Progres.Online

Sazlamalaryňyzy üýtgediň

Eger internet diňe bir güýmenje üçin surat paýlaşylýan ýer bolan bolsady, parollara beýle bir zerurlyk hem bolmazdy. Emma, internetde töleg geçirmek ýaly gymmatly işlerimizi hem amala aşyrýarys.

Siz, haçan-da öz “wirtual gymmatlyklaryňyzy” internetde paýlaşanyňyzda we öz enjamlaryňyzda saklanyňyzda, olara gapjygyňyza ýa-da açaryňyza çemeleşişiňiz ýaly berk bolýarsyňyzmy?

Wirtual gymmatlyklaryňyzy başgalara elýeter etmezligiň bir aňsat usuly bar: parolyňyzy başga adamlaryň bilmegini kynlaşdyrmak. Köp adama siziň hasabyňyza girmek üçin tehniki başarjaňlyk hem gerek däl. Olar parolyňyzy çaklap ýa-da parol döwýän programma arkaly girip bilerler.

Hasabyňyza giren pursadyndan başlap, hüjümçiler şol paroly başga hasaplaryňyzda hem barlap görerler. Şeýlelik bilen, olar siz we siziň endikleriňiz barada maglumat ýygnap, hatda sanly ulgamda siziň adyňyzdan hem hereket edip bilerler.

1. Sanly gapyňyzy ýapyň

Ekranyň gulpy: enjamyňyza keseki adamlaryň girmezligi üçin parol, barmagyňyzyň yzy ýa-da ýüzüňiz arkaly enjamyňyzy gorap bilersiňiz. Ekrany bloklamagyň dürli görnüşleri bar we haýsy biriniň size laýykdygy özüňize bagly bolup durýar.

Telefonyňyzda, planşetiňizde ýa-da kompýuteriňizde haýsydyr bir gulpuň bolmagy, asla gulpsuz bolanyndan has köp gorag üpjün eder. Edil gapylaryňyza goýup boljak dürli gulplaryň bolşy ýaly, käbir ekran gulplary hem beýlekilere garanyňda has güýçlüdir.

Ekrany bloklamagyň gowy usuly – uzyn, özboluşly parollary goýmakdyr. Ýagny, güýçli parol harplary, sanlary we dürli nyşanlary öz içine almalydyr.

2. Güýçli parollary dörediň

Güýçli parollary döretmek aňsat:

  • Uzyn: parollar azyndan sekiz simwoldan ybarat bolmaly. Has gowusy, 16-20 simwol.
  • Özboluşly: her bir ulanýan parolyňyz – her hasabyňyz üçin aýratyn bolmaly.
  • Tötänleýin: parolyňyzy logiki taýdan çaklamak aňsat bolmaly däl. Bu ýerde parol dolandyryjylar örän amatly bolýar.

3. Ikinji açary goşuň

Iki faktorly (2FA) ýa-da multi-faktorly (MFA) girişi gurnasaňyz, kimdir biri parolyňyzy bilse-de, hasabyňyza girmek üçin elinde goşmaça faktory bolmaz.

Bu goşmaça açary goşup boljagyny ýa-da bolmajagyny bilmek üçin iň köp ulanýan websaýtlaryňyzyň we programmalaryňyzyň howpsuzlyk sazlamalaryny gözden geçiriň. Ilki bilen iň möhüminden başlaň. Ýagny, maliýe programmalaryndan ýa-da hyzmatlaryndan we başga hasaplary dikeltmek üçin ulanýan e-poçtaňyzdan başlaň.

Google üçin:

  • myaccount.google.com →
  • Безопасность
  • Двухэтапная верификация
  • Начать работать      

4. Wirtual gymmatlyklaryňyzy goraň

Öýüňizdäki gymmat bahaly zatlaryňyzy goraýşyňyz ýaly, wirtual maglumatlaryňyzy hem goramaly. Maliýe resminamalaryňyzy, pasportyňyzyň elektron nusgasyny, hatda salgyňyzy ýa-da telefon belgiňizi nirede saklaýandygyňyz we olary nädip gorap biljekdigiňiz barada pikirlenmek gerekdir.

Bölekleýin arassalamak – bu bir käse çaýyň başynda çaltjak edip bolýan gowy usuldyr. E-poçtaňyzda ýa-da beýleki hasaplaryňyzda saklanýan anyk maglumatlary tapyň we pozuň.

Çuňňur arassalamak bolsa, has düýpli bolup, ýylda bir gezek etseň bolýar. E-poçtaňyzda ýa-da sosial mediýaňyzda saklanýan ähli zatlary arhiwläň, soňra bolsa kompýuteriňize ýükläp alyň we hasabyňyzyň içini doly pozuň.

Ýöne pozmakdan daşary, sebediň içinden hem pozmagy unutmaň!

5. Bir-biriňize geçiriň

Internete ýöne ýerden “web” (türkmençe tor) diýilmeýär. Biziň hemmämiz diňe bir sosial mediýalarda “dostlar” hökmünde däl-de, eýsem e-poçtalarymyzdaky kontaktlar arkaly we internetde paýlaşýan suratlarymyz arkaly dürli ulgamlarda bir-birimiz bilen baglanyşykdadyrys.

Hasaplaryňyzy gorasaňyz, parollaryňyzy güýçlendirseňiz we maglumatlaryňyzy pozup dursaňyz, bu diňe size däl, eýsem siziň bilen baglanyşan her bir adama biraz peýda berer.

Sanly howpsuzlygyňyzy dürli usullar bilen has berkitmek üçin şeýle makalalary dostlaryňyz, maşgalaňyz ýa-da kärdeşleriňiz bilen paýlaşyp durmagy maslahat berýäris.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: