Progres.Online

Jemgyýetçilik Wi-Fi toruny nädip howpsuz ulanmaly?

Öýüňizde internede birikmek mesele däl, sebäbi bu howpsuz we ýönekeý. Ýöne köpçülik ýerinde internede birikmäge öýdäki ýaly amatly diýip bolmaz.

Indi Wi-Fi jemgyýetçilik ýerlerinde hem elýeter boldy. Bu bir tarapdan durmuşy ýeňilleşdirse, beýleki tarapdan howpsuzlyk töwekgelliklerini döredýär. Sebäbi ony kimiň gurnandygyny ýa-da kimiň ol tora nähili niýet bilen birikýändigini bilmeýäriz. Jemgyýetçilik ýerlerindäki Wi-Fi torunyň howplaryndan goranmagyň iň gowy usuly ony ulanman, onuň ýerine telefonyňyzyň internedini ulanmak we Hotspot arkaly ony beýleki enjamlaryňyza paýlamakdyr. Emma beýle etmäge mümkinçiligiňiz ýa amatyňyz bolmasa, jemgyýetçilik Wi-Fi-laryndan gelip biljek zyýany ýönekeý düzgünler bilen çäklendirip bilersiňiz.

Düzgün 1: Kime ynanmalydygyny biliň

Hiç bir jemgyýetçilik Wi-Fi tory 100% howpsuz däl, sebäbi ony kimiň ulanýandygy we kimiň üpjün edýändigi näbelli. Ýöne belli kompaniýalar tarapyndan dolandyrylýan Wi-Fi ulgamlar, adatça, telefonyňyzda ýa-da enjamlaryňyzda tötänleýin çykýan näbelli Wi-Fi-lardan howpsuzrakdyr.

Mümkin boldugyndan, köpçülik Wi-Fi torlaryny az ulanjak boluň. Mysal üçin, täze şähere baranyňyzda, ozal haýsydyr bir dükanda ýa-da kafede ulanyp gören Wi-Fi torlaryňyzy ulanyň. Näçe köp torlara birikdigiňizçe, siziň maglumatlaryňyzy we giren web sahypalaryňyzy ýeterlik derejede goramaýan Wi-Fi torlaryna gabat gelmek ähtimallygyňyz şonça ýokary bolar.

Düzgün 2: HTTPS ulanmaga çalyşyň

Girýän websaýtyňyz şifrlenen HTTPS-yň deregine, şifrlenmedik HTTP ulanýan bolsa, Google Chrome brawzeri size “Howpsuz däl” diýip duýdurar. Bu duýduryşa gulak asyň, esasanam köpçülik Wi-Fi torlarynda. Haçan-da adresi HTTPS bilen başlanýan web sahypalara giren wagtyňyz, enjamyňyz bilen web sahypanyň serweriniň arasyndaky gelip-gidýän maglumatlary şol bir tora birigen başga adamlar görüp bilmezler.

Düzgün 3: Artyk maglumat bermäň

Köpçülikleýin Wi-Fi torlaryna birigeniňizde e-poçtaňyz ýa-da telefon belgiňiz ýaly, birnäçe şahsy maglumatlaryňyzy girizmegiňiz soralsa, gaty seresap boluň. Muny edýän dükanlar we restoranlar sizi birnäçe Wi-Fi nokatlarynda tanamak we marketing maksatlary üçin maglumat almak isleýärler. Eger şeýle torlara hökman birikmeli bolsaňyz, öz ynanýan ýerleriňizi saýlaň we esasy däl-de, alternatiw e-poçtaňyzy ulanyň.

Düzgün 4: AirDrop we faýl paýlaşmany çäklendiriň

Nätanyş adamlar bilen gurşalan jemgyýetçilik ulgamyna gireniňizde, enjamlaryňyzdaky faýllary bökdençsiz paýlaşmaga mümkinçilik berýän aýratynlyklary öçürmegiňiz gerek. Windows operasion sistemaly kompýuterde ony öçürmek üçin:

  1. “Центр управления сетями и общим доступом” giriň, soňra
  2. “Дополнительные параметры общего доступа” giriň we
  3. “Отключить общий доступ к файлам и принтерам” saýlaň.

Mac operasion sistemaly kompýuterde bolsa, ilki

  1. “Системные настройки” girip,
  2. “Общий доступ” diýen ýerden hemme baýdajyklary öçürip çykmaly. Soňra
  3. “Finder” -e girip, “AirDrop” -a basmaly we “Разрешить обнаруживать меня: Никто” saýlamaly.

Şeýle etseňiz, hiç kim siziň faýllaryňyzy alyp ýa size hiç zat ugradyp bilmez.

Düzgün 5: Nämelere razylyk berýäniňize serediň

Köpçülik Wi-Fi torlaryna birigeniňizde şertler (условия и положения) bilen tanyşyň. Elmydama her söze düşünip bilmersiňiz, ýöne ähli şübheli ýerlerini, esasanam haýsy maglumatlary ýygnaýandyklaryny we olar bilen näme edýändiklerini okap tapyp bilmelisiňiz.

Eger şertlere düşünmek kyn düşse, çalt web gözlegi arkaly beýleki ulanyjylaryň başdan geçiren wakalaryny ýa-da meselelerini tapyp bolar. Elbetde, şertler ýaman niýet bilen goýulmaýar – olar Wi-Fi üpjün edijini hem goramaga kömek edýär. Ýöne, şonda-da her bir açylan penjirä seretmän basybermeli däl. Haýsydyr bir programma üpjünçiligini ýa-da brauzere goşmaça programma ýükleme teklibi çykan ýagdaýynda, çalt yza çykyň.

Düzgün 6: VPN ulanyň

Jemgyýetçilik Wi-Fi toruny ulanmagyň iň howpsuz usuly enjamlaryňyza VPN (wirtual hususy tor) gurnamakdyr. VPN noutbukyňyza ýa-da telefonyňyza iberilýän maglumatlary şifrleýär we sizi howpsuz serwere birikdirýär – bu bolsa tordaky beýleki adamlara ýa-da tora gözegçilik edýänlere siziň näme edýändigiňizi görmek ýa-da maglumatlaryňyzy almak asla mümkin bolmaz ýaly edýär.

Goşmaça maslahatlar

Ýene birnäçe ýyldan, Wi-Fi howpsuzlyk protokolynyň indiki wersiýasy WPA3 elýeterli bolanyndan soň, jemgyýetçilik ýerlerindäki Wi-Fi torlary howpsuzrak bolar. Häzir köne programma üpjünçiligine daýanylýar. Şonuň üçin ýola çykmazdan ozal, noutbukyňyzda ýa-da telefonyňyzda gurlan programmalaryň we programma üpjünçiliginiň täzelenendigine we düzedişleriň girizilendigine göz ýetiriň. Mundan başga-da, hökmany bolmasa, köpçülik Wi-Fi torlaryndan täze bir zat göçürip almaň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: