Progres.Online

Wi-Fi parolyňyzy näme üçin hiç kime bermeli däl?

Haçanda size dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz myhmançylyga gelenlerinde, siziň Wi-Fi toruňyza birikmek üçin onuň parolyny soramaklary mümkin. Eger-de siz “ýok” diýseňiz munuň gödek bolmagy ahmal, emma routeriňizi başgalara elýeter etmegiň töwekgelçiliklerini bilýärmidiňiz?

Wi-Fi toruny paýlaşmak isleýän goňşular

Mysal üçin, siz täzelikde öýüňizde Wi-Fi toruny gurnadyňyz we bir gün goňşyňyz gelip, siziň Wi-Fi toruňyzyň onuň öýünde hem gowy tutýandygyny aýdýar we sizden Wi-Fi toruny paýlaşmagyňyzy soraýar. Käwagt olar sizi yrmak üçin Wi-Fi toruň bahasynyň ýarysyny tölemegi hem hödürläp bilerler. Adatça goňşular özlerine aýratyn Wi-Fi edinmegi amatsyz ýa-da köp internet ulanmaýandyklary üçin ony gereksiz hasaplamaklary mümkin.

Ýöne siziň jomartlygyňyzdan peýdalanmak isleýän şübheli adamlar hem bolup biler:

  • Adamlar siziň Wi-Fi toruňyzdan bikanun peýdalanyp bilerler: Mysal üçin, siz goňşyňyz bilen Wi-Fi toruny bilelikde ulanýarsyňyz, çünki bu hilli ylalaşyk siziň üçin amatly göründi. Ýöne, eger goňşyňyz siziň Wi-Fi toruňyzyň üsti bilen bikanun hereketleri edýän bolsa näme? Eger-de goňşyňyz bikanun ýüklemeler bilen tutulsa, polisiýa ýükleýjiniň IP adresini yzarlap siziň üstüňize geler. Ondan soň siz etmedik hereketleriňiz üçin jogap bermeli bolarsyňyz. Belki siz ýüklemelere başga biriniň günäkärdigini subut edip hem bilersiňiz, emma şonda-da polisiýa Wi-Fi toruňyzyň howpsuzlygyny bozanlygyňyzyň sebäbini anyklamak bilen bolar.
  • Zyýanly Programma üpjünçiligi wirusly enjamlaryň üsti bilen ýaýrap biler: Şahsy maglumatlaryňy nätanyş adama bermek – erbet pikir. Eger ol adam siziň ýakynyňyz, garyndaşyňyz ýa-da dostuňyz bolsa we siziň ynamyňyza giren adam bolsa, onda näme etmeli? Şonda-da siz öz Wi-Fi toruňyza birikýän adamlardan ägä bolmalysyňyz. Mysal üçin, dostuňyz içinde zyýanly programma üpjünçiligi bar bolan smartfony bilen siziň Wi-Fi toruňyza birikse, dostuňyz ony bilmezem, sebäbi zyýanly programma asla görünmän, fon tertipde (фоновом режиме) işleýär. Wi-Fi toruňyza düşen zyýanly programma toruňyza ýaýrap, planşetleriňize, kompýuterleriňize we telefonlaryňyza geçip biler.
  • Ulanyjylar ähli birikmeleriňizi yzarlap bilerler: Kimdir birine toruňyzy elýeter edeňizde, siz oňa toruňyzdaky ähli girýän we çykýan maglumatlary elýeter edýärsiňiz. Tehniki bilimi bar adam ulanyjylaryň torda näme işleýändiklerini görüp bilýär. Wi-Fi toruňyzy ýeterlik derejede goramasaňyz, häkerler adamlaryň şahsy we gizlin maglumatlaryny ogurlamakda Wi-Fi toruňyzy esasy çeşme edip ulanarlar.
  • Wi-Fi toruny paýlaşmak websaýtlaryň we oýunlaryň bloklanmagyna sebäp bolup biler: Eger-de interneti bilelikde ulanýan adamlaryňyz özlerini internetde edepsiz alyp barsalar, olara käbir web sahypalara girmek we onlaýn oýunlary oýnamak gadagan ediler. Käwagtlar olaryň şahsy hasaby bloklanyp, bu ýagdaý siziň bu hyzmatlardan peýdalanmagyňyza täsir etmeýär. Emma käwagt ulanyjy özüni gaty edepsiz alyp barsa, onda administratorlar onuň IP adresini bloklap bilerler. Gynansakda, kada bozujynyň siziň internet toruňyzy ulanandygy sebäpli, IP adresiniň bloklanmagy size hem täsir eder.

Wi-Fi toruny paýlaşmagyň howpsuz usuly barmy?

Myhman tory (гостевая сеть) funksiýasyny ulanmaklyk howpsuz hasaplanýar. Käbir marşrutizatorlaryň goşmaça “myhman tory” diýen funksiýasy bar we bu esasy ulanyp bolýan funksiýalaryň biridir. Myhman tory edil adaty tor ýaly işleýär, ýöne ol siziň myhmanlaryňyza birikmäne aýratyn bir tor berip, ony siziň esasy toruňyzdan daşda saklaýar.

Siz öýüňize ýa edaraňyza gelip, Wi-Fi toruňyza baglanmagy soraýan adamlar bilen maglumatlaryňyzy paýlaşmaga özüňizi borçly duýmagyňyz mümkin. Emma, hemişe maglumatlaryňyzy kimlere elýeterli edýändigiňize seresaply çemeleşmeseňiz, uly bir meseläniň üstünden baryp bilersiňiz. Şonuň üçin, käwagt ýönekeýje “ýok” sözi sizi köp azapdan gorap biler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: