Progres.Online

“Tebigy baýlyklaryň gargyşy”

“Tebigy baýlyklaryň gargyşy” (ресурсное проклятие, resource curse)

Tebigy resurslarynyň (nebit, gaz we beýleki minerallar) artykmaçlyk etmegi we olardan gazanyljak girdeji bir ýurt üçin uly bereket ýaly görünse hem, alymlaryň aýtmagyna görä bu hadysa tersine ýurt üçin gargyşa öwrülip bilýär. Tebigy resurslara baý bolmadyk ýurtlar bilen deňeşdirilende, barlaglar tebigy baýlyklara baý bolan ýurtlarda ilatyň pes durmuş-ýaşaýyş şertleri, haýal ösýän, durnuksyz ykdysadyýetiň, awtoritar rezimiň, ýokary derejede korrupsiýa, ilatyň närazylygy we başga-da birnäçe syýasy, ykdysady we sosial problemalaryň ýüze çykma ähtimallygy ýokary bolýar diýip görkezilýär.

Tebigy baýlyklaryň mukdary köp bolup, olaryň dünýä bazaryndaky bahasy ýokary bolmagy bir ýurt üçin örän peýdaly bolup bilýär we o ýurtdaky gerekli infrastruktura, ylym-bilim we saglyk sistemasyny gowylandyrmak üçin maýa goýum etmäge örän gowy mümkinçilikdir. Emma, gynansakda, hemme hökümetler bu tebigy serişdelerden gelýän girdejini dogry, durnukly we paýhasly şekilde harçlap bilmeýärler.

Oil & Gas Journal” çeşmesine görä, Türkmenistandaky nebit rezerwleriniň möçberi 20 mlrd we tebigy gaz rezerwleriniň mukdary bolsa 50 trillion metr kub. Şeýlelik bilen, tebigy gaz rezerwleri boýunça Türkmenistan dünýäde 4-nji orny eýeleýär we bu bolsa dünýä gaz rezerwiniň 10%-ne deňdir, diýip Bütindünýä banky belläp geçýär.

The Observatory for Economic Complexity (OEC) çeşmesine görä, Türkmenistanyň 2019-nji ýylynyň umumy eksportlarynyň 92.3% tebigy resurslardan (81.4% tebigy gaz) ybarat we resurslardan edilen girdeji 8.6 mlrd USD deň boldy. Şeýle hem, umumy eksportlaryň 82% Hytaý döwletine edilýär. Netijede, girdeji çeşmesiniň 81.4% ýekeje haryda (tebigy gaz) we eksportlaryň satylýan ýeriniň hem 82% ýekeje ýurda (Hytaý) garaşly.

Tebigy baýlyklary dolandyrmak indeksi

Resoure Governance Index”, ýagny tebigy serişdeleri dolandyrmak indeksi, tebigy resurslara baý bolan ýurtlaryň dolandyryş ukybyny ölçeýär. Bu indeksde tebigy resurslara baý bolan jemi 89 sany ýurt ýer alýar we Türkmenistan bularyň arasynda 88-nji ýaramaz orny eýeleýär. Bu indeksiň Türkmenistan hakynda berýän maglumatlarynyň gysgaça beýany:

  • “Türkmengaz” Ýewraziýadaky döwlet eýeçiliginde bolan kärhanalarynyň arasynda iň erbet netije görkezýär we bütin dünýädäki 52 nebit-gaz kärhananyň arasynda dolandyryjylyk boýunça 51-nji orunda durýar; “Türkmengaz” döwlet konserni tebigy gazy gözlemek, çykarmak, taýýarlamak, akdyrmak we gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýar;
  • Türkmengaz harytlaryň satuwy, önümçiligiň we girdejiniň mukdary barada maliýe hasabatyny aç-açan paýlaşmaýar we indeksde bu kategoriýalar boýunça bu kärhana iň soňky orunlarda durýar;
  • Türkmenistan hökümeti nebit-gazdan gelýän girdejileri dolandyrmak boýunça 100 balyň içinden 0 bal eýeleýär;
  • Jogapkärçilik boýunça: 1 bal (raýatlaryň hökümeti saýlama erkinlikleri we söz we metbugat azatlygy. Bu azatlyklar bolmasa resurslardan gelýän girdejiler hakynda maglumat ilatdan gizlin saklanýar);
  • Tebigy resurslary dolandyrmakda döwletiň netijeliligi: 30 bal;
  • Maglumatlaryň açyk bolmagy: 13 bal (resurslaryň mukdary, olardan edilýän girdejileriň mukdary we nädip sowulýanyny ölçeýär);
  • Korrupsiýa gözegçilik etmek (16 bal), kadalaşdyrmagyň hili (4 bal) we kanunyň hökmürowanlygy (11 bal) görkezijileri tebigy resurslara degişli kada-kanunlaryň netijelilik derejesini ölçeýär. Eger olar gowşak ýerine ýetirilse, tebigy resurslary dolandyrşda negatiw täsirler köp bolýar.

Goňşy ýurtlarda

Sebitdäki ýurtlardan şeýle hem Özbegistan, Gazagystan, Azerbeýjan we Russiýa hem tebigy baýlyklaryň uly gorlaryny özünde saklaýar we bu indeksde ýer alýarlar. Tebigy resurslary dolandyrmak indeksindäki 89 ýurduň arasynda ýatlatsak Türkmenistan 88-nji ýeri alan bolsa, Özbegistan 80-nji, Russiýa 50-nji, Azerbeýjan 47-nji we Gazagystan 25-nji orny eýeleýär.

Tebigy baýlyklaryň gargyşyndan nädip halas bolmaly?

Bu çylşyrymly problemany çözmek üçin, ykdysadyýetçiler dürli çözgütleri hödürlemäge synanyşdylar, ýöne tebigy baýlyklaryň gargyşyndan gutulmagyň bir anyk jadyly formulasy ýok. Çözgütler ýurduň ykdysady we adam resurslarynyň ösüş derejesine, tebigy resurslara nä dereje garaşly bolanlygyna we bu resurslaryň näçe wagta ýetjegine görä üýtgeýär.

Bütindünýä Bankynyň hödürleýän iň wajyp çözgütleri:

  • Tebigy serişdelerden gelýän girdejilere bolan garaşlylygy azaltmak üçin ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak. Ony amala aşyrmak üçin nebit-gaz pudagy bolmadyk beýleki senagatlary ösdürmek;
  • Makroykdysady ýagdaýlary stabil, durnukly derejede saklamak. Bularyň içine inflýasiýa, JIÖ, ýerli walýutanyň hümmedi we ş.m. ykdysady görkezijiler girýär;
  • Jemgyýetçilik infrastrukturasyna maýa goýum etmek;
  • Ykdysady ösüşe wajyp bolan adam kapitalyny ösdürmek üçin ylym-bilim pudagynyň hilini artdyrmak;
  • Biznes açmagy we dolandyrmagy aňsatlaşdyrmak we hususy pudagy ösdürmek;
  •  Stabilizasiýa fondyny gurnamak, ýagny nebit-gazyň bahasy dünýä bazarlarynda gymmat bolan wagtynda, olardan geljek girdejileriň hemmesini sowman, gelejekde boljak kyn günler üçin pullary bu fonda ýatyrmak;
  • Nebit-gazdan gelýän girdejilerden özygtyýarly fond açmak we o pullary dünýä bazaryndaky kärhanalarda maýa goýum etmek;
  • Tebigy resurslarynyň sawuwyndan gelýän girdejileri ilat bilen paýlaşyp, ýurtda garyplyk derejäni azaltmak, adam ösüşini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy gorap indiki nesillere ýetirmek.

“Tebigy baýlyklaryň gargyşyny” haýsy ýurtlar ýeňip geçipdir?

Tebigy baýlyklaryň gargyşyny üstünlikli ýeňen ýurtlar hökmünde Dünýäbanky Botswanany we Çilini mysal hökmünde görkezýär. Botswanada resurslardan gelýän girdejileriň hemmesini sowman, olary tygşytly saklapdyr we daşary ýurtdan hem bergi almandyrlar. Şeýle hem, ýerli önümçiligi diwersifikasiýa etmek arkaly gargyşy ýeňipdirler. Çilide tebigy resurslaryň köp bolmagyna garamazdan, häkimiýetler ykdysadyýeti üstünlikli şekilde diwersifikasiýalaşdyrypdyr we 2800 sany dürli harytlary 120 sany ýurda ekport etmegi başarypdyrlar. Gargyşy üstünlikli ýeňen ýurtlardan şeýle hem Kanadany we Norwegiýany görkezse bolar.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: