Dogry ulanylanda, şifrleme maglumatlaryňyzy we onlaýn aragatnaşyklaryňyzy mümkin boldugyndan howpsuz saklamagyň iň gowy usulydyr.
Şifrleme şeýle amala aşyrylýar: internetde saklanylýan ýa-da ugradylýan maglumat matematiki formulanyň üsti bilen garjaşdyrylýar we ol garjaşdyrylan maglumaty diňe belli bir açar we/ýa-da parol bilen asyl görnüşine dolap bolýar.
Şifrlenen messenjerler we internet jaňlary
Iki adamyň arasynda alşyp çalyşylýan habarlarydyr maglumatlary şifrlemek üçin birnäçe gurallar bar. Ol gurallar ulanylanda gidýän we gelýän habarlar, sesli ýa-da wideo jaňlar ýa-da dokumentler, häzirki wagtda biziň bilşimize görä, başga hiç kim tarapyndan görlüp ýa-da diňlenilip bilinmeýär.
Giňden ýaýran şifrleýän messenjerler:
- Signal;
- Whatsapp;
- Jitsi Meet;
- Wire;
- Matrix.
Şifrlenen e-poçta
Adatça “bu başyndan ol başyna” çenli şifrleýän dürli görnüşli programmalary ulanyp bilersiňiz. Eger dogry ulanylsa, bu başyndan ol başyna çenli şifrlenen e-poçtanyň howpsuz habarlaşmakda täsiri örän uly bolup biler.
Şifrlenen e-poçta ulananyňyzda siziň e-poçtaňyzyň mazmuny şifrlenýär we diňe alyjy tarapyndan şifrlemeden açylyp bilinýär. Emma alyjynyň hem şifrlenen e-poçta ulanmagy hökmanydyr. E-poçtaňyzyň temasynyň, iberijiniň we alyjynyň e-poçta salgylarynyň şifrlenmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Şifrlenen e-poçta bilen baglanyşykly esasy pikirler:
- Habarlary şifrlemekde ulanyp boljak programmalar köp, ýöne şifrlenen e-poçta diňe siz däl-de eýsem iberýän adamyňyz hem ulansa işleýär;
- Howpsuzlykdaky kemçiliklerden goranmak üçin programmalaryňyzyň täzelenmelerini elmydama ýükläp durmaly;
- Şifrlenen e-poçtanyň sazlamalary kyn we hemişe amatly däl bolup biler. Mysal üçin, häzirki wagtda telefonyň üsti bilen şifrlenen e-poçta ugratmagyň usuly ýok.
E-poçta şifrlemegiň umumy usullary:
- Mailvelope;
- Thunderbird we onuň bilen enigmail goşundysy;
- GPG Suite Mac üçin;
- GPG4win Windows we Linux üçin.
Şifrlenen bulut hyzmatlary
Dokumentleriňiziň ýa suratlaryňyzyň ätiýaç nusgalaryny Google, iCloud we Dropbox ýaly meşhur bulut hyzmatlarynda saklaýansyňyz. Ýöne dokumentleriňiziň howpsuzlygy diňe olaryň saklanýan hyzmatyna bagly bolýar. Bu hyzmatlaryň käbirleri döwlüpdir we ulanyjylaryň maglumatlary ogurlanypdyr.
Şifrlenen bulut hyzmatlarynyň käbir görnüşleri:
Enjamlaryňyzy şifrläň
Kompýuter
Kompýuteriňiziň tutuş diskini şifrläp bilersiňiz. Bu aňsat we maglumatlary goramakda netijeli usuldyr. Şeýle-de, şifrlenen enjamlar bilen käbir ýurtlara syýahat etmekligiň ýa-da işlemekligiň bikanundygyndan habarly boluň.
Kompýuteriňiziň tutuş diskini şifrlemekde aşakdakylary ulanyp bilersiňiz:
- Bitlocker – Windows üçin;
- Filevault – Mac üçin.
Telefon
Täze telefonlaryň köpüsinde şifrleme başdan gurnalan bolýar. Diýmek, telefonyňyzdaky maglumatlar saklananda ýa-da iberilende şifrlenendigini aňladýar. Şeýle-de bolsa, maglumatlaryňyza fiziki taýdan girilmeginiň öňüni almak isleseňiz, maglumatlaryňyzy şifrlemeli we uzyn, üýtgeşik parol bilen goramaly. Eger telefonyňyz şifrlenmedik bolsa, siz ony howpsuzlyk sazlamalarynda açyp bilersiňiz.
Telefonyňyz adatça enjamyňyzdaky maglumatlaryňyzyň ätiýaç nusgasyny bulut hyzmatynda saklaýar. Mysal üçin, eger siz iPhone ulanýan bolsaňyz, ol maglumatlary iCloud-a ýükläp ätiýaçlandyrýar. Eger Android ulanýan bolsaňyz, maglumatlaryňyz Google Drive-e ýüklenilip ätiýaçlandyrylýar. Bulut hyzmatyndaky maglumatlaryňyzyň şifrlenmedik hem bolup bilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Uzakdan pozmak aýratynlygyny gurnamak üçin:
- Find my iPhone – iPhone üçin;
- Android Device Manager – size “uzakdan gulplamak we pozmak” gerek bolmagy mümkin.