Progres.Online

Wirtual hususy tor barada esasy bilmeli zatlarymyz

Wirtual hususy tor (Virtual private network (VPN) – iňlisçe) – ulanyja internet arkaly hususy tora ygtybarly we howpsuz birikmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa. Bu ulanyjynyň enjamy bilen ähli internet trafigini ugrukdyrýan VPN serweriniň arasynda kodlanan tuneliň döremegi bilen işleýär.

VPN-iň işleýşi:

  1. Ulanyjy öz enjamyna VPN programmasyny gurýar we VPN serwerine birikýär;
  2. VPN programmasy VPN serwerine ygtybarly birikme döredýär;
  3. Ulanyjynyň internet trafigi şifrlenen (kodlanan) tunel arkaly VPN serwerine gönükdirilýär;
  4. VPN serweri ulanyjynyň internet trafigini kabul edýär we ulanyjynyň adyndan internete ugradýar;
  5. VPN serweri ulanyjynyň internete ugradan islegine jogap alýar we şifrlenen (kodlanan) tuneliň üsti bilen yzyna ýagny, ulanyjynyň enjamyna iberýär.

VPN öz serweri arkaly traffigi ugrukdyryp, ulanyja göni şahsy tora birigen ýaly internete howpsuz girmäge mümkinçilik döredýär.

VPN näme üçin ulanylýar?

  • Onlaýn gizlinligi goramak: VPN internet traffigini şifrläp we IP adresini gizläp, ulanyjynyň onlaýn gizlinligini goramaga kömek edip biler. Bu mahabat berijiler ýa-da häkerler ýaly üçünji taraplaryň ulanyjynyň onlaýn hereketlerini yzarlamagyny kynlaşdyrýar.
  • Internet birikmesini (интернет-соединение/internet-connection) goramak: Jemgyýetçilik ýerlerindäki Wi-Fi torlaryny (meselem: TELECOMWIFI) ulananyňyzda, şahsy maglumatlaryňyzy we howpsuzlygyňyzy goraýar.
  • Senzuradan geçmek we çäklendirilen internete girmek: VPN, Türkmenistan we Hytaý ýaly berk internet senzurasy bolan ýurtlardaky ulanyjylara petiklenen web sahypalaryna girmäge kömek edýär.
  •  Ýerleşýän ýeriňi üýtgedip görkezmek: VPN ulanyja başga bir ýurtda ýerleşýän ýaly görünmegine rugsat berýär. Diňe belli bir ýurtda ýa-da sebitde işleýän saýtlara girmek ýa-da ýerli senzuradan geçmek üçin peýdaly bolup biler.

VPN-leriň böwüsilmeginiň käbir sebäpleri:

  • Petiklemek: Käbir hökümetler we guramalar belli bir web sahypalaryna ýa-da çeşmelere girmegi çäklendirmek maksady bilen VPN-leri petikläp bilerler. Şeýle ýagdaýlarda, VPN internete baglanyp bilmez ýa-da ulanyjynyň trafigi petiklenip biler.
  • Howpsuzlyk goragyň peselmegi: Eger bir VPN üpjün ediji güýçli şifrlemäni ulanmasa ýa-da serwerlerini dogry gorap bilmese, kiber hüjümçiler VPN-den geçýän trafigi görmegi mümkin.
  • Tizligi peseltmek: VPN serweri trafigi gönükdirýär. Şonuň üçin, VPN serweri ulanyjydan uzakda ýerleşýän bolsa ýa-da serweriň trafigi garaşylýandan ýokary bolsa, internet tizliginiň haýallamagyna sebäp bolup biler.
  • VPN-iň üsti açylyp biler: Käbir web sahypalary ulanyjynyň VPN ulanýandygyny anyklap, girişini petikläp biler.

Umuman, VPN-ler goşmaça howpsuzlyk we gizlinlik gatlagyny üpjün edýän hem bolsa, abraýly/ygtybarly VPN-leri ulanmak we VPN-leriň petiklenip ýa çäklendirilip biljekliginden we gowşak taraplaryndan habarly bolmak möhümdir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: