Progres.Online

Sosial mediýada trolling we doksing

Sosial ulgamlar her birimiz üçin işimizi öňe sürmegiň we pikirlerimizi beýan etmegiň oňaýly usulyna ƶwrüldi. Şol bir wagtyň ƶzünde, onlaýn zulumyň dürli gƶrnüşleri hem ýüze Ƨykyp we artyp başlady. Olaryň biri ā€œtrollingā€ adalgasy bilen tanalýar.

Trolling

Trollar hakyky adamlar ýa-da kompýuter botlary (robotlary) tarapyndan dolandyrylýan ýalan hasaplar bolup biler. Olar köplenç sosial mediýa postlarynyň aşagynda birtopar teswirleri goýup, okyjylary manyly gürrüňdeşliklerden mahrum etmäge ymtylýarlar. Adamlary gorkuzmak, haýbat atmak ýa-da hasaplaryny döwmek maksady bilen hem trolling edilýär.

Şeýle-de, sosial mediýada kƤbir syýasy meseleler ýa-da jedelli temalar beýan edilende trollinge sezewar bolup bilersiňiz.

Trollinge garşy göreşmegiň netijeli usullary barmy?

Hüjümden ozal

  • Işleriňizi we şahsy durmuşyňyzy sosial mediýa hasaplaryňyzdan aýry saklaň.
  • Hasaplaryňyzy hƤkerleriň ele almazlygy üçin, parol dolandyryjysynyň kƶmegi bilen uzyn we üýtgeşik parollary dƶrediň.
  • Hasabyňyz üçin iki faktorly autentifikasiýany aƧyň. Şeýtseňiz, haƧanda kimdir biri hasabyňyza girjek bolsa, size duýduryş geler.
  • Sosial mediýa hasabyňyzyň gizlinlik sazlamalaryny gƶzden geƧiriň we kƶpçülige aýan etmek islemeýän maglumatlaryňyzy gizläň.
  • Internetde goýan suratlaryňyzy gƶzden geƧiriň we olaryň iƧinde sizi abraýdan düşürmek üçin ulanylyp bilinjekleriniň ýokdugyny kesgitläň. Trollar kƶplenƧ kƶpçülige aƧyk bolan suratlary ogurlap, adamyň abraýyny gaƧyrmak üçin ulanýarlar.
  • Maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen onlaýn zulum we onlaýn maglumatlary nƤdip goramalydygy barada gürleşip duruň. Trollar siz hakynda maglumat tapyp bilmeseler, dogan-garyndaşlaryňyzy nyşana almaklary Ƥhtimal.
  • Trollingiň başlanandygyny gƶrkezip biljek alamatlary anyklamak üçin, sosial mediýaňyzyň teswirlerini yzygiderli barlap duruň.

Hüjüm wagtynda

  • Trolling ýüze Ƨykanda, onuň bilen aragatnaşyk saklamazlyga synanyşyň, sebƤbi bu ýagdaýy hasam agyrlaşdyryp biler.
  • Trollingiň gƶrnüşine serediň we munuň arkasynda kimiň durandygyny, ýagny hakyky adamdygyny ýa-da botdugyny anyklamaga synanyşyň.
  • Trollary blokirlƤp ýa-da öçürip bilersiňiz. Kemsidiji ýa-da howp salýan trollar barada sosial mediýa kompaniýasyna habar berilmelidir.
  • Eger hüjüm has güýçli bolsa, oflaýn ýagdaýa geƧip bilersiňiz.

Doksing

Trolling hüjümi doksingi hem öz içine alyp bilýär. Bu haçanda bir adamyň adresi ýa-da telefon belgisi ýaly, şahsy maglumatlary internetde köpçülige elýeterli bolanda bolup geçýär.

Doksinge garşy nädip göreşmeli?

Hüjümden ozal

  • Sosial ulgamlaryňyzda we web-saýtyňyzda kƶpçülige aƧyk bolan, doglan senäňiz ýaly şahsy maglumatlaryňyzy aýryň. Iş boýunƧa adamlar siziň bilen habarlaşyp biler ýaly, diňe iş üçin ulanmaga aýratyn e-poƧta dƶrediň.
  • Sosial mediýa hasplaryňyzdaky gizlinlik sazlamalaryny ýapyň. Sosial mediýa hasaplary we sazlamalary barada golaýlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen gürleşiň. PƤli-niýeti erbetler, maşgala agzalaryňyzyň we dostlaryňyzyň hasaplary arkaly siz hakynda kƶp maglumat alyp bilerler.
  • Hasaplaryňyzy güýçli parollar bilen goramak üçin parol dolandyryjysyny ulanyň.
  • Size howp abandyryp biljek maglumatlar babatda e-poƧtaňyzy we sosial mediýaňyzdaky kontentleri gƶzden geƧiriň. Eger mümkinƧiligiňiz bolsa, kƶpçülige aƧylaýan ýagdaýynda size zyýan getirip biljek islendik zady aýryň.

Hüjüm wagtynda

  • Onlaýn profiliňizi gƶzden geƧiriň we şahsy maglumatlaryňyzy aýryň.
  • Parol dolandyryjysyny ulanýandygyňyza we Ƥhli hasaplaryňyz üçin iki faktorly autentifikasiýanyň işledilendigine gƶz ýetiriň.
  • Galp ulanylmagynyň öňüni almak üçin, bankyňyza, mobil aragatnaşyk bilen üpjün edýän edara doksinge sezewar bolandygyňyzy duýduryň.
  • Tanaýanlaryňyza, şol sanda maşgala agzalaryňyza, iş berijiňize we dostlaryňyza doksinge sezewar bolandygyňyzy habar beriň.
  • Eger ýerlikli diýip pikir edýän bolsaňyz, howp salýanyň hereketlerini hukuk goraýjy edaralara habar beriň.

Ƈeşme