Progres.Online

“Ýollar haçan açylar?!” nalyşy we deňsizlikler

Türkmenistanda pandemiýä sebäpli ýollaryň ýapylmagy netijesinde birnäçe maşgalalar aýra düşdi we dargady. Pandemiýa döwründe kesellän adamlar, çagalar ýurtda ýeterlik derejede (meselem, rak keselliler) bejeriş alyp bilmän kösendiler we käbiri ýogaldy. Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentler agyr şertlerde ýaşaýarlar. Jemgyýetimizde uly sosial we ykdysady deňsizlik döredi. Tanyşy we puly bolanlar ýurda girip çykyp bilýär, adaty raýatyň bolsa syýahat etmek mümkinçiligi çäklendirilen bolup galýar.

Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlaryna ýurda girip çykmak üçin takyk düzgünleri düzüp ýollary açmaly. Wirusyň öňüni alyş çäreleri hökmünde syýahat edilmezden ozal waksina ýa-da PCR test netijesini görkezmek we zerur bolsa iki hepde karantinda bolmak ýaly şertleri girizip raýatlaryň erkin syýahatyny dikeltmeli. Her bir raýatyň deň derejede ýurda girip we çykyp bilmek konstitusion hukugyna we kanunlara iş ýüzünde hormat goýulmaly. Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 24-nji maddasyna görä, “Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy bardyr”.

Serhetler ýapyldy

2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli öz serhetlerini ýapdy we şu gün hem raýatlarynyň Türkmenistana erkin girip çykmaga mümkinçiligi ýok. Netijede, daşary ýurtlardan Türkmenistana uçýan we Türkmenistdan daşary ýurda gidýän uçar reýsleri hem bes edildi. Ýollar ýapylansoň ilkinji çarter reýsleri Türkmenhowaýollary tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýynda amala aşyryldy we 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri hem hiçhili çarter reýsleri hökümet tarapyndan gurnanylmady. Çarter reýsler bilen Türkmenistana gelen raýatlar, ýurtda 3 hepdelik mejbury karantinda oturmaly bolýarlar. Hökümet tarapyndan gurnaljak indiki çarter reýsiniň haçan boljaklygy hakynda maglumat berilmeýär.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz raýatlaryny we Russiýada ýaşamaga we işlemäge rugsatnamasy bolanlary alyp gitmek üçin Türkmenistandan Russiýa howa uçuşlaryny gurnaýar we 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda bu reýsleriň sany 24 ýetdi. Şeýle hem, Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasy hem Türkmenistandan Türkiýä her aý 1-2 sany reýsleri amala aşyrýar, ýöne bu reýslere hem kagyz ýüzünde reýsleriň diňe Türkiýäniň raýatlaryna açykdygy habar edilýär. Bildirişler Türkmen mediasynda gijä galyp berilýär – uçuşlaryň bellenen wagtyna 1-2 gün galan wagtynda.

Ilat nädip kösenýär?

Twitter platformasynyň gözleg düwmesinde “ýollar açylsyn”, “ýollary açyň”, “ýollar ýapyk” sözleriniň gözlegi türkmenistanlylar ýüzlerçe twitler arkaly ýollaryň ýapyklygy barada, onuň olaryň durmuşuna ýetirýän täsirleri barada öz aladalaryny bildirendigini we bildirmeklerini dowam edýändiklerini görüp bolýar.

Maşgalanyň abadançylygy we saglygy

  • Ýollar ýapyklygy sebäpli türkmenistanly maşgalalar bölündi we daşary ýurtda zähmet çekýän ene-atalar Türkmenistanda galan ýoldaşlaryny we çagalaryny görüp bilenoklar;
  • Daşary ýurtda işleýän/okaýan/ýurda gelip bilmeýänleriň Türkmenistandaky ýakyn maşgala agzalary aradan çykan ýagdaýynda olaryň ýasyna gidip bilmeýärler;
  • Daşary ýurtda aradan çykan Türkmenistanlylaryň jesedini Watanyna ugradyp bolmaýar we keseki ýurtda jaýlanýarlar;
  • Türkmenistanyň pasportyny ýitirenler, onuň möhleti dolan türkmenistanlylar pasportyny täzeläp bilmeýärler;
  • Saglyk ýagdaýlary ýaramazlaşan, ýurtda netijeli bejerilmeýän kesellere duçar bolan adamlar daşary ýurda çykyp bilmeýärler. Resmi rugsat bilen daşyna bejeriş üçin çykýanlaryň sany örän az.

Bilim

  • Daşary ýurtlardaky uniwersitetlere girenler we olardan stipendiýa kömegini gazanan studentler Türkmenistandan çykyp, okuwlaryna başlap bilmeýarler; 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan örän çäkli derejede Türkmenistandan studentleri daşyna ugradyp başladylar;
  • Moskwadaky Türkmen medeniýet jemgyýetiniň başlygy Gülnabat Tekäýewanyň aýtmagyna görä, Russiýada okuwyny gutaryp, Türkmenistana yzyna gaýdyp bilmän galan 10,000 golaý student Russiýada bikanun ýaşamaga mejbur bolýarlar;
  • Özbegistandaky türkmenistanly studentler okuwlaryny gutaryp, iş tapyp bilmän, garypçylykda ýaşaýarlar we ýollaryň ýapyklygy sebäpli ýurtlaryna dolanyp bilmeýärler. Olaryň arasynda öz janyna kast edenler hem bar.

Korrupsiýa

Eger Russiýanyň we Türkiýäniň ilçihanalary rugsat berseler, olaryň gurnaýan reýslerinden Türkmenistanyň raýatlary hem peýdalanyp bilýärler. Ýöne olar Türkmenistanyň Migrasiýa Gullugyndan rugsatnama almaly we dürli çeşmeleriň habarlaryna görä 5000$ ýakyn para bermeli diýip aýdylýar. Käbir çeşmelere görä, Istanbuldan Türkmenistana uçmak üçin bolsa Türkmen ilçihanasyna 1000-2000$ para bermeli diýen maglumatlar bar. Migrasiýa gullugy ilat arasynda giňden paýlaşylýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Syýahat

Hormatly okyjy, ýollaryň ýapylmagy seniň durmuşuňa nähili täsir etdi?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: