Progres.Online

Türkmenistan iň haýal internetli ýurt

Cable.co.uk neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistan internet tizligi boýunça dünýäde iň yzdaky hatarlaryň birini eýeleýär.

Internetiň iň haýal tizligi bilen tanalýan dünýäniň bäşligi: Türkmenistan (0.50 Mbit /sek), Yemen (0,68 Mbit /sek), Efiopiýa (1.20 Mbit/sek), Gwineýa-Bissau (1.24 Mbit /sek) we Ekwatorial Gwineýa (1.30 Mbit / sek). Bu ýurtlaryň hemmesi ösmedik telekommunikasiýa infrastrukturasyndan we ilatyň arasynda sanly hyzmatlaryň pes derejede bolmagyndan ejir çekýär.

Dünýäde iň çalt interneti bolan bäş ýurt Jersi (274,27 Mbit /sek), Lihtenşteýn (211,26 Mbit /sek), Islandiýa (191.83 Mbit /sek), Andorra (164.66 Mbit /sek) we Gibraltar (151.34Mbit /sek). Bu ýurtlaryň ählisi Günbatar Ýewropada ýerleşýän gaty kiçi ýa-da ada ýurtlarydyr. FTTP doly süýümli giň zolakly we 5G ykjam internetini has az ilata we / ýa-da has kiçi bir ýerde ýaýratmak has aňsat bolýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda

Öňki SSSR-e giren 11 ýurtlarda ortaça tizlik 12.87 Mbit/sek.

Sebitdäki iň ýokary tizlikli üç ýurt: Russiýa Federasiýasy (35,73 Mbit/s, 66-njy ýer), Ukraina (25,26 Mbit/s, 77-nji ýer) we Belarus (19.86 Mbit/sek, 92-nji)

Sebitde internet tizligi boýunça iň haýal ýurtlar: Türkmenistanda (dünýäde iň haýal – 0,50 Mbit/sek, 224-nji ýer), Täjigistan (1.82 Mbit/sek, 211-nji ýer) we Gazagystan (5.83 Mbit/sek, 173-nji ýer)

Türkmenistanda

2021-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanda 2.01 million internet ulanyjysy bar. Tutuş Sowet giňişliginde Türkmenistan telekommunikasiýa pudagynyň iň ösmedik ýurdy bolmagynda galýar. Muňa döwletiň ýokary monopoliýasy, bazaryň inwestorlar üçin ýapyklygy we döwlet edaralarynyň talaplaryndan maýadarlaryň goragsyzlygy sebäp bolýar. Ýurduň içerki rezerwlarynyň mobil aragatnaşyk we internet üçin doly infrastrukturany gurmak üçin ýeterlik däldigi sebäpli, ýurt üçin has köp daşary ýurt maýa goýumlary zerur bolup durýar. Ýatlatsak, Russiýanyň MTS kompaniýasy Türkmenistan hökümeti tarapyndan basyşlara çydap bilmän, ýurtdan çykmaly boldy. MTS-yň Türkmenistanda 2.5 milliona ýakyn müşderileri bardy.

BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna görä, ähli ýurtlar internetiň bahasyny 1 aýlygyň 5%-den az bolmagyny maksat edinmeli. Türkmenistanda iň pes internetiň bahasy 100 manat bolup ýurtdaky iň pes aýlygyň 10,4%-ne barabardyr. Ýurtda iň gymmat internetiň aýlyk bahasy 200 manat we ol 1 aýlygyň 20,9%-den ybarat. Dünýäniň ösen ýurtlarynda raýatlaryň ortaça internet üçin aýda sarp edilýän möçberi ABŞ-da 4%, Germaniýada 1.5%, Beýik Britaniýada 2% we Russiýada 3.75%.

Şäherdäki iň tizlikli internet bilen bir filmi ýüklemek üçin 66 minut garaşmaly bolsa, obadaky iň güýçli internet bilen 90 minutlyk bir filmi ýüklemek üçin 264 minut, ýagny 4.5 sagada ýakyn wagtlap garaşmaly bolaryn.

Global Network Initiative guramasynyň çykaran formulasyndan ugur alyp, Progresyň çykaran hasaplaryna görä, Türkmenistanda internet petiklenen wagty ýurduň ekonomikasyna bir günüň dowamynda USD 348.000 barabar negatiw täsir, ýitgi ýetirilýär. Bu bolsa bir ýylyň dowamynda USD 127 milliona ýakyn ykdysady ýitgä deňdir. Internetiň elýeterliligi we tizligi ýurduň söwda-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy faktorlaryň biridir.

Internetsiz geljek

Adam kapitaly – adamyň tejribesiniň we başarnygynyň ykdysady gymmaty hökmünde kesgitlenilýär. Muňa adamyň bilim, okuw, akyl, başarnyk we saglyk ýagdaýlary hem degişlidir. Bütindünýä Bankynyň 2020-nji ýyl üçin taýýarlan adam kapitaly indeksine görä, Merkezi Aziýada doglan çaganyň häzirki adam kapitalynyň bary-ýogy 50-63% potensialyna ýetip biljekdigini görkezdi. Merkezi Aziýada ykdysadyýetiň, bilim we saglyk pudaklarynyň beýleki ösen ýurtlaryňkydan pes derejede bolmagy şeýle potensiýalyň aladalandyrýan görkezijisiniň esasy sebäpleridir. Internetiň haýal bolmagy we çäkledililmegi ilaty döwrebap maglumatlary almakada mahrum edýär, jemgyýetimiziň düşünjeleriniň we biliminiň 20-nji asyrda galmagyna getirýär.

Şeýle hem, Covid-19 ýaly pandemiýa döwründe mekdepler we uniwersitetler mejbury şekilde ýapylan ýagdaýynda, okuwlaryň üznüksiz onlaýn şekilde dowam edip bilmegi üçin ýokary tizlikli we elýeterli internediň bolmagy örän wajypdyr. Mekdepleriň we uniwersitetleriň alternatiwa tapylmazdan (meselem telewideniýany ulanmak ýaly) ýapylmagy bolsa adam kapitalyna ýaramaz şekilde täsirini ýetirer.

Türkmenistanda Aziýanyň Ösüş Bankynyň krediti bilen 5G hyzmatlary meýilleşdirilýär, ýöne hyzmatlaryň işe giriziljek senesi barada açyk çeşmelerde maglumat ýok.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: