Progres.Online

Palaw Indeksi 2020

Türkmenistanda palawyň 2020-nji ýyldaky ortaça bahasy 54.7 manat.

2020-nji ýylda Türkmenistanda dört adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmegiň ortaça bahasy 54.7 manada deň boldy. Bu sanlar 2020-nji ýyldaky ýanwar-dekabr aýlary arasynda hususy dükanlardan çöplenilen palawyň ingredientleriniň jeminiň ortaça bahasyna deňdir. Bu sanlar indeksini hasaplaýyş usulunda düşündirilen palawyň reseptine esaslanýar. Palaw bişirmek üçin iň gymmat aý iýul bolup palawyň ortaça bahasy 63 manada ýetipdi. Palawyň iň arzan bahasy 43.4 manata deň bolup ýanwar aýynda syn edildi (Netije 1 serediň).

Türkmenabatdaky bahalar oktýabr-dekabr aýlary, Balkanabatda awgust-sentýabr, Daşoguzda aprel-iýul aýlary üçin bahalar elýeter bolmady.

2020-nji ýyldaky iň ýokary palaw bahasy 59 manat bilen Aşgabat şäherinde we iň arzan ýeri bolsa 45.8 manat bilen Daşoguz welaýatynda syn edildi. Marydaky ortaça palaw bişirmek bahalary 56.2 manat, Türkmenbaşyda 54.9 manat we Türkmenabatda 52.6 manat boldy (Netije 2 serediň).

Inflýasiýanyň derejesi ýyldan ýyla we aýdan aýa deňeşdirilmek arkaly hasaplanylýar. Meselem, biz 2019 we 2020-nji ýyllar arasyny deňeşdirip bilmedik, çünki biz bahalary 2020-nji ýyldan başlap çöplänimiz sebäpli 2019-njy ýylyň bahalary barada maglumatymyz ýok. Şo sebäpden, bu hasabatda biz aýlyk inflýasiýanyň derejelerini hasapladyk. Aýlyk inflýasiýasynyň derejesini hasaplamak üçin, derejeler bir aý öňündäki bahalar bilen deňeşdirilip hasaplanyldy. Meselem, fewral aýyndaky inflýasiýanyň derejesi 5% artan bolsa, onda bu diýmek palawyň bahalary ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 5% artypdyr. Mundan soňra, mart aýyndaky inflýasiýanyň derejesini hasaplamak üçin, martdaky bahalary fewral aýyndaky bahalar bilen deňeşdirip hasaplaýarys. Ýagny, derejeler aýma-aý üsti-üstüne köpelip gidýär. Iki aý arasyndaky iň uly inflýasiýanyň derejesine 17.4% artyş bilen iýul aýynda syn edildi we iki aý arasyndaky iň az derejä bolsa – 6.5% düşüş bilen maý aýynda duş gelindi. 2020-nji ýyldaky her aý boýunça ýetilen inflýasiýa derejelerine aşakdaky Netije 3-de syn edip bilersiňiz.

Palaw üçin ulanylýan ingredientleriň ortaça bahalaryny aşakdaky 4-nji Netijeden öwrenip bilersiňiz. Bu ýerde soganyň, käşiriň, sygyr etiniň, tüwiniň we unuň 1 kg üçin bahalaryny we günebakar ýagynyň 1 litr üçin bahasyny görkezdik. Palaw bişirmek üçin her bir ingredientiň dürli ölçegleri resepte görä ulanyldy.

2020-nji ýylda palawyň bahasynyň artmagyna näme sebäp bolup biler?

Türkmenistanda palaw bişirmek üçin bahalaryň artmagynyň iň uly sebäbi Türkmen manadynyň ABŞ dollar garşylygyndaky hümmediniň gara bazarda düşmegi diýip çaklaýarys. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda ABŞ dollarynyň manat garşylygyndaky gara bazar bahasy 18.9 manat bolan bolsa, şo ýylyň dekabr aýyndaky bahasy 27.4 manada çenli ýokarlandy, bu bolsa 45% artyşdyr.

Palawyň ingredientleriniň hemmesi daşary ýurtdan import edilmese hem, gara bazarda ABŞ dollarynyň bahasynyň artmagy ýerli öndürijilere täsirini ýetirýär. Meselem, haýwan iýmiň, oba-hojalykda ulanylýan dökünler we beýleki himiki elementleriň belli bir bölekleri daşary ýurtlardan import edilýär. Şol sebäpden, import edilýän çyg mal harytlaryň bahasynyň artmagy, ýerli öndürilýän oba-hojalyk harytlarynyň hem bahasynyň artmagyna öz täsirini ýetirýär.

Bulardan başga hem, COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň fewral aýyndan başlap Türkmenistan serhetlerini ýapdy we onuň netijesinde ýurtda azyk krizisy we iýmit gytçylygy ýüze çykdy. Umuman, azyk önümleriň 40% ýurduň içinde öndürilýär we 60% daşary ýurtdan import edilýär. Eýran Türkmenistan üçin iň uly iýmit önümlerininiň satyjysydyr. Türkmenistanyň import edýän iýmit önümleriniň 80% Eýrandan gelýär. Serhetleriň ýapylmagy netijesinde iýmit gytçylygy döredi we azyk önümleriniň bahalary galdy. Türkmenistan aprel aýynyň ortalaryna Eýran bilen serhedini bölekleýin açmaga başlady. Türkmenistan Eýrandan gelýän ýük ulaglary üçin öz serhetlerini doly derejede diňe 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda açdy. Görşümiz ýaly, 2020-nji ýylyň aprel aýlarynda Eýrandan gelýän ýük ulaglaryna ýollar çäklendirilen derejede açylsa hem, bütin ýyl boýunça palawyň ingredientleriniň bahalary artmagyna dowam etdi. Bu bolsa, ABŞ dollarynyň gara bazardaky bahasynyň nä dereje wajypdygyny görkezýär.

Goşmaça sanlar:

Tablisa A1: 2020-nji ýylda Türkmenistandaky welaýatlar boýunça palaw ingredientleriniň ortaça bahalary.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: