Progres.Online

“Sanly” saglygyň üçin seniň goşandyň

“Misinformasiýa” we “ýalan habarlar” bilen bagly meseleler hakynda eşidensiň.

Islendik täzelik, esasan hem geň galdyryjy, gaharlandyryjy ýa-da çyna meňzärden has gowy eşidilýän bolsa, tankydy soraglar bermegi endik edin:

  • Bu haýsy websaýtdan alyndy?
  • Muny kim ýazdy (we haçan)?
  • Makalanyň adynda däl-de, mazmunynda näme aýdylýar?
  • Haýsy çeşmelere salgylanýar?

Eger nädogry maglumatdyr öýtseň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak isleseň, internet platformalarynyň köpüsinde nädogry maglumatlar hakynda habar bermek üçin ýerler bar. Şeýle hem, habary çap eden hasaby yzarlamagy dowam etmelimi ýa-da dälmi, onuň hem pikirini edip bilersiň.

ÖZÜŇI EŞITDIR

Eger websaýtlarda ýa-da ulanýan programmalaryňda endik etdiriji ýa-da ynandyryjy dizaýnlar ýa-da misinformasiýa seni oňaýsyz edýän bolsa, e-poçtanyň we sosial mediýanyň üsti bilen kompaniýalara olaryň amallary bilen ylalaşmaýandygyňy habar berip bilersiň. Haçan-da kompaniýalara olaryň iň gymmatly baýlyklary, ýagny ulanyjylary basyş etse, olaryň üýtgemegi mümkin.

Pikirleriň diňlenmeýändir öýtseň, onda başga websaýta ýa-da programma geç. Websaýtyň ýa-da programmanyň işine nägileligiňi bildirseň, soňra hem ony ulanmagy bes etseň ýa-da pozsaň – we birnäçe adam şeýle etse – olar hökman üns berer.

BAŞGALARY HEM HABARDAR ET

Dost-joralaryňa, maşgalaňa we işdeşleriňe nämelere üns berýändigiň hakynda aýt we hatda bu sanly detoks (durmuş hiliňi gowulandyrmak üçin sanly ulgamlary we enjamlary ulanmagy çäklendirmek) syýahatyňa goşulmaga hem çagyr.

Her kim telefon ulanmak endigi bilen göreşýär. Sanly detoksa başlanyňda özüňe we durmuşyňa laýyk gelýänini tapýançaň dürli usullary barlap gör we soňra zerurlyklaryň üýtgemegi bilen endikleriňi hem täzeläp dur. Bu ýerde ähli kişi üçin netije berýän ýeke-täk çözgüt ýokdur.

Galyberse-de, öz tehniki islegleriň barada daş-töweregiňdäkilere habar ber. Mysal üçin, agşam sagat 20:00-dan soňra programmalarda elýeterli bolmaýarsyň, sebäbi agşam olary öçürip goýýarsyň we dynç alýarsyň. Ol wagtda ýakynlaryňa seniň bilen jaňlaşyp habarlaşyp biljekdiklerini aýdyp bilersiň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: