Progres.Online

Kim utýar, kim utulýar?

Türkiýedäki Türkmenistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullary

Ykdysatçynyň analizy

Türkmenistanda dörän ýiti ykdysady krizis we iş mümkinçilikleriniň azalmagy sebäpli birnäçe türkmenistanlylar Türkiýä işlemäge gitdiler. 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri türk liransynyň hümmetiniň uly derejede aşak düşmegi türkmenistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullaryna ýaramaz täsir edýär.

Türk lirasynda gazanylýan aýlyklar

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 1 ABŞ dollary 8.8 Türk lirasyna deň bolan bolsa, bu 13-nji dekabrda 1 ABŞ dollary 14.3 Türk lirasyna deňdir, ýagny şu aralykda liranyň hümmeti 62.5% pese gaçdy. Türkiýede zähmet çekip, lirada aýlyk alyp, ony dollara bozduryp Türkmenistana ugradýan işçi migrantlar üçin bu gaty erbet ýagdaý. Bütindünýä Bankynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanly migrantlar 2020-nji ýylda 1 mln USD mukdarynda öýlerine remittans ugradypdyrlar, ýöne gara bazaryň döreden iki sany kursy emele geleni sebäpli, pullaryň banklar arkaly däl-de, “elden ele” tanyşlar üsti bilen resmi däl şekilde (Hawala sistemasy) ugradylýar. Şo sebäpden, hemme ugradylan pullar resmi statistika, hasabatlara goşulmaýar we netijede Progres remittans (iberilen maliýe serişdeleriniň) mukdarynyň has ýokary bolup biljekdigini çaklapdy.

Türkiýede zähmet çekýän Türkmenistanly migrantlaryň köpüsi fiziki işlerde işleýändikleri sebäpli, olar iň az aýlykly işlerde işlemäge mejbur bolýarlar. Türkiýedäki iň az aýlyk 3577 lira we salgyt töleglerinden soňra 2825 lira galýar. Meselem, 2825 lira aýlygy bolan işgär oktýabr aýynda 321$ gazanan bolsa, bu günki güniň kursunda şo bir 2825 liralyk aýlyk 197$ deň bolýar. Eger işgäriň aýlygy dollaryň kursuna görä deň derejede artmasa, işgär diňe kurs sebäpli her aýlygynda 124$ ýitirdigi bolýar. Netijede, onuň öýüne, Türkmenistana ugradyp biljek pulunyň mukdary azalýar.

Türkiýede zähmet çekýän migrantyň 3 sany çykalgasy bar: öýüne az pul ugratmak; öz sowýan puluny azaltmak ýa-da walýutasy durnukly bolan başga ýurtlara işlemäge gitmek. Emma Türkmenistan raýatlarynyň wizasyz gidip bilýän ýurtlarynyň sanawy örän çäklidir. Yksysadyýeti güýçli bolan Günbatar we Arab ýurtlaryna, şol sanda Russiýa gitmek üçin hem türkmenistanyň raýatyna wiza gerek.

“Türkmenistanda dollar arzanlaýanlygy sebäpli Türkiýeden pul ugradýanlar ýene utulýar.”

Youtube, Twitter we Instagram ýaly sosial media platformalarynda Türkmenistana pul ugradýan migrantlaryň arasynda “dollar arzanlasa hem, harytlar şo derejede arzanlanok we biz üçin dollar Türkmenistanda gymmat bolsa has gowy” diýip, pikir edýänler bolýar. Emma bu düşünje birnäçe nýuansy gözden düşürýär.

Türkmenistanyň gara bazarynda 1 ABŞ dollaryny 2021-nji ýylyň aprel aýynda 40 manada ýeten bolsa, 13-nji dekabrda 1 ABŞ dollary gara bazarda 20 manada deňdir. Migrantlaryň ugradan dollarlaryny manada böldürenlerinde olaryň Türkmenistandaky maşgalalaryna, garyndaşlaryna has az manat düşýär. Meselem, aprel aýynda 100$ gara bazarda 4000 manada deň bolan bolsa, bu wagt 100$ bary-ýogy 2000 manada deňdir, ýagny migrantyň maşgalasy 2000 manat utuldygy bolýar.

Türkmenistanda önümçiligiň derejesi pes derejede bolanlygy sebäpli, harytlaryň köp bölegi, şol sanda çig mallar ýurtda import edilýär. Azyk önümleriniň 60% daşary ýurtdan import edilýär we diňe 40% ýurduň içinde öndürilýär. Türkmen manadynda gazanýanlar we 957 manatlyk iň az aýlyga ýaşaýan adamlar üçin gara bazardaky dollaryň bahasy näçe arzanlasa şonça hem gowy, sebäbi daşary ýurtdaky harytlar dollarda import edilýär. Ýatlatsak, Türkmenistanly maşgalalaryň aýlyk gazanjynyň 52% azyk harytlaryna sowulýar. Azyk önümleriniň we oba hojalyk harytlarynyň bahalary sezona görä hem üýtgäp bilýär. Şeýle hem, FAO guramasynyň maglumatyna görä, halkara iýmit önümleriniň bahasy şu ýylyň noýabr aýynda geçen ýylyň noýabry bilen deňeşdirilende 27.3% artypdyr. Bu bolsa Türkmenistanyň import edýän iýmit harytlarynyň bahasyny hem 27.3% artdyrýar.

Gara bazardaky dollar kursunuň arzanlamagy netijesinde harytlaryň deň göterimde arzanlamazlygynyň arkasyndaky sebäp hem halkara iýmit önümleriniň artyşy bilen baglanyşdyryp bolar. Diýmek, gara bazardaky kurs arzanlamadyk bolsa harytlar öňküsinden has hem gymmatlardy. Gara bazardaky kurs artan mahalynda hem, elimize has köp manat geler diýip begenmeli däl, sebäbi biz importa garaşly ýurt bolanymyz üçin kurs galan ýagdaýynda harytlaryň bahasy hem şo göterimde artardy. Esasy zat, elimizdäki manadyň mukdary däl-de, şo manadyň satyn alyş güýjüne, ýagny şo manat bilen näçe mukdarda haryt alyp bolýanyna seretmeli. Türkmenistanda iň az aýlyga işläp, manatda aýlyk alýanlaryň sany, dollarda gazanýanlaryňkydan (hususy firmalarda, halkara guramalarda işleýänler) has köp. Adaty raýat üçin gara bazardaky her bir ujypsyzça düşüş olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine göniden göni ýaramaz ýa-da öňyn täsir edýär. Dollaryň durnukly, onuň elýeterli we erkin şekilde satylmagy, gara bazaryň ýatyrylmagy ähli türkmenistanlylar üçin deň derejede (manatda we dollarda gazanýanlar, telekeçileriň bähbidine, harytlaryň bahalary) utuş bolup jemgyýetdäki ykdysady we sosial durnuksuzlygy azaldar.

Ýatlatsak, Türkiýedäki Migrasiýa dolandyryş müdirliginiň hasabatyna görä, ýurtda ýaşaýyş üçin rugsatnamasy bolan türkmenistanlylaryň sany 118.404 ýetipdir: olaryň 95.951 sanysy işçi, 9.889 sanysy student we 4.759 sanysy maşgala wizasy bilen ýaşaýarlar. Emmä Türkiýede rugsatsyz şekilde işleýän we ýaşaýan Türkmenistanly migrantlar hem bar we olaryň sanyny hem goşsak, döwlete degişli bolmadyk çeşmelere görä 500,000 golaý diýip çaklanylýar. Human Rights Watch-yň çeşmelerine görä bolsa, Türkiýedäki türkmenistanly migrantlarynyň sany 1 milliona golaý. Bu san işçi migrantlardan başga, olaryň Türkiýede ýaşaýan maşgala agzalaryny we Türkiýede okaýan studentleri hem öz içine alýar.

Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

Suratyň çeşmesi

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: