Progres.Online

Pylan ýerde bir näçe million ABŞ dollaryny harçlap pylan zat gurdular

Sen şeýle habarlara duş gelýärsiňmi? Biziň ýurdumyzda şeýle ýagdaýlar ykdysadyýetiň haýsy pudagynda bolýandygy barada häli-şindi eşidip bolýar?

Ýewropa Bileleşiginiň Maliýe Serişdelerine Gözegçilik Toparynyň (EUMCC) kesgitlemesine görä, “pul ýuwmak” – bu “hapa” serişdeleri alyp, olary “arassa” gaznalara öwürmek prosesine aýdylýar. Bu kesgitlemedäki “hapa maliýe serişdeleri” – jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejiler bolup, olaryň hakyky eýeçiligini gizlemek maksady bilen bu serişdelerin dürli “arassa” emläklere maýa goýum edilmek arkaly ýerine ýetirilýän prosese aýdylýar.

Pul ýuwmak prosesi 3 sany esasy basgançakdan ybaratdyr.

Ýerleşdirmek – pul ýuwmagyň ilkinji basgançagy we jenaýatçylar tarapyndan gazanylan gara pullaryň finans sistemasyna goşulmagyny öz içine alýar. Bularyň içine: bankomatlar arkaly ýa-da banklara gidip pullary ýatyrmak; ownuk pullary iri pullara çalyşmak; nagt pullary başga şäherlere çykarmak ýaly hereketler girýär.

Gatlaklamak – pul ýuwmagyň ikinji ädimi bolup durýar we bu ýerde hapa pullary “aklamak” maksady bilen birnäçe banklar arasy transferler amala aşyrylýar. Meselem, daşary ýurtlardaky ofşor (offshore) bank hasaplara pullary ugratmak; çylşyrymly maliýe transferlerini döretmek; ätiýaçlandyryş harytlary almak ýaly hereketlerden ybarat. Ofşor bank hasaby bolanda, meselem, men Türkmenistanda ýaşaýan bolsam we ýurduň daşyndaky (daşary ýurtlarda) islendik bank hasabynda pulumy saklaýan bolsam, onda şo hasaba ofşor bank hasaby diýilýär. Ýaşaýan ýerimdäki bank hasabynda pulumy saklaýan banklara onşor (onshore) banklar diýilýär. Ofşor banklaryny diňe pul ýuwmak üçin ulanman, eýsem salgyt tölegleriniň we biznes kada-kanunlarynyň aňsat bolanlygy sebäpli hem ulanylýar.

Integrasiýa – pul ýuwmagyň üçünji basgançagydyr. Bu ädimde banklara ýatyrylan hapa pullaryň kömegi bilen birnäçe maýa goýum etmek arkaly “puly arassalamak” üçin gowy bahana tapylýar. Meselem, bu pullara birnäçe täze biznesleri we täjirçilik emläkleri satyn almak, senagatlara maýa goýum etmek, lýuks harytlary we kaşaň jaýlary satyn almak ýaly emelleri öz içine alýar.

Pul nähili ýuwulýar?

Suratyň çeşmesi: Ýewropa Bileleşiginiň Maliýe Serişdelerine Gözegçilik Topary

Türkmenistan

Türkmenistan pul ýuwmaga garşy döredilen birnäçe halkara we regional guramalaryň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) agzasy hökmünde bütindünýä derejesinde pul ýuwmaga garşy göreşýän “Maliýe Hereket Topary” (Financial Action Task Force – FATF) toparynyň agzasydyr. Şeýle hem, Türkmenistan, “Ýewraziýa Grupbasy” atly regional guramanyň agzasy hökmünde Ýewraziýa sebitindäki pul ýuwma we terrorizmi maliýeleşdirme hereketlerine garşy çäreleri goldaýar.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy döredildi. Bu edara şeýle hem 2019-njy ýyldan bäri “Egmont Group” atly guramanyň agzasy boldy we bu gurama pul ýuwmaga we terrorçylyk işlerini maliýeleşdirmege garşy göreşýän edaralaryň arasynda terjribe we maglumat paýlaşmak üçin platforma hödürleýär.

Bulardan başga hem, Türkmenistanda ÝHHG we BMG-nyň Neşe we Jenaýat Bölümi ýygy-ýygydan pul ýuwmak temasyna degişli seminarlary geçirip durýar.

Näçe pul ýuwulýar?

BMG-nyň Neşe we Jenaýat Bölümine görä, bir ýylyň dowamynda bütin dünýädäki ýuwulýan pullaryň mukdary umumy JIÖ-niň 2-5%, ýagny 800 mlrd USD – 2 trillion USD töwerek diýip çaklanylýar. Pullaryň ýuwulmagy birnäçe gizlin ädimlerden ybarat bolanlygy üçin olaryň anyk mukdaryny hasaplamak örän kyn.

Pul ýuwmak arkaly şeýle hem terrorist we ekstremist toparlary maliýeleşdirilýär. Bu bosa bütin dünýädäki asudalyga howp salýar. Terroristlere gelýän pullar kanuny çeşmelerden (biznesleriň girdejileri, haýyr-sahabat guramalary) we kriminal serişdeleriň satuwyndan (neşe söwdasy, ýarag, adam gaçakçylygy) gelip bilýär.

Pul ýuwmak üçin haýsy pudaklar has köp ulanylýar?

Gurluşyk:Central and Eastern European Law Initiative” institutynyň aýtmagyna görä, gurluşyk şertnamalary arkaly hem hökümetler pul ýuwup bilýärler. Bu gurluşyk şertnamasyndaky proýektiň çykdajysyny bolmalysyndan has artykmaç ýazmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem, kontraktlar tenderler arkaly berilende dürli korrupsion shemalar hem amala aşyrylýar.

Jaýlar: Iň köp pul ýuwulýan senagatlaryň ýene biri daşary ýurtlardan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak arkalydyr. Pul ýuwmagyň üçünji ädiminde (integrasiýa) amala aşyrylýan bu hereket, dünýäniň her künjeginde giňden ýaýrandyr. London, Wankuwer we ş.m. uly şäherlerde gymmat bahaly jaýlar satyn almak arkaly ýerine ýetirilýär. Panama kagyzlaryndaky maglumatlara salgylanyp, Guardian neşiriniň habar bermegine görä, dürli ýurtlardaky hökümetleriň liderleri we olaryň egindeşleri Beýik Britaniýada we başga ýerlerde milliardlarça mukdarda puly ýuwmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlaryny satyn alypdyrlar. Bularyň arasynda Pakistanyň, Birleşen Arab Emirlikleriniň, Yragyň, Nigeriýanyň we başga-da birnäçe ýurtlardaky syýasatçylaryň alyp baran işleri barada paýlaşyldy.

Söwda merkezleri: Pul ýuwmagyň ýene bir usuly, restoran, söwdä merkezleri we ş.m. biznesleri açyp, onuň girdejisini emeli şekilde köp görkezmek üçin hapa pullary girdejiler bilen garyşdyryp restoranyň, söwda merkeziniň bank hasabyndan puly geçirip aklap bolýar.

Kripto walýutalar: Bitcoin ýaly kripto walýutalaryň arkasy bilen hem pullary ýuwmak mümkinçiligi döredi we olary yzarlamak örän kyn bolup durýar. Bulardan başga hem gymmat sungat eserlerini satyn almak arkaly hem pullar ýuwulýar. Sungat eserleriniň 50% ilata açyk bolmadyk ýagdaýda satylýar.

Futbol klublary: Pul ýuwmak şeýle hem daşary ýurtlardaky hususy futbol klublaryny satyn almak arkaly hem amala aşyrylýar. Finans tarapdan gowşak futbol klublaryny satyn almak arkaly hapa pullary aradan geçirýärler. Klubyň administrasiýasy öz sponsorlaryny ýitirmejek bolup pul ýuwmak hadysasyny habar bermekden saklanyp bilýär.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: