Progres.Online

Türkmenistanyň ykdysadyýetine degişli sanlar: Ykdysadyýetçiniň analizy

2021-nji ýylyň 10-nji noýabrynda Orient.tm neşiriniň Instagram sahypasynda (diňe rus dilinde) Türkmenistanyň ykdysadyýetine degişli sanlar çap edildi. Bu maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň (TDDYIB) başlygy Rahymberdi Jepbarow Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Mihael Linhertyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri baradaky geçirilen duşuşygynda habar berdi.

Bu sanlar TDDYIB-nyň web sahypasynda çap edilmändir. Sanlaryň köpüsi 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýar, ýagny 8 aýyň içindäki ýetilen sepgitler barada gürrüň barýar. Bu sanlara kontekst berip, men olary has giňişleýin düşündirmäge synanyşaryn.

Orient: TDDYIB-nyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň daşarky bergisi ýurduň JIÖ-niň 11%-den geçmeýär.

Daşarky bergi belli bir ýurduň daşary ýurduň hökümetlerine, korporasiýalaryna bolan bergilerine aýdylýar. Şertnamadaky belliklere görä üýtgäp, bergiler walýuta, harytlar ýa-da hyzmatlar arkaly yzyna tölenilip bilinýär. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) çaklamasyna görä, Türkmenistanyň JIÖ-ni 2021-nji ýylda 53.09 mlrd USD bolar we onuň ujundan 11% hasaplasak, Türkmenistanyň daşarky bergisi 5.83 mlrd USD deň bolýar.

Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşarky bergisi 2020-nji ýylda 5.6 mlrd USD deň bolupdyr. Ne Orient, ne-de Jepbarow Türkmenistanyň JIÖ-niň umumy möçberini aýan etmeýärler we ýurduň daşarky bergisi JIÖ-niň 11% diýip çäklenýärler. JIÖ-niň anyk mukdaryny bilmän, onuň 11% hasaplap çykarmak kyn bolýar. Şo sebäpden, biz HPG we Bütindünýä banky ýaly halkara guramalaryň sanlaryny ulanmaly bolýarys.

Bu san nämäni aňladýar?

2021-nji ýyldan öňdäki döwürlere degişli Türkmenistanyň daşarky bergisi barada döwlet edaralary we habar beriş çeşmeleri tarapyndan hiç-zat onlaýn şekilde çap edilmändir. Emma Bütindünýä Bankynyň maglumatlary elýeterli we Türkmenistanyň daşarky bergisiniň umumu mukdary soňky 4 ýylda 8.65 mlrd USD-den 2020-nji ýylda 5.63 mlrd USD çenli azalypdyr, ýagny 34.91% aşak düşüpdir. Jemi Milli Girdejiniň paýyna görä hasaplasak, Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň az daşarky bergili ýurt Türkmenistan eken.

Orient: 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda bankyň karz bukjasynyň düzümi aşakdakylardan ybarat: nebit-gaz pudagy – 49%, himiýa senagaty – 18%, elektrik togy – 11%, oba-hojalyk – 10%, transport we aragatnaşyk – 10% we beýleki pudaklar – 2%.

Şeýle hem, Orient-iň paýlaşan grafigindäki maglumatlara görä, Türkmenistanyň alan karzlarynyň iň ulu paýy 48% bilen Ýaponiýa döwletine degişlidir we şeýle hem Günorta Koreýa (17%), Saud Arabystan (12%), Germaniýa (6%), ABŞ (5%), Hytaý (3%), Şweýsariýa (2%) we halkara maliýe guramalarynyň (7%) Türkmenistana beren karz pullarynyň paýy şulardan ybaratdyr.

Ýokardaky sanlardan görşümiz ýaly, alnan karzlaryň hemmesi döwletiň monopoliýalyk edýän pudaklaryna gönükdirilipdir. Olaryň arasynda diňe oba-hojalyk pudagy monopoliýa degişli däl. Döwlet karzlaryna degişli maglumatlar diňe daşary ýurduň ilçilerine aýdylman, eýsem ýurduň Maliýe ministrliginiň web sahypasynda halka açyk şekilde çap edilmegi salgyt töleýän ilat üçin has peýdaly bolar. Türkmenistanyň içinde iş alyp barýan hususy telekeçileriň daşarky bergileri barada anyk maglumatlar paýlaşylmaýar.

Orient: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň mukdary 9.192 mlrd USD we onuň 5.472 mlrd USD eksport we 3.720 mlrd USD import.

Daşary söwda dolanşyk – bu belli bir ýurduň söwda tarapyndan eden eksport we importynyň birlikdäki mukdarydyr. Ýokarky sanlarda görşümiz ýaly, 5.472 mlrd USD eksport bilen 3.720 mlrd importyň birlikdäki mukdary 9.192 mlrd USD deň bolýar. Bu san Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygynyň umumy mukdarydyr.

Orient-däki sanlara görä, 2021-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda Türkmenistan iň köp mukdarda 2.9 mlrd USD möçberinde Hytaý döwletine eksport edipdir, şeýle hem Russiýa (678 mln USD), Türkiýä (451 mln USD), Owganystana (295 mln USD), Gruziýa (280 mln USD) we beýleki ýurtlara (605 mln USD) hem eksport amala aşypdyr.

Şol bir wagtyň içinde, Türkmenistan iň köp mukdarda Türkiýeden 1.1 mlrd USD möçberinde import edipdir, şeýle hem BAE (502 mln USD), Russiýa (408 mln USD), Hytaý (290 mln USD), Hindistan (130 mln USD) we beýleki ýurtlardan (1.9 mlrd USD) import edilipdir.

Näme bilemzok? Çapraz gelýär?

Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygynyň her ýyldaky mukdarlarynyň sanlaryny okamak we düşünmek üçin Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň web sahypasynda çap edilmegi ilata, ykdysadyýetçilere, ýurdy öwrenýän hünärmenlere örän peýdaly bolar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 2021-nji ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,6% ýokarlanypdyr.

Orient: Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowa görä, Türkmenistanyň söwda balansy pozitiw şekilde we onuň mukdary 1.751 mlrd USD.

Yurduň söwda balansy – bu belli bir ýurduň eksport we import arasyndaky tapawudy we ony hasaplamak üçin umumy eksportyň ujundan importyň mukdaryny aýyrýarlar.

Meselem, Türkmenistanyň eksporty 5.472 mlrd USD we onuň ujundan 3.720 mlrd USD mukdarda bolan importy aýyrsak, 1.751 mlrd USD söwda balansy emele gelýär. Eksportyň mukdary importyňkydan köp bolsa, söwda balansy hemişe pozitiw bolar.

2021-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda, Türkmenistanyň eden eksportlary aşakdaky pudaklardan ybaratdyr:

PudakEksport mukdary (USD)
Tebigy gaz3.5 mlrd
Nebiti gaýtadan işlemek655 mln
Pagta ýüplük205 mln
Benzin136 mln
Dökünler132.9 mln
Elektrik togy132 mln
Pagta matalary101 mln
Tekstil84 mln
Oba hojalyk72 mln
Sulfur68.9 mln
Suwuklandyrylan gaz42.5 mln
Polipropilen36.5 mln

Çeşme: Orient-iň maglumatlary esasynda, makalanyň awtorlary tarapyndan döredildi

Ýokarda görşümiz ýaly, 2021-nji ýylyň ilkinji 8 aýyndaky Türkmenistanyň umumy eksportlarynyň 84.4% nebit-gaz we beýleki tebigy resurslardan ybaratdyr. Bu bolsa, Türkmenistanyň eksportynyň we ykdysadyýetiniň uly böleginiň nebit-gaz pudagyna garaşlydygynyň alamatydyr. Beýle ýokary derejede bolan garaşlylygyň riskleri bar we nebit-gaz bahalarynyň dünýä bazarlarynda bahalary düşen mahalynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetine batly urgy bolýar.

Rahymberdi Jepbarow: “Diňe 2021-nji ýylyň içinde bu bank daşary ýurt maliýe guramalary bilen jemi 236 million USD mukdarynda bäş sany şertnama baglaşdy. Bu serişdeler, ýaşyl energiýa, oba hojalygy, himiýa, ulag, hususy sektordaky kiçi we orta kärhanalardaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin ulanylar.”

Daşary Ykdysady iş bankynyň 236 million USD mukdarynda baglaşan 5 sany şertnamasyna degişli takyk maglumatlar elýeterli däldir. Bu 5 sany şertnama haýsy daşary ýurt maliýe guramalary girýär we bellenilen 236 million USD karz hökmünde berildimi ýa-da grant? Karz alynan bolsa ol näçe göterim şerti bilen yzyna tölenilmeli? Bu serişdeler arkaly maliýeleşdiriljek taslamalar haýsy kärhanalara berildi? Bu kärhanalar döwlete degişli ýa-da hususy kärhanalarmy? Alynan karzlaryň mazmunlarynyň (şertleri, talaplary) halk bilen açyk şekilde paýlaşylmagy banklara we hökümete bolan ynamy artdyryp, korrupsiýanyň we pul ýuwma ýaly amallaryň azalmagyna getirip biler.

Nämeler edilmeli?

Ýurduň raýatlary Türmenistana degişli makroykdysady görkezijileri Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika barada Döwlet Komitetiniň web sahypalarynda “Makroykdysadyýete degişli görkezijiler” atly kategoriýa ýerleşdirilip yzygiderli her ýylyň dowamynda Türkmenistanyň JIÖ, daşary söwda gatnaşygy, söwda balansy, daşarky we içerki karzlary, inflýasiýanyň derejeleri we işsizlik derejeleri halka açyk şekilde maglumat berilmeli. Paýlaşylan sanlara düşünmek üçin, soňky ýyllardaky ýetilen ykdysady görkezijileri, sebitdäki, dünýädäki trendler bilen deňeşdirip, grafikler arkaly wizuallaşdyrylmaly.

Türkmenportal habarlar çeşmesi 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Statistika barada Döwlet Komitetine ýüz tutup, 2018 we 2017-nji ýyllar arasynda Türkmenistanyň eksport we importyna degişli maglumatlary çap edipdir. Bu esasy we jemgyýetiň durmuşyna degişli sanlary Komitetiň web sahypasyndan tapmak başartmaýar. Eger şeýle wajyp ykdysady görkezijiler halk bilen paýlaşylmajak bolsa, olary hasaplamagyň we çöplemegiň näme peýdasy bar?

Surat çeşmesi

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: