Progres.Online

Jemi Içerki Önüm näme we ol nädip hasaplanylýar?

Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminiň ösüş derejesi çap edilende birnäçe halkara guramalaryň we hökümetiň berýän sanlarynyň arasynda tapawutlar bolýar. Meselem, 2020-nji ýyl üçin JIÖ-niň ösüşini hökümet 5.9% ösüş diýip çaklan bolsa, Halkara Pul Gaznasy (HPG) diňe 0.8% ösüş we Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) bolsa 1.6% ösüş bolar diýdi. Dünýä Banky bolsa, resmi maglumatlaryň çäkli we ygtybarsyz bolanlygy sebäpli Türkmenistanyň ösüşine degişli ykdysady görkezijileri çap etmegi bütinleýin bes etdi. HPG-nyň çaklamlaryna görä, JIÖ-niň ösüş derejesi 2021-nji ýylda 4.6%, 2022-nji ýylda 3,9% bolar.

Jemi Içerki Önüm (JIÖ) – belli bir wagtyň dowamynda (köplenç 1 ýylyň içinde), ýurduň çäginde öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň ulanyjy/müşderi tarapyndan satyn alnan pul bahasyny ölçeýär. JIÖ-iň düzümine şahsyýetler, guramalar we hökümet tarapyndan sowulan pullaryň jemi, biznes tarapyndan sowulan pullar, maýa goýumlar we degişli döwürde edilen eksportlaryň ujundan importyň mukdaryny aýyrmak arkaly hasaplanýar. JIÖ ýerli walýutanyň hümmetinde hasaplanylýar we resmi kursdaky hümmete görä ABŞ dollaryna ýa-da beýleki walýutalara öwrülip çap edilýär.

Meselem, ýurtda döwlete degişli myhmanhana, gurluşyk binalary, aeroport, seýilgähler gurlanda, dürli sport çäreleri gurnalan mahalynda bularyň ählisi ýurtdaky JIÖ-niň düzümine goşulýar. Ýagny, hökümet pul sowmak arkaly JIÖ-niň mukdaryny artdyryp bilýär. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-mi 47.98 mlrd USD boldy we şo ýylda hökümetiň sowan puly 84.2 mlrd manada (23.96 mlrd USD) ýetdi. Hökümetiň 2020-nji ýyldaky sowan puly JIÖ-niň 49.93%-ne deň boldy. Ýurduň ykdysadyýetinde tebigy resurslaryň (gaz, nebit) orny uly bolan ýagdaýynda, JIÖ-niň artyşy hökman ol ýurtdaky adamlaryň ýaşaýyş-durmuş standardynyň ösüşiniň, hiliniň görkezijisi bolmaýar.

JIÖ-iň düzümine haýsy zatlar girmeýär?

  • JIÖ-niň düzümine gara bazardaky öndürilen we satylan harytlar we hyzmatlar girmeýär. Meselem, bikanun neşe serişdeleri ýa-da salgyt tölenmezden gizlin satylan başga harytlar we hyzmatlar hem girmeýär.
  • Haýyr-sahabat guramalarynyň meýletin alyp barýan işleri.
  • Zenanlaryň öý hojalygynda ýerine ýetirýän tölegsiz işleri hem JIÖ-niň düzümine girmeýär. Meselem, Jeren öýde çagalaryna seredip, öýleri süpürip, arassalap gaplary ýuwsa, maşgala agzalaryna ideg/hyzmat etse bular JIÖ-niň düzümine goşulmaýar. Emma, eger Jeren edil şo bir işleri töleg esasynda başga birine edip berse, onda bu hyzmatlar JIÖ-niň hasabyna girýär.

Inflýasiýa we JIÖ

Inflýasiýanyň ýokary bolmadyk halatynda JIÖ-niň artyşy umuman ýurduň ykdysadyýeti üçin gowy ýagdaý hökmünde görülýär. Emma diňe JIÖ-niň ösüşine seredip ýurduň ykdysady ýagdaýlary hakynda karar berenimizde, ýokardaky agzalyp geçilen nýuanslary hem hökman göz öňünde tutmaly.

BMG-nyň Human Development Index (HDI) atly ölçegi diňe adam başyna düşýän Jemi Milli Girdejini (GNI) öz içine alman, eýsem adamyň ortaça ömür dowamlylygyny, ilatyň näçe göteriminiň okap we ýazyp bilýänligini, şeýle hem ilatyň näçe göteriminiň mekdep bilimini alandygyny ölçeýän görkezijileri hem öz içine alýar. Düşündiriş: Türkmenistanda “adamyň ösüşi” ýokary derejedemi?

Ýokarda belleýşimiz ýaly, ýurtda inflýasiýanyň derejesi ýokary bolmadyk ýagdaýynda, JIÖ-niň ösüşi gowy hadysa, ýöne gynansakda hökümet inflýasiýa degişli hiçhili sanlary paýlaşmaýar. Halkara guramalar bu boşlygy doldurmaga synanyşdylar we AÖB-niň we HPG-niň çaklamalaryna görä 2021-nji ýyldaky inflýasiýa derejesi 8% bolar. Emma John Hopkins Uniwersitetindäki ykdysadyýetçi Professor Steve Hanke-niň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda inflýasiýanyň derejesi 53% ýetipdir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: