Progres.Online

Sosial mediýada özüňizi we maglumatlaryňyzy nädip goramaly?

Biz sosial mediýany başga adamlar bilen birikmek we habarlaşmak üçin ulanýarys. Şol bir wagtyň özünde, sosial mediýa platformalary biziň endiklerimizi we kontaktlarymyzy pul gazanmak maksady bilen ulanýarlar. Olar bize habar berip ýa-da bermezden biziň sosial baglanyşyklarymyzy, ýerleşýän ýerimizi, doglan günümizi we şahsyýetimizi anyklap bolýan beýleki maglumatlarymyzy üçünji taraplar bilen paýlaşýarlar. Haçan-da siz sosial mediýa saýtlaryny ulananyňyzda, olaryň maglumatlaryňyzy paýlaşyp ýa-da satyp biljekdigini aýdýan hyzmat şertlerine razy bolýarsyňyz. Käwagtlar olaryň maglumatlaryňy nä derejede köpçülige açyk etjekdigi belli däl.

Şeýle-de, sosial mediýalara hökümet we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Olar köpçülige açyk maglumatlary ýygnaýarlar (mysal üçin, haçan surata düşürilendigi ýa-da kim bilen baglanyşyklydygy).

Bu makalada diňe Instagram üçin görkezmeler berilýän hem bolsa, başga sosial mediýalar hem size şu ýerde görkezilenler ýaly mümkinçilikleri hödürleýär. Sosial mediýa hasaplaryňyzda sazlamalaryňyzy gözden geçirmegi we özüňizi goramak üçin aşakda görkezilen çäreleri görmegi maslahat berýäris.

Toslanan at we aýry hasap ulanyň

Sosial mediýada hasap açanyňyzda ilki bilen hakyky adyňyzy ýa-da toslama at ulanjakdygyňyzy kesgitlemeli. Eger toslama at ulanýan bolsaňyz, IP adresiňiz arkaly tanalmagyňyzyň mümkindigini unutmaň. IP adresiňizi gizlemek üçin VPN ýa-da Tor brauzerini ulanyp bilersiňiz. Şeýle hem, dürli maksatlaryňyz (şahsy we iş) üçin aýratyn hasaplary ulanmagy göz öňünde tutuň.

Telefon belgiňizi hasabyňyz bilen baglanyşdyrmaň

Täze Instagram hasap döredeniňizde telefon belgiňizi girizmäň. Diňe e-poçtaňyzy girizseňiz, siz bilen baglanyşmak has kyn bolar. Telefon belgiňizi eýýäm girizen bolsaňyz, ony öz profiliňizden aýryp bilersiňiz.

“Dostlary tap” funksiýany öçüriň

Täze Instagram hasap döredip, ony gurnaňyzda sosial mediýa kontaklaryňyza girmäge we import etmäge rugsat bermäň. Goýýan maglumatlaryňyzy hyýanatçylykly ulanmazlyklary üçin diňe tanaýan we ynanýan adamlaryňyz bilen baglanyşmagy (“dostlaryma” goşmagy) göz öňünde tutuň. Iş berijiňiz ýa-da bilimiňiz barada maglumat goýmak maslahat berilmeýär, sebäbi sosial mediýalar bu maglumatlary ýaýradyp biler.

Pikirlenip post ediň

Onlaýn paýlaşýan zatlaryňyza örän üns beriň. Näçe köp maglumatlaryňyzy aýan etseňiz, beýlekilere sizi yzarlamak aňsat bolar. Internetde paýlaşanyňyzda maglumatlaryňyz döwlet edaralary, sosial mediýa kompaniýalary we beýleki guramalar tarapyndan ýygnalyp we saklanyp bilner. Bu maglumatlar hereketleriňizi yzarlamak, sizi tanamak we gözegçilik etmek üçin ulanylyp bilner. Özüňiz başga ýurtda ýaşaýan bolsaňyz hem, hökümetiňizi tankytlaýan maglumatlary paýlaşsaňyz, öz ýurduňyzdaky maşgalaňyz we dostlaryňyz yzarlanmalara sezewar bolup biler.

Sosial mediýada, hatda şahsy aragatnaşyk (личное сообщение) arkaly hem paýlaşylmaly däl maglumatlar:

  • Parollaryňyz;
  • Şahsy maglumatlaryňyz:
    • doglan günüňiz;
    • telefon belgiňiz;
    • pasport belgiňiz;
    • lukmançylyk ýazgylaryňyz;
    • bilim we iş taryhyňyz (bular ynamyňyzy gazanmak isleýän adamlar tarapyndan ulanylyp bilner).

Sosial mediýada post etmek islemejek maglumatlaryňyz:

  • E-poçtaňyz;
  • Maşgala agzalaryňyz barada maglumatlar;
  • Jynsy garaýşyňyz;
  • Hatda torlaryňyzdaky adamlara ynanýan hem bolsaňyz, kimdir biriniň maglumatlaryňyzy göçürip alyp, ýaýratmagynyň aňsatdygyny ýadyňyzdan çykarmaň;
  • Dostlaryňyzyň özleri hakynda başga adamlaryň bilmegini islemeýän zatlaryny goýmaly dälsiňiz; bu mesele boýunça duýgur boluň we siz hakynda hem dostlaryňyzdan duýgur bolmaklaryny haýyş ediň.

Ýerleşýän ýerleriňizi paýlaşmaň

Eger kimdir biri sizi tapyp, fiziki taýdan zyýan ýetirip biler öýdüp gorkýan bolsaňyz, hasaplaryňyzda ýerleşýän ýeriňiz barada maglumat saklamaň. Enjamyňyzdan ýerleşýän ýeriňizi görkezýän hyzmatlaryny öçürseňiz, enjamyňyzyň batareýasy hem uzak saklanar.

Suratlary we wideolary howpsuz paýlaşyň

Internetde goýýan suratlaryňyzda görünýän zatlara üns beriň. Hiç haçan awtoulagyňyzyň belgileriniň, şahsyýetnamalaryňyzyň, kredit/aýlyk kartlaryňyzyň ýa-da maliýe maglumatlaryňyzyň we açarlaryňyzyň (suratdan açaryň nusgasyny döredip bolýar) suratlaryny goýmaň. Şeýle-de, dost-ýarlaryňyzyň, kärdeşleriňiziň we ýakynlaryňyzyň suratlaryny paýlaşmazdan ozal rugsat soraň. Eger ýaşaýan ýeriňiziň, ofisiňiziň we köp wagtyňyzy geçirýän ýerleriňiziň bilinmegini islemeýän bolsaňyz, ol ýerleriň suratlaryny hem goýmagyň geregi ýok. Suratlaryňyzyň we wideolaryňyzyň gizlinligini şu ýerde görkezilen görkezmeleri ulanyp şahsy hasabyňyzy sazlaň. Suratlaryňyzyň aňarsynda saklanýan maglumatlary pozmak üçin EXIF maglumatlaryny pozuň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: