Progres.Online

Maglumatlarymyza nä derejede eýeçilik edip bilýäris?

Sanly yzlar dürli usullar arkaly döredilýär – bu bolsa, biziň maglumatlarymyza eýeçilik edip bilmegimize täsir edýär. Sanly yzlarymyz döredilenden we nusgalary alnandan soňra, biz olara eýeçilik edip bilmeýäris we olar aňsat ýadyndan pozulmaýan serwerlerde saklanylyp, beýleki adamlaryň eline düşüp bilýär.Sanly yzlaryň hemmesi birmeňzeş bolmaýar. Sanly yzlarymyza nä derejede eýeçilik edip biljegimiz olaryň nädip döredilendigine we nirede saklanýandygyna baglydyr.

Maglumatyň alty görnüşi = alty derejeli eýeçilik

Brýus Şneýer özüniň “Data and Goliath” atly kitabynda alty dürli maglumatyň (sanly yzlaryň) dürli usullar arkaly döredilişi barada belläp geçýär. Bu kitap meselelere has içgin garamak bilen birlikde, yzlaryň haýsysyna eýeçilik edip biljekdigimize we haýsylarynyň kontrolymyzdan çykýandygyna düşünmäge kömek edip biler.

  1. Serwis maglumatlar – belli bir hyzmatdan peýdalanmak üçin berýän maglumatlaryňyzdyr. Serwis maglumatlary siziň hakyky adyňyzy, ýaşyňyzy, ýaşaýan ýurduňyzy we kredit kartyňyzyň belgisini öz içine alyp biler.
    Mysal üçin, köp ýurtda telefonyňa SIM karta aljak bolsaň, mobil operatorlara pasport we bank maglumatlaryňy bermeli.
  2. Açyk maglumatlara özümize degişli web sahypalarymyzda ýa-da blogymyzda ýerleşdirýän suratlarymyz, habarlarymyz we teswirlerimiz ýaly kontenler girýär. Bu ýerde nämäniň näçe wagtlap paýlaşyljakdygyny, şeýle-de kontentlere başga kimiň girip biljekdigini özümiz kesgitläp bileris.
  3. Ynanylan maglumatlar – eýeçilik edip bilmeýän platformamyzda ýerleşdirýän maglumatlarymyzdyr. Netijede, bu maglumatlara näme boljagy başga biriniň elinde ýaly bolýar. Mysal üçin, “Instagram” we “IMO” ýaly sosial mediýa platformalaryna  biz kontrollyk edip bilmeýäris, şeýle bolsa-da millionlarça adam platformalarda kontentlerini ýerleşdirmegi dowam edýär.
  4. Tötänleýin maglumatlar diýlip, biz barada beýleki adamlaryň paýlaşan maglumatlaryna aýdylýar. Sosial mediýada suratlarda sizi belläp geçilmeginiň ýa-da adyňyzyň bloglarda bellenmeginiň mümkindigi hakynda pikirlenip görüň. Bu maglumatlary biz döretmedik we olaryň ýerleşdirilen platformalaryna biz kontrollyk edip bilmeýäris.Bellik: adamlar tötänleýin maglumatlary bilmezden hem paýlaşyp bilerler. Mysal üçin, tanyşyňyz Whatsapp (Facebook-a degişli) ýa-da Google Kartalar (Google-a degişli) ýaly priloženiýelere siziň adyňyz, telefon belgiňiz we e-poçtaňyz bar bolan telefonynyň adresler kitabyna girmäge rugsat berip biler.
  5. Hereketlerimiz hakynda maglumatlar kompýuter ýa-da telefon bilen iş salyşanymyzda döredilýär. Şeýle maglumatlar biziň näme edýändigimizi, kim bilen, nähili ýygylykda we nirede edýändigimizi görkezýär. Telefonyňyzy açan pursatyňyzdan başlap, ol siz hakynda maglumat yzlaryny döredip başlaýar. Nirede, kim bilen, haçan we näçe wagtlap gürleşýäniňizi, siziň nirededigiňizi we nirä barýanyňyzy, hatda haçan turýanyňyzy we ýatýanyňyzy hem bilýär. Telefonyň yzarlamasy barada has giňişleýin şu ýerde okap bilersiňiz.
  6. Alnan maglumatlar – biz barada beýleki maglumatlardan alnan maglumatlardyr. Araçy kompaniýalar sosial mediýa torlary, ýerleşilýän ýerler we brauzer gözlegleri ýaly maglumatlara esaslanyp, meňzeş häsiýetlilerden topar profillerini döredýärler. Şahsy profillerimiz bir ýa-da birnäçe topar profillerine birikdirilip bilner. Biz haýsy topara degişlidigimize ýa-da biz barada haýsy alnan maglumat yzlarynyň döredilendigine kontrollyk edip bilmeris.Muňa mysal edip, toslama şahs Amany alalyň. Aman Aşgabatda ýaşaýar we hepdäniň iş günleriniň köpüsini Döwlet Uniwersitetinde okap geçirýär. Amanyň telefony şol ýerdedigini habar berýär. Anna we şenbe agşamy, telefon onuň sagat 18-e çenli Merkezi Seýilgähde bolandygyny habar berýär we şondan soňra adatça “ýatýan” ýerine gaýdýar. Maglumat ýygnaýan kompaniýa Döwlet Uniwersitetinde okaýanlaryň we Merkezi Seýilgähde gezelenç edýänleriň köpüsiniň internetde wegetarian (et iýmeýän) reseptleri we iň soňky rok konsertleri gözleýändiklerini bilýär. Amanyň hereketlerine esaslanyp, kompaniýa, şol toparyň profiline laýyk gelýär diýen netijä gelýär we “wegetarian rok muşdagy” hökmünde belläp alýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: