýörite rugsatnama almaýarlar we olardan syýahat üçin diňe COVID testi ýa-da waksina talap edilýär.
Gorky 2: “Durnuklylyk” barada üýtgeşik pikirli türkmenler ýurda girer we bu häzirki hökümetiň dowam etmesine howp salar
Hiç gorkma: Türkmenistanda syýasy oppozisiýa toparlary, şeýle hem garaşsyz jemgyýetçilik guramalary ýok. Bu sebäpden, raýatlaryň islendik bir pikiriň üstünde ýygnanyşyp, herekete geçmegi mümkin däl diýen ýaly. Şeýle hem, ýurtda internet örän çäklendirilen we ilat arasynda birek-birege ynam we aragatnaşyk medeniýeti ýok. Köp ýyllyk repressiýanyň netijesinde ynam we raýdaşlyk ýaly sypatlar türkmen jemgyýetinden ýitip gitdi. Döwlet syýasatyny tankyt etmek isleýänler diňe ýekelikde çykyş edip bilýärler. Şonuň üçin, beýle şahslar hökümete hiç hili howp abandyrmaýarlar. Bulara garamazdan, ýollaryň ýapykdygy sebäpli birnäçe maşgala dargady, çagalar ene-atasyz ulalýarlar, ýarawsyzlar daşary ýurtda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini alyp bilmeýärler, talyplar daşary ýurtlarda okap bilmeýärler, ýene ençe kişiler bolsa öz ýakyn hossarlarynyň ýaslaryna gidip bilmediler we bularyň hemmesi hökümete bolan gahary we ýigrenji artdyrdy. Türkmen sosial mediýasynda ilat beýle adalatsyz syýahat düzgünleri üçin öň hiç haçan beýle gahar-gazaba münmändi. Bu sebäpden, ýollar näçe uzak ýapyk saklanyp, ilatyň erkin syýahatyna badak atylsa, ilatyň hökümete garşy gahar-gazaby şonça hem artar we bu iň soňunda häzirki režime abanjak “howpuň” ähtimallygyny artdyryp biler.
Gorky 3: Ýollar açylansoň köp adam ýurdy taşlap gider
Hiç gorkma: Türkmenistanyň taryhynda ýa-da goňşy ýurtlarda beýle wakalaryň bolandygy barada subutnama ýok. Meselem, Täjigistanyň (10 mln) we Gyrgyzystanyň (6.7 mln) hem ilat sany Türkmenistanyňka (6.2 mln) ýakyn we olaryň hem ýerli ykdysadyýetleri kän gowy derejede däl. Olaryň syýasy ulgamlary hem erkin däl. Bulara garamazdan, bu iki ýurtdan uly mukdarda ilat göçüp gitmedi. Daşary ýurtlarda Täjigistandan we Gyrgyzystandan köp sanly işçi migrantlar işleýärler, ýöne olar öýlerine ýygy-ýygydan pul ugradyp durýarlar we olaryň ýerli ykdysadyýete ýetirýän peýdalary ägirtdir. Şeýle hem, Türkmen medeniýetinde maşgala iň wajyp we gymmatly zat hasaplanylýar. Bu sebäpden, maşgalalaryny, garyndaşlaryny we medeniýetini taşlap, daşary ýurda göçüp gitmäge taýýar we islegli bolan türkmenistanlylaryň sany köp bolmasa gerek.
Gorky 4: Pandemiýa döwründe ýurduň içine kimiň girip-çykjagyna karar berýän döwlet işgärleri uly mukdarlarda para alyp başladylar. Ýollar açylsa olar bu girdejiden mahrum boljaklar.
Hiç gorkma: Düzgünleri we nyrhlary ilata aç-açan görnüşde ýetirmek bilen, hökümet girdeji gazanmagyň täze ýollaryny tapyp biler. Meselem, ýurtdan çykmak üçin çykyş töleglerini girizmek (biz bu pikiri öňe sürmeýäris). Haçanda korrupsiýa endemiýa öwrülende, iň ýönekeý işler üçin hem her kimiň para tölemeli bolýan weýrançylykly aýlawy döreýär. Unutmasy aňsat, emma boljagy şübhesiz hakykat bar: Ýurda girip-çykmaga rugsat bermek üçin para alýan migrasiýanyň, daşary işler ministrliginiň we türkmen konsullyklarynyň işgärleriniň özleri hem iru-giç çagalarynyň okuwy, saglyk hyzmatlary ýa-da sürüjilik şahadatnamasy üçin para bermeli bolarlar. Şonuň üçin, eger korrupsiýa ýokary derejelerde dowam etse, uzagyndan Türkmenistanyň hemme raýatynyň ýagdaýy has beterleşer.
Gorky 5: 2022-nji ýylyň dekabrynda ilat ýazuwy geçirilmeli. Eger köp adam ýurtdan gitse näme bolar?
Hiç gorkma: Ýollar açylsa köp sanly ilat ýurdy taşlap gider we bu 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynda ýurduň ilat sanyna zyýanly täsir eder diýen gorky bar. 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri şu günki güne çenli paýlaşylmady we Türkmenistanda şu wagt anyk näçe adamyň ýaşaýandygyny hiç kim bilmeýär. Ilat sanynyň ýazylyşynyň we aýan edilişiniň aç-açan däldigini göz öňünde tutup, biz syýahat çäklendirmeleriniň gowşadylmagynyň 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerine az täsir etjekdigine ynanýarys. Hökümet ilat sanyny çap etmezlik arkaly, ýaşyryn we jogapkärsiz alyp barýan işlerini üstünlikli dowam etdirip biler. Türkmenistandaky halkara jemgyýetçiligi bu barada hiç hili ses çykarmaz.
Hormatly okyjymyz, şu ýerde agzalmadyk sebäp we gorky barmyka? Haýsylar?