Progres.Online

Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji ýyly: Progres barmy?

Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň prezidenti boldy. Bir ýyl mundan öň biz Progresde onuň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde durmuşa geçirip biljek il bähbitli işleriniň we reformalarynyň sanawyny düzdük we okyjylarymyz bilen paýlaşdyk. Soňra prezidentiň ilkinji 100 gününde raýatlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin haýsydyr bir reforma geçirilendigine ýa-da ýokdugyna düşünmäne synanyşdyk.

Indi ondan bir ýyl geçensoň, biz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda nähili ösüşleriň gazanylandygyny gözden geçirdik.

Ýurdy dolandyrmak üçin statistikalaryň elýeterliligi:

  • COVID-19: Hökümet Türkmenistanda COVID-19 infeksiýalarynyň we ölümleriniň ýokdugyny habar bermegini dowam etdirip, pandemiýanyň sebäp bolan ölümçiligini we ýurduň raýatlaryna ýetiren emosional hem-de fiziki zyýanyny kabul etmedi. Ilat bilen hiç bir epidemiologik hasabat paýlaşylmady.
  • Ykdysady maglumatlar: Ygtybarly ykdysady maglumatlaryň kemçiligi zerarly, Bütindünýä banky öz hasabatlaryna Türkmenistany goşmazlygyny dowam etdirýär. Halkara pul gaznasy bolsa, 2020-nji ýylyň aprelinden bäri Türkmenistanyň JIÖ-siniň ösüşini hasaplamak üçin öz çaklamalaryndan peýdalanýar – bu bolsa hökümetiň berýän JIÖ maglumatyndan tapawutlanýar.
  • 2022-nji ýylda hiç hili ykdysady görjeziji (inflýasiýa, işsizligiň we garyplygyň derejeleri) halkyň dykkatyna ýetirilmedi.
  • Ilat ýazuwynyň hasabatlary: 2012-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijeleri ilata mälim edilmedi. Türkmenistanyň hökümeti Birleşen milletler guramasy bilen birlikde 2022-nji ýylyň 17-27 dekabry aralygynda täze ilat ýazuwyny geçirdi. Bu ýazuwyň netijelerini halka ýetirmek barada ne meýilnama çykaryldy ne-de borçnama.
  • Döwlet býujeti: Hökümete dürli çeşmelerden gelýän girdejileriň paýy, şol sanda tebigy gazyň eksportynyň girdejileri we salgytlar elýeter däl. Hökümetiň býujetinden daşary Durnuklaşdyryş gaznasy baradaky maglumatlar hem halka elýeter edilmedik.
  •  Durnukly ösüş maksatlary (DÖM): Ýurduň ilkinji Meýletin milli syny 2019-njy ýylda çykdy. Şeýle-de bolsa, BMG-nyň Global DÖM maglumatlar bazasynyň ýurtlara degişli bölüminde Türkmenistan barada çäkli we köne maglumatlar berilýär. DÖM maglumatlary ministrlikleriň we hökümet gulluklarynyň websaýtlarynda hem çap edilmeýär.

Hereket azatlygy

  • Syýahat: 2022-nji ýylyň iýunyndan bäri halkara gatnawlar belli bir derejede dikeldilen hem bolsa, hökümetiň halka habar beriş ulgamynda uly kemçilikler we yzygidersizlikler boldy we bolmasyny dowam edýär. Syýahata degişli görkezmeleriň teoriýada we tejribede berjaý edilişiniň bir-birine gabat gelmezligi raýatlaryň hereket azatlygyny mazaly çäklendirýän we oňa ýaramaz täsir edýän korrupsiýa we diskriminasiýa ýol açýar.
  • Türkiýä wiza: Türkmenistanyň hökümetiniň haýyşy bilen, Türkiýäniň hökümeti 2022-nji ýylyň sentýabrynda türkmenistanlylara Türkiýä wizasyz girme rugsadyny ýatyrdy. 2023-nji ýylyň fewralyna görä, resmi taýdan Türkmenistanyň 115,143 raýaty Türkiýede ýaşaýar. Indi Türkmenistanyň raýatyndan türk syýahat wizasyny almak üçin 18 sany resminama tabşyrmak talap edilýär. Resminalamar dogan-garyndaşlaryň birinden syýahat etmek isleýäniň gaýdyp geljekdigini tassyklaýan dil haty hem öz içine alýar, emma bu dil hat ilata elýeter däl. Bularyň ählisi türkmenistanlylara Türkiýä syýahat etmegi we ol ýerde işläp hem-de bilim alyp bilmegi kynlaşdyrdy.
  • Hindistana syýahat: Türkmenhowaýollary Hindistanyň Nýu-Deli şäherine hepdede 3, Amritsar şäherine hepdede 6 gezek gatnaw edýärdi. Bu gatnawlaryň ählisi 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýatyryldy. COVID-19 pandemiýasyndan ozal Türkmenistandan ýylda 10 müňden köp adam ölümden halas ediji operasiýalar üçin Hindistana gidýärdiler. Olaryň ençemesi rak keseliniň bejergisi üçin gidýärdiler. Bu syýahat çäklendirmeleriniň adamlaryň saglygyna we durmuşyna nähili täsir edendigi näbellililigine galýar.
  • Welaýatlardan gelýän hususy maşynlara häzire çenli Aşgabat şäherine girmäge rugsat berilmeýär.

Türkmenistanyň bäsdeşlige ukuby

  • Manadyň goşa alyş-çalyş hümmeti ilata we kiçi telekeçiliklere zeper ýetirmegini dowam edýär. Manadyň resmi we gara bazardaky alyş-çalyş hümmetini deňleşdirmek üçin hiç hili ädimler ädilmedi ýa-da maksatlar yglan edilmedi.
  • Döwlet resmileri ýurtdaky inflýasiýanyň derejesinden halky habardar etmeýärler. Şeýle-de bolsa, Palaw indeksiniň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda azyk inflýasiýasy 7.1% düşüpdir. Emma bu aşaklama 2021-nji ýylda 55.6% ýokarlalan uly azyk inflýasiýasy bilen deňeşdireniňde ujypsyz bolup galýar. Progresiň inflýasiýa bagyşlanan analitiki brifine görä, Türkmenistandaky harytlaryň bahasy galapyn manadyň gara bazardaky hümmeti bilen kesgitlenilýär.
  • Western Union ýaly hyzmatlaryň ýapylmagy hem-de berk walýuta alyş-çalyş çäklendirmeleri we düzgünleri sebäpli, Türkmenistanyň raýatlary ýurtdan pul ugratmak ýa-da pul kabul etmek üçin diňe “hawala” atly, resmi däl görnüşde nagt pul ugradylýan ulgama bil baglamaly bolýarlar. Raýatlar bank kartlary bilen halkara tranzaksiýalary we maliýe töleglerini amala aşyryp bilmeýärler. Hökümet maddy tranzaksiýalary diňe ýurduň içinde amala aşyryp bolýan ulgam gurnap, raýatlaryň daşary ýurtlar bilen söwda etmeklerine päsgelçilik döredýär. Ýerli tölegleri daşary ýurt banklary bilen töläp bolmaýar. Ýurtda adaty adam bankda daşary ýurt walýutasynda pul saklap bilmeýär.
  • Türkmenistanda şu güne çenli dowam edýän mejbury propiska tejribesi işçileriň azat hereket etmegine we içerki migrantlaryň lukmançylyk hem-de jemgyýetçilik hyzmatlaryny almagyna böwet bolýar.

Durnukly korrupsiýa

Käbir orta derejeli býurokratlar korrupsiýada we para almakda aýyplanyp, Sowet Soýuzynda gecirilýän sud diňlenişiniň äheňinde işden boşadylan hem bolsalar, korrupsiýa garşy kanuna we adalat elýeterliligine esaslanýan ulgamlaýyn çäreler alnyp barylmaýar. Sebitde Türkmenistanyň jemgyýetçilik pudagy iň ýaramaz derejeli korrupsiýa bilen tanalýar. Transparency International halkara aç-açanlyk guramasy korrupsiýanyň derejesi boýunça Türkmenistany 180 ýurduň içinde 167-nji orunda goýýar – bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde korrupsiýanyň iň bir ýaramaz bolan ýurtlarynyň biridigini aňladýar. Ýurtda raýatlaryň hökümet edaralaryndaky korrupsiýalar barada habar berip bilmekleri üçin hiç hili mehanizm ýöredilmeýär.

Saglygy goraýyş

  • Ýokanç keseller: Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky AIW/AIDS we inçekesel bilen kesellän adamlara degişli hiç hili maglumat ýa-da statistika çykarmady. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hiç hili epidemiologik hasabatlary köpçülige aýan etmedi.
  • Öýdäki zorluk: BMG-nyň goldawy bilen, hökümet Türkmenistanda endemik öýdäki zorlugyň bardygyny kabul etdi. Türkmenistanda aýallaryň statusy baradaky ilkinji hasabat hökümet we ýurtdaky UNFPA edarasy tarapyndan çap edildi, emma onuň netijeleri esasynda hiç bir çäre alnyp barylmady we halkyň bu mesele boýunça habarlylygyny we bilimini artdyrmak ugrunda tagallalar edilmedi. Şeýle-de, 2022-nji ýylda öýdäki zorlugyň aýylganç pursatlaryny öz içine alýan wideo internet äleminde köpçülikleýin paýlaşyldy we gürleşildi. Emma welin, ne hökümet ne-de resmi metbugat ol wideo barada dil ýardy ýa-da hasabat berdi.
  • Hususy lukmançylyk tejribesi: Ýurtda hiç hili hususy lukmançylyk merkezi ýazga alynmady.
  • Rak keseli: Her ýyl 10 müň türkmenistanlynyň ölümden gutuldyryjy operasiýalar we bejergiler üçin gidýän ýurdy bolan Hindistana uçar gatnawlary gaýtadan dikeldilmedi. 2018-nji ýylda Türkmenistanda rak keseline uçranlaryň 30%-i diri galýardy.
  • Abort: 2022-nji ýylyň aprelinde hökümet aborty geçirmäge degişli ýüzleý görkezmeleri ilata aýan etdi. Onda abort etdirmäge berilýän rugsadyň göwreliligiň 12-nji hepdesinden 5-nji hepdesine düşürilendigi bellenilýär.

Aýal-gyzlaryň ulgamlaýyn diskriminasiýasy

2022-nji ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda birnäçe halkara metbugatlar we guramalar Türkmenistanyň hökümetiniň aýal-gyzlaryň şahsy durmuşyndaky we jemgyýetçilik ýerlerindäki hukuklaryny çäklendirmekde alyp barýan ägirt uly kampaniýasy barada habar berdiler. Ýurtda polisiýanyň “ýokardan gelen buýruk şeýle” diýip, ýazylmadyk buýruklar esasynda aýal-gyzlara azar berendigi we olara gözellik hyzmatlaryny, şahsy islege görä geýinmegi, ulag sürmegi we hatda ulagyň öňki oturgyjynda otyrmagy hem çäklendirendigi aýdylýar. Türkmenistanyň hökümeti metbugat habarlarynyň hiç birine jogap berip çykyş etmedi. Bu çäklendirmeleriň gowşadylandygy käbir çeşmelerde habar berilse-de, olaryň gelejekde täzeden herekete girizilmejekdigi barada hökümet hiç hili mehanizmleri, görkezmeleri we habarlary aýan etmedi. Muňa hökümetden gelen ýeketäk ýüzleý düşündirişi parlamentiň agzasy BMG-nyň ýygnagynda belläp geçip, gözellik hyzmatlaryna girizilen gadaganlygyň gözellik öýlerindäki sanitariýa şerleri sebäplidigini aýtdy.

Türkmen pasportlary

Daşary ýurtda okaýan, işleýän we ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty üçin pasportyny täzelemegiň ýeketäk ýoly Türkmenistana gitmek we migrasiýa edarasyna ýörite baryp ýüz tutmakdyr. Türkmenistanyň ilçihanalary we konsullyklary pasportlary täzeläp berme hyzmatyny hödürlemeýärler. Daşary ýurtlardaky raýatlaryň ençemesi möhleti uzaldylan pasportly gezýärler – bu bolsa olaryň durmuşynda gaýgy we näbellilik döredýär.

Türkiýedäki käbir migrantlarda uçarly syýahat etmegiň gymmatdygy hem-de kanuny statuslarynyň näbellidigi zerarly, Türkmenistana gidip pasport täzelemek mümkinçiliginiň ýok bolmagy hem ahmal.

Internet

  • Hökümet tarapyndan internediň tizliginiň peseldilmegi we onuň ýapylmagy has-da ýygjamlaşdy. 2022-nji ýylyň aprel aýynda, ýagny Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň başynda ýurtda internediň doly ýapylmaga golaýlandygy hasaba alyndy. Ilata elýeter bolan internet hem juda haýal, gymmat we ýokary derejeli senzura astyndady.
  • Döwlete degişli bolan Türkmentelekom 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap belli bir derejede internet tizligini hödürleýän täze 4 we 6 Mbit/sek. nyrhnamalary girizdi. Şeýle-de bolsa, ýurtda internediň tizligi goňşy döwletleriňkiden has pes bolmagyna galýar we onuň bahasyna adaty raýatlarlaryň ýagdaýy ýetmeýär.
  • Hökümet global internede bagly bolmadyk Milli sanly tory döretmek hakynda karar kabul etdi. Emma heniz Milli sanly toruň bütinleý global internediň ornuny tutjakdygy näbelli. Bu kararyň goşmaça jikme-jikleri henize çenli aýan edilmedi.
  • Bütindünýä bankynyň döwlet pudagynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşyny derňeýän GovTech Maturity indeksi Türkmenistana Owganystanyň yz ýanyndan orun berdi.

Bilim, akademik senzura, ylmy barlaglar

  • Türkmen ýaşlarynyň ortaça diňe 5-den 1-iniň döwlet ýokary okuw jaýynda okamaga mümkinçiligi bar. Meselem, 2022-nji ýylda 72,426 okuwçy orta mekdebi tamamlady, emma olaryň diňe 15,326 sanysy 2022-2023 okuw ýyly üçin ýokary okuw jaýlaryna kabul edildi.
  • Şol bir wagtda, hökümet Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny hem-de ýaşlaryň nähili hünärleri edinmelidigini düzgünleşdirmesini dowam edýär. Döwlet her ýokary okuw jaýyna we her hünär üçin kabul edilmeli talyplaryň sanyny hem çäklendirýär. Bu bolsa ýokary bilim almak isleýän ýaşlaryň arasynda bäsdeşligi köpeldip, korrupsiýa ýol açýar.
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ylmy işler, ylmy açyşlar ýa-da halkara hyzmatdaşlyklar alnyp barylmaýar. Hatda ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ylymlar akademiýasynyň garaşylýan netijäni bermeýändigini aýdyp, senagat maksatly ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen bagly anyk ykdysady netijeleri bolan açyşlaryň ýoklugyny belledi.

Oba hojalygy

Türkmenistan çaga zähmetine we pagta senagatynda mejbury zähmete çäre görmek ugrunda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň üsti bilen käbir ädimleri äden hem bolsa, munuň meýilnamasy we gol çekilen ylalaşyklar halka ýetirilmedi.

Mejbury zähmete we az işçi haklaryna ýol açýan welaýatlaryň ýyllyk pagta we bugdaý planlaryny aýyrmak boýunça hiç hili reformalar ýa-da çäreler geçirilmedi. Döwlet häzire çenli ýeketäk ýer eýesi bolup galýar.

Raýat jemgyýetleri

Ýurduň içinde, esasan hem oba ýerlerinde bilim, jemgyýetçilik we ykdysady maksatly programmalary hem-de hyzmatlary üpjün edýän hiç bir jemgyýetçilik guramalary ýa-da raýat jemgyýetleriniň başlangyçlary hasaba alynmady.

Dekabryň 22-sindäki günä geçişlik tapgyrynda birnäçe aktiwistler tussaglykdan boşadylsa-da, bu barada döwlet metbugatynda habar berilmedi we aktiwistleriň näme üçin azatlykdan mahrum edilendigi hiç ýerde düşündirilmedi. Geljekde döwletiň ilat içindäki pikirleriň köpdürliligine şek ýetirmesiniň öňüni aljak mehanizm döredilmedi.

Daşky gurşaw

Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynda maglumatlar, maksatlar we ölçäp boljak borçnamalar ýetmezçilik edýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge goşant goşmak boýunça ýurduň öňde goýan maksatlarynyň 2022-nji ýylda rejelenen görnüşi ilata elýeter edildi. Häzire çenli howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwunyň elýeterliligi, topragyň arryklamagy we çölleşme barada hiç hili ylmy barlaglar we maglumatlar çap edilmedi.

2022-nji ýylda suw ýetmezçiligi bilen bagly meseleler has-da ýitileşdi. Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň 2022-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda akar suwlary kesildi. Palaw indeksiniň taýýarlan hasabatlarynda ekerançylyk suwarymy üçin zerur bolan suwuň ýetmezçiligi zerarly tüwiniň bahasynyň galandygy habar berilýär.

Hökümet 2021-nji ýylda bölünip çykarylan metan gazynyň “5 million tonna barabardygyny, ýagny 77 milliard kilowat-sagat elektrige öwrüp boljak möçberdedigini” kabul etdi.

Türkmenistanyň hökümeti Masdar kompaniýasy bilen 100 megawatlyk fotoelektrik gün stansiýasyny gurmak barada şertnama gol çekdi. Bu şertnamanyň stansiýanyň gurulmaly ýerine, bahasyna hem-de täjirçilik maksatly ulanylmaga beriljek senesine degişli jikme-jiklikleri ilata ýetirilmedi.

Progres.online ýokary hilli barlaglaryň we syýasy derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmegi öňe sürýän onlaýn analitiki žurnaldyr.

Ulanylan foto

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: