Progres.Online

Internetde aragatnaşygyňyzyň gizlinligini goraň

Her bir aragatnaşyk usulynyň, sanly ýa-da başga bir usul bolsun, rahatlygy, meşhurlygy, bahasy we howpsuzlygy boýunça artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Aragatnaşyk etmek üçin ulanýan usullarymyzyň peýdalaryny we töwekgelçiliklerini ölçemek biziň her birimiziň özümize baglydyr.

Aragatnaşyk meýilnamasyny düzüň

Stresli ýa-da betbagtçylykly pursatlarda biri-biriňiz bilen habarlaşmak we birek-biregiň aladasyny edip bilmek üçin özüňiz we töweregiňizdäkiler üçin aragatnaşyk meýilnamasyny döredip we ýerine ýetirip görüň.

  • Söhbetdeşleriňiz bilen gürleşiň. Nähili ýagdaýda aragatnaşyk saklajakdygyňyz (we saklamajakdygyňyz) barada anyk bir meýilnama teklip ediň, ara alyp maslahatlaşyň we ylalaşyň. Aşakdakylary göz öňüňizde tutuň:
    • belli-belli töwekgelçilikleri;
    • ulanjak we ulanmajak programmalaryňyzy we hyzmatlaryňyzy;
    • bir zat tersine bolup gidäýende etjek hereketleriňizi.
  • Resmi däl ädimleri göz öňünde tutuň, şol sanda:
    • ätiýaç e-poçtalary dörediň we özara paýlaşyň;
    • telefon belgileriňizi özara paýlaşyň;
    • adatdan daşary ýagdaýlar üçin kontaktlaryňyzy paýlaşyň.
  • Resmi ädimleri göz öňünde tutuň:
    • Howpsuzlyk, maglumatlary we resminamalary saklamak üçin goldanýan aragatnaşyk usullaryny kesgitläň.
  • Näme diýýändigiňize we nirede diýýändigiňize üns beriň:
    • Gizlin maglumatlaryňyzyň başgalar tarapyndan bilinmeginiň öňüni almakda iň aňsat usul, ilki bilen hiç zat ibermezlik we aýtmazlykdyr (mysal üçin, kimdir biri serhetden geçen mahaly ýa-da tussaglykda saklanýan bolsa, soobşeniýe ibermekden saklanyň);
    • Atlaryň, adresleriň, etjek işleriňiziň we ş.m-leriň aç-açan adyny tutmazlyk üçin, öz araňyzda düşüniläýjek “kod” dilini dörediň.
  • Aragatnaşyk meýilnamaňyza taýynlyk görüň.

Birnäçe bir gezeklik hasaplary döretmek

  • Köp meşhur e-poçta üpjün edijiler size gelýän hatlary esasy e-poçta adresiňizi gönüden-göni ulanman, başga bir araçy e-poçtanyň üstünden almaga mümkinçilik berýär.
  • Firefox Relay e-poçta adresini ulanyň.
  • Eger araçy poçta girmek gerek däl bolsa we onlaýn hyzmata ýazylmak üçin e-poçta adresi gerek bolsa, Guerrilla Mail synap görüň.

Gerekmejek gizlin maglumatlaryňyzy saklamakdan gaça duruň

  • Mümkin boldugyndan, habarlaşma programmalarynda soobşeniýeleriňiz öz-özünden pozular ýaly sazlaň.
  • Mümkin bolsa soobşeniýeleriňizi el bilen pozuň.

E-poçtaňyza başgalar giräýenlerinde nähili maglumatlary tapyp biljekdiklerine göz aýlaň. Bu maglumatlar siziň işiňiz, garaýyşlaryňyz ýa-da aragatnaşyklaryňyz barada näme aýan edip biler? Bu töwekgelçiligi we e-poçtaňyza birnäçe enjamlardan girmekligiň peýdalaryny deňeşdiriň. E-poçtaňyzy şifrlenen enjama ätiýaçlandyrmak ony ygtybarly saklamagyň bir usulydyr.

Wideojaňlara we çatlara kimiň baglanandygyna gözegçilik ediň

  • Kime jaň ýa-da çatda çakylyk iberýändigiňizi biliň.
  • Habar alyşýan telefon belgileriňizi ýa-da e-poçta adresleriňizi tassyklaň.
  • Sosial mediýalarda çakylyklaryňyzy köpçülikleýin paýlaşmaň.

Onlaýn hyzmatlar, adamlaryň ýalan at bilen jaňlara ýa-da çatlara girmegine päsgel bermeýär. Ynjyk (gizlin) maglumatlary ara alyp maslahatlaşmazdan ozal kimiň-kimdigini anyk barlaň.

Mikrofon we wideokamera hemişe öçürilgi bolar ýaly sazlaň

Birikdirilende kamera we mikrofon deslapky ýagdaýda işledilip bilner diýeliň. Şonuň üçin haýal etmän, şol sazlamalaryň öçükdigine göz ýetirýänçäňiz, aýdýan we görkezýän zatlaryňyzdan hüşgär boluň.

Kameraňyzy stiker ýa-da şoňa meňzeş zat bilen ýapyň we diňe kamerany ulanmaly bolanyňyzda aýryň.

Nauşnik ulanyň

Nauşnik ulansaňyz, gürleşeniňizde ýanyňyzda biri bar bolsa, ol adam söhbetdeşlige beýleki gatnaşyjylaryň aýdýanlaryny eşidip bilmeýär.

Çatyň taryhyny pozuň

  • Programmalaryňyzda hemme gepleşikleriňizi ýa-da belli-bellilerini pozmaga mümkinçilik berýän sazlamany tapyň:
    • Eger programmany pozýan bolsaňyz, pozmazdan ozal ähli soobşeniýeleriňizi pozuşdyryň;
    • Soobşeniýeler awtomatik ýagdaýda pozulmaýan bolsa, olary el bilen nädip pozmalydygyny öwreniň. Söhbetdeşleriňizden hem şeýle etmeklerini soraň.
  • Şeýle hem, soobşeniýeler belli bir wagtdan soň telefonyňyzdan we alyjynyň telefonyndan pozular ýaly edip bilersiňiz:
    • Soobşeniýeleriňiziň näçe wagtdan pozulmagyny isleýärsiňiz? Olary birnäçe minutdan, sagatdan ýa-da günden pozular ýaly edip bolýar;
    • Soobşeniýeleri pozanyňyzdan soň hem, olar hiç haçan tapylmaz diýip bolmaýar. Meselem, kimdir biriniň olary skrinşotlap alan ýa-da surata düşüren bolmagy mümkin.

Siziň şahsyýetiňizi aýan edýän maglumatlary suratlaryňyzdan aýryň

Ähli faýllarda olaryň nirede we nädip döredilendigi barada maglumatlar bar. Bu maglumatlara metadata diýilýär. Adatça syçanjygyňyzyň sag düwmesine basyp, “свойства” diýen ýerde kompýuteriňizdäki faýlyň käbir metadatalaryny görüp bilersiňiz.

Käbir metadata ýerleşýän ýeriňiz ýa-da faýlyň döredilen enjamy barada maglumatlary öz içine alyp biler: kimdir biri bu maglumatlary görüp, sizi tanamak üçin ulanyp biler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: