Progres.Online

Halkara Pul Gaznazy: Türkmenistanyň JIÖ-mi 2008-2020-nji ýyllar arasynda 5 gezek negatiw derejä düşüpdir.

Türkmenistan hökümetiniň Jemi Içerki Önümine (JIÖ) degişli paýlaşýan sanlary hakykata laýykmy, ynamdarmy? Bu soraga Halkara Pul Guramasynyň (HPG) ykdysadyýetçileri Ömer E. Bayar we Levan Gogoberishvili jogap tapmaga synanyşdylar. Olaryň makalasy “Statistik kemçilikleri bolan ýurtlarda JIÖ-niň ösüşine gaýtadan baha bermek – Türkmenistanyň mysalynda” ady bilen 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çap edildi. Awtorlaryň pikiriçe, COVID-19 pandemiýasy döwründe bütin dünýäde we regionda ykdysady ýagdaýlaryň yzygiderli beterleşmegine garamazdan, Türkmenistanyň JIÖ-niň yzygiderli (6%) ösüşi birnäçe synçylary şübhelendirip gelýär.

HPG-niň wekilleri soňky gezek Türkmenistana resmi sapary bilen 2021-nji ýylyň sentýabrynda gelip, ýurduň ykdysady görkezijilerini özbaşdak analiz edipdiler. Emma gözlegiň netijelerini paýlaşmaga Türkmenistanyň häkimiýetleri razylyk bermedi.

Täze barlagyň esasy netijeleri we synlary:

  • Türkmenistanyň resmi beýanatynda ykdysadyýet dowamly ösýär, emma hakykatda bolsa ýurduň JIÖ-mi 2008-2020-nji ýyllar arasynda 5 gezek negatiw derejä düşüpdir (-0.3% we -4.8% arasy). Ykdysady çökgünlik döwründe JIÖ ösýär diýip, hakykata çapraz gelýän syýasaty, ýurt dolandyryşyny alyp barmak ykdysady çökgünligi has çuňlaşdyryp we uzaldyp biler.
  • Birnäçe ýurtlarda importyň möçberiniň ykdysadyýetdäki ornunyň uly bolanlygy sebäpli, Türkmenistanyň JIÖ-ni hasaplamakda importlaryň sanlaryny ulanmak peýdaly bolup biler. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň importy 49% peselipdir.
  • Milli görkezijileriň statistikasy Türkmenistanda elýeterli we ygtybarly däl. Bu ýurt dolandyryş üçin uly böwet bolup syýasatçylaryň we garaşsyz hünärmenleriň ykdysadyýetiň ýagdaýyna takyk baha bermek we degişli syýasatlar düzmek ukybyna päsgel berýär.
  • Maglumat ýetmezçilikleri has agyr bolan Türkmenistan ýaly ýurtlarda HPG-nyň işgärleri bilen garaşsyz analitikler halkara çeşmelerine salgylanyp, dürli çaklama usularyny ulanyp, JIÖ-iň ösüşiniň alternatiw sanlaryny hasaplaýarlar. Muňa garamazdan, bu çaklamalaryň köpüsi ykdysadyýetiň diňe bir bölegini öz içine alýar we şeýlelik bilen hasaplanan sanlara çäkli derejede ynam döredýär.

Aşakdaky grafikalarda Türkmenistanyň JIÖ-ne degişli awtorlaryň özbaşdak hasaplan sanlarynyň netijelerini görüp bilersiňiz. Degişli döwürde awtorlaryň berýän sanlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan häkimiýetleri ýurduň JIÖ-ni ortaça 6.2% ösdi diýip habar edipdiler.

JIÖ we import sanlarynyň arasyndaky arabaglanşyk

Ekonomik teoriýalara görä, ýurduň JIÖ artdygyça, şol ýurduň edýän importlary hem ýokarlanýar. Şeýlelikde, eger bir ýurduň edýän importlary örän uly mukdarda peselýän bolsa, şol ýurtlaryň JIÖ-mi hem azalýar. Aşakdaky tablisada awtorlar birnäçe sany ýurtlarda importyň we JIÖ arasynda baglanşygy görkezýärler.

Çeşme: Ömer E. Bayar we Levan Gogoberishvili
“Statistik kemçilikleri bolan ýurtlarda JIÖ-niň ösüşine gaýtadan baha bermek – Türkmenistanyň mysalynda”

Tablisada görşümiz ýaly, importda örän uly düşüş gören ýurtlar adatça JIÖ-de hem uly peselişi başdan geçirýärler. Türkmenistanyň resmileriniň JIÖ baradaky paýlaşan 6.2% ösüş derejesi bu teoriýanyň manysyna ters gelýär.

JIÖ-ni hasaplamakda ulanylýan formula:

  • Hojalyklar tarapyndan sarp edilen harytlaryň we hyzmatlaryň jemi;
  • Hökümetiň sowýan pullary (döwlet býujeti);
  • Maýa goýumlar;
  • Degişli döwürde edilen eksportlaryň we importyň arasyndaky aratapawut.

Awtorlaryň hasaplamalaryndaky ulanylan çeşmeler: halkara guramalaryň çeşmeleri (UN Comtrade, halkara guramalaryň çaklamalary, gara bazar walýuta kursy); Türkmenistan hökümetiniň paýlaşan resmi maglumatlary (Türkmenistanyň Ýyllyk Statistik Neşiri, oba-hojalyk we senagat önümçiligi, hökümet býujeti, töleg balansy). Eksport we importa degişli sanlar UN Comtrade maglumat bazasyndan alnan.

Jemläp aýdanymyzda, Türkmenistanyň JIÖ-ne degişli görkezijileri barada ygtybarly statistikalary öwrenmek we paýlaşmak örän wajypdyr. Bu görkezijileriň ýurt dolandyryjylara ykdysadyýetde ýüze çykyp biljek dürli we duýpli meselelere netijeli çözgütler hödürlemäge mümkünçilikleri berýär. Bu bolsa ykdysady ösüşe we ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowylandyrmak üçin möhümdir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: