Progres.Online

Türkmenistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullary

2008-nji ýyldan bäri Türkmenistana gelýän pul serişdeleriň möçberi ýyl-ýyldan azalýar. 2008-nji ýylda ýurda 49mln $ remittans gelen bolsa, 2019-njy ýylda  ugradylan pul serişdeleriň möçberi bary-ýogy 1mln $ bolupdyr. Merkezi Aziýaly migrantlaryň öýüne ugratjak pullary 2021-nji ýylda hem ýene 8% azalar diýip çaklanylýar.

Dünýä boýunça 2019-njy ýylda migrantlaryň öýüne ugradan pullarynyň (rus. денежный перевод, iňlisçe. remittance)  mukdary  654 mlrd $ ýetipdir. Ekonomistleriň alyp baran gözleg işlerine görä, şeýle pul serişdeleriň orta girdejili we garyp ýurtlaryň  ykdysadyýetiniň ösmegindäki roly uly bolýar. 

Barlaga görä, ýurda gelýän remittans-iň mukdary 10% köpelen ýagdaýynda, ýurtdaky garyp ýaşaýan adamlaryň sany 3.5% azalýar. Şeýle hem, migrantlaryň öýüne ugradýan pullary olaryň maşgalasyna örän uly derejede kömek edýär. Olaryň maşgala agzalary şeýle maddy kömegi   iýmit, jaý, saglyk we okuw bilen bagly çykdaýjylara sarp edýärler, bergileri üzýärler we başga ýaşaýyş üçin  wajyp bolan hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Merkezi Aziýadaky trendler

Merkezi Aziýa ýurtlaryna barýan pul serişdeleri babatdaky maglumatlaryň iň täzesi 2019-nji ýyl üçin Dünýä Banky tarapyndan çap edildi:

Türkmenistan

Dünýä Bankynyň Türkmenistan barada paýlaşan grafigine seretsek, 2008-nji ýyldan bäri ýurda gelýän remittans-leriň sany ýyl-ýyldan azalýar. 2008-nji ýylda ýurda 49mln $ möçberinde remittans gelen bolsa, 2019-njy ýylda  ugradylan pul bary-ýogy 1mln $ bolupdyr. Muňa nähili sebäpler bolup biler?

  • Bu sanlaryň azalmagy ýurtda 2016-njy ýylda başlan dollaryň gara bazarynyň dörän döwrüne hem gabat gelýär, ýöne umumy remittanslaryň azalmagy 2014-nju ýylda başlapdyr. Daşary ýurtdaky migrantlar öz ýurduna pul ugradanlarynda dollarda we nagt şekilde ugratmak ähtimallyklary örän ýokary, sebäbi resmi taýdan banklaryň üstünden ugradan ýagdaýlarynda o pullar ýurtdaky dollaryň resmi kursuna görä (3.5 manat) geçirilip berilýär. Şu ýagdaýy göz öňüne tutanymyzda, ýurda ugradylýan pullaryň resmi şekilde görkezilýän möçberinden has ýokary boljagyny çaklap bilýäris.
  • Türkmenistanyň bank kartlary ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4,4 milliona ýetipdir diýip habar berilýär. Bu kartlaryň funksiýalary: aýlyklar milli manatda kartda almak, o pullary terminallardan çekmek, dükänlaryň käbirlerinde kartlaryň üsti bilen töleg etmek we   karz pul almak. Bu kartlaryň kömegi bilen onlaýn şekilde daşary ýurda pul ugradyp bolmaýar we daşary ýurtdan pul kabul edip bolmaýar. Şeýle hem, ilatyň diňe 2%-i online söwda we töleg amala aşyrýar.
  • Türkmenistandan daşary ýurda pul ugratmagyň iki usuly bar: dollaryň resmi kursdan Western Union arkaly aýda 50$ we Visa Card arkaly bolsa aýda 100$ möçberinde pul ugradyp bolýar. Şeýle hem, daşary ýurtdan türkmen kartynyň üsti bilen Türkmenistana pul ugradyp bolmaýar we  kartlary diňe terminallardan pul çekmek we dükanlarda töleg üçin ulanyp bolýar. Daşary ýurtdan,  beýleki walýutalarda müşderiniň Türkmen bankyndaky resmi hasabyna Swift arkaly pul ugradyp bolýar, ýöne banklar oňa puly berenlerinde dollaryň resmi kursuna görä bölüp, manatda berýärler.
  • Muňa garamazdan, adamlar başga pul ugratma ýollaryny tapýarlar we dürli adamlaryň üsti bilen Türkmenistana nagt şekilde pul ugradýarlar. Ol iberilen pullar banklaryň üstünde geçmeýäni sebäpli resmi remittans hasabatlaryna girenoklar. Türkmenistandan daşary ýurda gidýän emigrantlaryň sany ýokary bolup durýany sebäpli bu hem ýurda gelýän pullarynyň mukdarynyň 1mln $-dan has ýokary bolup biljekdigine güwanama hökmünde seredilip bilner.

Koronawirus pandemiýasynyň ýetiren zyýanlary

Dünýä Bankynyň hasabatyna görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýyldaky remittans mukdary bütindünýäde 14% azalar. Bu san Merkezi Aziýa sebiti üçin has hem uly bolar, ýagny  iberilýän serişdeler 16% azalar diýip hasaplanylýar. Pandemiýa sebäpli birnäçe ýurtlar ykdysady çökgünlige duçar boldy we birnäçe adam işsiz galdy. Hasabata görä, daşary ýurtda işleýän migrantlar bu ykdysady krizisde has köp zyýan görüpdirler, sebäbi olaryň işleýän sektorlary (serwis sektory, gurluşyk, turizm) krizisa garşy çydamly bolman, birnäçe adam işini ýitiripdir. Netijede, Merkezi Aziýaly migrantlaryň öýüne ugratjak pullary 2020-nji ýylda 16% azalypdyr.

2021-nji ýylda näme garaşmaly?

Migrantlaryň öýüne ugratjak puly 2021-nji ýylda koronawirus döwründen öňki 2019-nji ýyldaky mukdar bilen deňeşdirilinde orta we pes derejeli ýurtlarda ýene 7.5 % azalar diýip çaklanylýar. Oňa esasy sebäpler hökmünde, migrantlaryň işleýän ýurtlarynda ykdysady ösüşiň haýal bolmagy we iş bilen üpjünçiligiň öňki derejesine gaýdyp gelmezligi bellenilýär. Şeýle hem ýangyç bahalarynyň düşmegi we migrantlaryň işleýän ýurtlaryndaky walýutanyň nyrhy dollara garşy peselmegi hem möhüm sebäpleriniň biridir.  Merkezi Aziýaly migrantlaryň öýüne ugratjak pullary 2021-nji ýylda hem ýene 8% azalar diýip çaklanylýar.

Hormatly okyjy, seniň maşgalaňda migrant işçisi barmy? Sen türkmenistanly migrantlaryň öýlerine iberýän pul serişdelerine nähili garaýarsyň? Şeýle pullar ykdysadyýet üçin wajypmy?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: