Progres.Online

Maglumatlaryňyzy nädip ätiýaçlandyrmaly?

Maglumatlaryňyzy ätiýaçlandyrmak üçin anyk meýilnamalaryňyzyň bolmagy maglumat ýitmeginden we kiber-hüjümden goranmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Näme üçin maglumatlaryňyzy ätiýaçlandyrmaly?

  • Kompýuteriňiz döwülse ýa-da gaty diskiňiz işlemän galsa, ähli maglumatlaryňyzy ýitirip bilersiňiz.
  • Kompýuteriňize zyýanly programma üpjünçiligi düşen bolsa, maglumatlaryňyz şifrlenip, elýeterli bolmazlygy mümkin.
  • Maglumatlaryňyzy ýitiren halatyňyzda, olary dikeltmek üçin köp wagt gerek bolup biler.
  • Maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasynyň bardygyny bilmek size rahatlyk berip biler.
  • Maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasy bar bolsa, oňa dünýäniň islendik ýerinden girip bilersiňiz.

Maglumatlaryňyzy ätiýaçlandyrmagyň oňat usullarynyň biri 3-2-1 düzgünidir. Bu, maglumatlaryňyzyň 3 dürli nusgasyny döredip, 2-sini dürli maglumat saklaýjylarda, 1-ni bolsa jaýdan (ofisden) daşarda saklamagy aňladýar. Şeýle etmek bilen, maglumatlaryňyzyň howpsuzlygyny üpjün edýän berk ulgam döredip bilersiňiz. Has berk howpsuzlyk üçin jaýdan (ofisden) daşarda köp sanly nusga hem döredip bilersiňiz.

Maglumatlaryňyzy üstünlikli ätiýaçlandyrmak meýilnamasyny döretmek üçin:

  1. Haýsy maglumatlary ätiýaçlamalydygyny kesgitläň.
  2. Dogry ätiýaçlyk usulyny saýlaň.
  3. Ätiýaçlyk nusgalaryňyzy howpsuz ýerde saklaň.
  4. Ätiýaçlyk nusgalaryňyzy yzygiderli barlaň.
  5. Ätiýaçlyk meýilnamaňyzy täzeläň.

Aşakdaky usullary utgaşdyryp, maglumatlaryň ýitmeginiň öňüni almak üçin ygtybarly we howpsuz usul gurnap bilersiňiz.

Daşarky maglumat saklaýjy diskler

Daşarky maglumat saklaýjy diskleriň iki görnüşi bar: HDD (gaty diskler) ýa-da SSD. HDD-ler, SSD-lere garanyňda könelişen tehnologiýa hasaplanýar, ýöne olaryň bahasy arzan. SSD-leriň bahasy ýokary bolup, olaryň göçürme tizligi has çalt we köplenç has ykjam.

Daşarky maglumat saklaýjy diskleri ulanyp, möhüm maglumatlary ätiýaçlandyrmagyň birnäçe usuly bar:

  • Kompýuteriňizde gurlan ätiýaçlandyryjy programma üpjünçiligini ulanmak: Bu iň aňsat usuldyr, sebäbi kompýuterleriň köpüsi faýllaryňyzy awtomatiki usulda daşarky diske ätiýaçlandyrýan programma üpjünçiligi bilen gelýär.
  • Aýratyn bir ätiýaçlandyryjy programma üpjünçiligini ulanmak: Bularyň birnäçe görnüşi bolup, olar kompýuteriňiziň özüniň ätiýaçlandyryjy programma üpjünçiligine garanyňda has netijeli bolup biler.
  • Faýllary “el” bilen göçürmek: Bu has çylşyrymly usuly ätiýaçlandyryjy programma üpjünçiligini ulanmak islemeseňiz ulanyp bilersiňiz.

Daşarky maglumat saklaýjy diskleri satyn alanyňyzda kompýuteriňize laýyk gelýändigine we ätiýaçlandyrmak üçin ýeterlik ýadynyň bardygyna göz ýetiriň. Şeýle hem, maglumatlary ätiýaçlandyrmak we gündelik ulanmak maksatlarynyň hersi üçin aýratyn disk saýlamaly.

USB fleşkalar

USB fleşkasy kompýuteriňizdäki has wajyp faýllaryňyzy saklamak üçin ajaýyp çözgütdir. USB fleşkasynyň adatça daşarky gaty disklerden has kiçi bolany üçin, tutuş ulgamyňyzy ätiýaçlandyrman, diňe möhüm faýllaryňyzy ýa-da dokumentleriňizi saklamakda has netijeli bolup biler. Maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasyny fleşka geçirip bolanyňyzdan soňra, howpsuz aýyrmak düwmesine (извлечь) basyp, fleşkaňyzy kompýuterden aýryň.

Optiki maglumat saklaýjylar

Maglumatlaryňyzyň nusgasyny döretmek üçin CD ýa-da DVD ýaly optiki maglumat saklaýjylary ulanylyp biliner. Olar netijeli bolup, maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasynyň howpsuzlygyny we fiziki ätiýaçlygyny üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, bu usulyň kemçiligini, ýagny CD ýa-da DVD diskler zaýalanan ýa-da ýüzi çyzylan halatynda maglumatlaryň ýitip biljekdigini ýatdan çykarmaň.

Bulut maglumat saklaýjylar (bulut diskler)

Bulut diskleri – maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasyny onlaýn görnüşde saklamagyň gowy usulydyr. Bulut diskleri esasy ýa-da ikinji ätiýaçlandyryjy hökmünde ulanylyp bilner.

Bulut disk hyzmaty ätiýaçlyk nusgalaryňyzy saklamak üçin aýlyk töleg bilen öz serwerlerinde belli bir ýer teklip eder. Bulut disk hyzmatyny üpjün edijileriň köpüsi maglumatlaryňyzyň howpsuzlygy üçin şifrlemek hyzmatlaryny hem hödürleýärler. Maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak üçin Google Drive, iCloud, Dropbox, Backblaze, iDrive we Microsoft OneDrive ýaly, bulut disk hyzmatlaryny ulanyp bilersiňiz.

Bulut disk hyzmatlarynyň gowy tarapy – olaryň ýönekeýligi we amatlylygydyr. Olary ulanmak üçin ýörite enjam ýa-da programma üpjünçiligi gerek däl. Internete baglanmak arkaly, ýer-ýüzüniň islendik künjeginden bulut disklerini ulanyp bilersiňiz.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: