Progres.Online

IOS enjamyňyzy nädip goramaly?

Eger-de siz iPhone ýa-da iPad ulanýan bolsaňyz, onda siz olaryň beýleki enjamlara garanyňda has howpsuzdygy barada eşidensiňiz. Elbetde, bu hemişe çyn däl. Enjamlarymyzyň howpsuzlygy olaryň programma üpjünçiligine we olary ulanyşymyza baglydyr.

Enjamyňyzyň Operasion Ulgamynyň (OU) iň soňky wersiýasyny ulanyň

  • Enjamyňyzyň programma üpjünçiligini täzeläniňizde, internet kafelerde ýa-da şoňa meňzeş jemgyýetçilik ýerlerinde däl-de, öý ýa-da ofis ýaly, internet birikmesi howpsuz ýerlerde täzeläň.
  • Operasion ulgamyň iň soňky wersiýasyny gurnamak üçin, enjamyň programma üpjünçiligini birnäçe gezek ýükläp almagyň zerur bolmagy mümkin. Şonuň üçin, enjamyňyzy ulanmajak wagtyňyza gabatlasaňyz gowy bolar.
  • Eger OU-nyň soňky wersiýasy enjamyňyzda işlemese, howpsuzlygyňyzy dikeltmek üçin täze enjam satyn almagy göz öňünde tutup bilersiňiz.
  • Programma üpjünçiliginiň täzelenmesini ýükläp alanyňyzdan soňra, onuň doly gurnalandygyna göz ýetirmek üçin, enjamyňyzy öçürip täzeden işlediň.
  • Enjamyňyzda gurnalan wersiýa bilen deňeşdiriň.
  • OU özbaşdak täzelenme ýükläp durar ýaly ediň.

Bloklama režimini işlediň

Eger-de siz iPhone, iPad ýa-da başga iOS OU-nda işleýän enjam ulanýan bolsaňyz, “Bloklama režimini” işletmegiňiz maslahat berilýär. Enjamyňyzyň işleýşinde üýtgeşik tapawut görmersiňiz, ýöne siziň enjamyňyz has güýçli goralar.

Programmalary ygtybarly çeşmelerden alyň

Enjamyňyzy “jailbreaking” ýa-da “rooting” etmekden gaça duruň, sebäbi bu siziň enjamyňyzyň howpsuzlygyny has peselder. Programmalary diňe AppStore-dan ýa-da programmany döredenleriň resmi websaýtyndan ýükläp alyň.

Programmalaryň rugsat düzgünlerini barlaň

Ähli rugsat düzgünleri bir-birden barlaň. Aşakdaky rugsatlar aýratyn şübheli hasaplanýar, sebäbi köplenç zyýanly programmalar tarapyndan ulanylýar:

  • Ýerleşýän ýeriňiz;
  • Kontaktlar;
  • SMS;
  • Mikrofon;
  • Kamera;
  • Jaňlaryňyzyň taryhy;
  • Telefonyň ýady;
  • Sistemanyň sazlamalaryny üýtgetmek ýa-da modifisirlemek;
  • Telefonyň özbaşyna programmalary ýüklemegi.

Ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany öçüriň we taryhyny doly pozuň

Tutuş enjamyňyzda ýa-da aýratyn programmalarda olary ulanmaýan wagtyňyz ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany öçürmegi endik ediniň. Ulanyp bolanyňyzdan soňra, ýerleşýän ýerleriňiziň taryhyny yzygiderli barlap we pozup durmaly.

Enjamyňyz bilen bagly hasaplary goraň

Hasabyňyzy barlap duruň, eger-de hasabyňyzda şübheli hereketler ýüze çyksa (meselem, hasabyňyzda tanamaýan ýa-da ozal zyňylan enjamlar görünýän bolsa) siz onuň sahypalaryny surata düşürip bilersiňiz.

Enjamyňyz bilen bagly, ýöne gerekmejek hasaplary pozuň

  • Enjamlaryňyza ýa-da hasabyňyza kimiň girip bilýändigini bilmek üçin bu usuly ulanyp bilersiňiz.

Enjamyňyzyň ekranynyň ýüzi öçer we bloklanar ýaly ediň

Ulanyp bolanyňyzdan soňra, ekranyň ýüzi bloklanar ýaly edip goýuň. Ýüzüni açmak üçin gysga parol ýa-da PIN däl-de, uzyn parol (azyndan 10 simwol) ulanyň.

Mümkin bolsa, enjamyzyň gulpuny açmak üçin barmak yzyňyzy, ýüzüňizi, gözüňizi ýa-da sesiňizi ulanmaň, sebäbi size garşy güýç ulanyp, enjamyňyzy gulpdan açyp bilerler. Eger barmak yzlaryňyzy we ýüzüňizi eýýäm girizen bolsaňyz, olary aýryň.

Nokatlary birikdirýän görnüşdäki gulpy çaklamak aňsat, şonuň üçin muny ulanmak maslahat berilmeýär.

Ses dolandyryjyny öçüriň

Ulanmaýan birikmeleriňizi öçüriň

  • Enjamlaryňyzy gijesine doly öçüriň.
  • Ulanmaýan wagtyňyz Wi-Fi, Bluetooth ýa-da tor paýlaşmasyny öçürmegi endik ediniň.
  • “Uçarda” tertibi enjamyňyzdaky aragatnaşyklary öçürmegiň çalt usuly bolup biler. Enjamyňyz “uçarda” tertibinde bolanda, diňe zerur hyzmatlardan peýdalanmak üçin nädip diňe Wi-Fi-y we Bluetooth-y açmalydygyny öwreniň.
  • Ulanylmaýan wagty “Personal Hotspot” (Персональная точка доступа) toruny öçüriň.
  • “Uçarda” tertibi açyň hem-de Wi-Fi-y we Bluetooth-y öçüriň.
  • Wi-Fi toruňyzyň awtomatik ýagdaýda açyk ulgamalara birikmesini öçüriň.
  • “Personal Hotspot” torunyň üsti bilen, enjamyňyzyň başga biri bilen internet paýlaşmaýandygyna göz ýetiriň.

Ozal ýatda saklanan Wi-Fi birikmelerini öçürüň

  • Torlaryňyzyň atlaryny we parollaryny enjamyňyzdaky torlaryň sanawynda däl-de, parol dolandyryjyda saklaň.
  • Wi-fi torlarynyň sanawyny pozuň we “Awtobirikme” funksiýasyny öçüriň.

Goşmaça maslahatlar:

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: