Progres.Online

EXIF näme we ony suratlardan nädip aýyrmaly?

EXIF (Exchangeable Image File Format) kameraňyz we suratyň düşürilen ýeri barada birnäçe maglumatlary öz içine alýar. Eger siz EXIF-li suratlaryňyzy paýlaşsaňyz, beýlekiler suratlardan köp maglumatlary alyp bilerler.

Her gezek kamera ýa-da telefon arkaly surata düşüreniňizde, enjamyňyzyň ýadyna faýl (köplenç JPEG) ýazylýar. Enjamyň ýadyna surat üçin bölünen ähli bitlerden başga-da, ep-esli mukdarda goşmaça metadata hem ýazylýar. Olara sene, wagt, kamera sazlamalary we awtorlyk hukugy ýaly maglumatlar girýär. Şeýle-de, suraty gaýtadan işlemek programmalaryny ulanyp, EXIF-e goşmaça metadata goşup bilersiňiz.

Netijede, GPS aýratynlyklary bolan telefon ýa-da kamera ulanýan bolsaňyz, EXIF ​​geolokasiýa (ýerleşýän ýeriňizi görkezýän aýratynlyk) metadatany ýazyp biler. Bu zatlar surat paýlaşýan ulanyjylara belli bir ýerde düşürilen suratlary görmäge, surata düşürilen ýerleri kartada tapmaga hem-de sosial wakalary tapmaga we yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bulara “geoteg” diýilýär.

Ýagny, EXIF ​​maglumatlary, esasanam geotegler ähli maglumatlary paýlaşmak isleýän ýa-da islemeýän suratçy hakynda köp zat aýdýar.

EXIF maglumatlaryny nädip görmeli we pozmaly?

Haçan-da kamera ýa-da telefon arkaly surata düşüreniňizde, suratyň häsiýetlerinde (свойства) görüp boljak EXIF ​​metadata ýazylýar. Bularyň köpüsi adaty zat we aslynda sizi diňe geolokasiýa maglumatlary gyzyklandyryp biler.

Siz EXIF metadatalaryň suratlara goşulmagynyň öňüni alyp bilmersiňiz, ýöne geoteg maglumatlary alynmaz ýaly kamerada ýa-da kamera programmasynda ony öçürip, öňüni alyp bilersiňiz. Eger suratyňyzda eýýäm geoteg bar bolsa – ýa-da suratyňyzdan ähli EXIF ​​maglumatlary aýyrmak isleseňiz, ony surata düşürlenden soň hem edip bilersiňiz.

Windows operasion ulgamynda işleýän enjamlaryňyzda EXIF ​​maglumatlary görmek we pozmak üçin ilki bilen düzetmek isleýän suratyňyzy ýa-da suratlaryňyzy saýlaň, soňra syçanjygyň sag düwmesini basyň we (1) “Свойства” diýen ýerine basyň.

Eger siz metadata goşmakçy bolsaňyz, gerek ýerleriňizi saýlap, (2) “Подробно” diýen ýerinde üýtgedip ýa-da goşup bilersiňiz. Metadatalary suratlardan aýyrmak isleseňiz, penjiräniň aşagynda (3) “Удаление свойств и личной информации” diýen ýerine basyň.

“Удаление свойств и личной информации” diýen penjirede (4) “Удалить следующие свойства для этого файла:” diýen ýerine basyp, pozmak isleýän ýeriňizi saýlap pozup bilersiňiz.

Android we iOS-da geotegi nädip aýyrmaly?

Androidlerde muny etmek üçin kamera programmasyny açyň we (1) “Настройки” nyşanjygyna basyň. Açylan penjirede (2) geoteg opsiýasyny öçüriň. Kamera programmasynda geolokasiýa sazlamasynyň işläp ýa-da işlemän durandygyny görkezmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin, surata düşmezden we paýlaşmazdan ozal hökman bu sazlamalary barlaň.

Eger IOS enjamyny ulanýan bolsaňyz, sazlamalaryňyzy açyň, soňra “Конфиденциальность и безопасность” diýen ýerine giriň. (1) “Службы геолокация” diýen ýerine basyň.

Ýerleşýän ýeriňizi görkezýän hyzmatlar, şol bir wagtyň özünde ähli aýratynlyklary we programmalary doly öçürmäge ýa-da düzmäge mümkinçilik berýär. Häzirlikçe (2) “Камера” nyşanjygyny saýlaň we açylan penjirede (3) “Никогда” diýen ýerini saýlaň. Şol pursatdan başlap, tä gaýtadan işledýänçäňiz, suratyň EXIF ​​meta-maglumatyna GPS koordinatlary ýazylmaz.

Düşen suratlaryňyzy maşgalaňyz hem-de dostlaryňyz bilen paýlaşan wagtyňyz isleýşiňizden has köp maglumat paýlaşmagyňyz mümkin. Suratlardaky metadatalaryň köpüsiniň hiç-hili zyýany ýok bolsa-da, olar siz hakynda köp zady aýan edip biler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: