Progres.Online

Düşündiriş: Türkmenistanda ýokarlandyrylan tizlikli internetiň bahalary

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, döwlet eýeçiligindäki Türkmentelekom we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) aragatnaşyk kompaniýalary 4 we 6 Mbit/s tizlikli internet nyrhlaryny girizerler. Mundan ozal, öý hojalyklary üçin iň güýçli internetiň tizligi 2 Mbit/sekuntdy. Internetiň tizligi 3 esse artan ýaly görünse-de, täze ýokarlanan tizlik hem goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende örän pesdir.

 Öňki hödürlenýän 2 Mbit/s tizlikli internet nyrhnamasy 200 manatdan 180 manada we 1 Mbit/s tizlikli internet bolsa 170 manatdan 150 manada arzanladyldy. Şeýlelikde, täze nyrhnamalara görä, öý hojalyklary üçin iň pes tizlikli internet 1 Mbit/s we iň ýokary tizlikli internet 6 Mbit/s.

Bu internet tizliklerinde näme ýükläp bileris?

Ýurtdaky iň pes tizlikli internet 1 Mbit/s. Wideo we audio formatdaky faýllarda ulanylýan ölçeg birliklerine öwürsek, 1 Mbit = 0.125 Megabaýta deňdir. Ýagny, Türkmistandaky iň pes tizlikli internet bilen 1 sekuntda 0.125 Megabaýt faýl ýükläp bolýar.

Internetdäki wideolaryň göwrümi olaryň dowamlylygyna (näçe minut, sagat dowam edýänine) we wideonyň hiline görä üýtgeýär. Ortaça 1 filmiň göwrümi 1-2 Gigabaýt (GB) aralygynda bolýar. Ýagny, ýurtdaky iň pes tizlikli (1 Mbit/s) internet bilen 1 filmi ýüklejek bolsak, 2 – 4.5 sagat aralygynda garaşmaly bolarys.

Türkmenistandaky iň ýokary tizlikli (6 Mbit/s) internet bilen 1 filmi ýüklemek üçin 22 – 44 minut aralygynda garaşmaly bolar. Ýokary kesgitli (iňlisçe: HD) wideolardaky filmleriň göwrümi ortaça 2-4 GB bolýar. Olary ýüklemek üçin ortaça 44 – 88 minut aralygynda wagt alar.

Speedtest Global Index reýtingi dürli ýurtlaryň internet tizligini barlaýar. Speedtest platformasynda internet ulanyjylary öz ulanýan internetiniň tizligini ölçäp bilýärler. Bu platforma görä, käbir döwletleriň ortaça internet tizligi:

  • Gazagystan – 39.67 Mbit/s;
  • Türkiýe – 32.45 Mbit/s;
  • Eýran – 11.44 Mbit/s;
  • Özbegistan – 43.94 Mbit/s;
  • Täjigistan – 29.97 Mbit/s;
  • Gyrgyzstan – 48.54 Mbit/s;
  • Dünýä boýunça iň ýokary tizlikli internet Singapurda bolup, onuň ortaça tizligi 234.55 Mbit/s.

Internetiň bahasynyň aýlyklar bilen deňeşdirmesi

2023-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1160 manat we pensiýa hakynyň möçberi 450 manat diýilip kesgitlenildi. Ýurtdaky iň arzan internet 150 manat we ony tölemek üçin iň az zähmet hakyny gazanýan raýat aýlygynyň 12.9%-ini sowmaly bolar. Pensiýanyň iň az möçberini alýan ýaşulularymyz bolsa pensiýasynyň 33.3%-ini internete sarp etmeli bolar. Has giňişleýin maglumaty aşakdaky tablisadan görüp bilersiňiz.

Çeşme: Türkmenportal

Iň pes aýlyga ýaşaýan maşgalalara internetiň elýeterliligi

Internetiň örän gymmatlygy ýurtdaky iň az zähmet hakyny alýanlara uly täsirini ýetirýär. BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistandaky maşgalalar çykdajylarynyň 52.1%-ini iýmite harçlaýarlar. Meselem: Aman aganyň maşgalasynda 4 adam ýaşaýar (özi, aýaly we iki sany çagasy). Bu öý hojalygynda diňe Aman aganyň özi işläp, iň az aýlyk bolan 1160 manady gazanýan bolsa, onuň maşgalasyna internet çekdirmek örän gymmat düşer.

Iň pes tizlikli 1 Mbit/s interneti çekdirmek üçin Aman aganyň aýlygynyň 12.9%-i harçlanar. Onuň üstüne, aýlygynyň 52.1%-i hem iýmite sarp ediler. Aýlygynyň galan 35% -ini (406 manat) Aman aga çagalarynyň okuw çykdajylaryny tölemeli, olara eşik almaly, saglyk, transport we dynç alyş we ş.m çykdajylaryna bermeli bolar. Diýmek, Aman aganyň maşgalasy üçin internet bahasy örän gymmat ýa-da elýetersiz bolýar.

Çeşme: Progres.online hasaplamalary

Gazagystanda internetiň bahasy näçe?

Gazagystanda 30-dan gowrak internet hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar bar. Kazaktelekom kompaniýasynda hojalyk internetiniň ortaça 1 aýlyk bahasy 4599 tenge (10.3 USD) we onuň tizligi 100 Mbit/s çenli ýokarlanyp bilýär. Şeýle hem, bu kompaniýa tizligi 200 we 500 Mbit/s çenli internet nyrhnamalaryny hödürleýär. Olaryň iň gymmadynyň bahasy aýlyk 7499 tenge (16.7 USD).

Ýokardaky tablisada görşümiz ýaly, gazagystanly hojalyklaryň ulanýan internetiniň ortaça tizligi Türkmenistandakydan 50 esse ýokarydyr (2Mbit/s we 100 Mbit/s). Türkmenistandaky iň güýçli internetiň tizligi 6 Mbit/s bolsa, Gazagystandakylar 500 Mbit/s çenli artyp bilýär. Bu ýerdäki aratapawut 83 essedir. Hojalyk internet nyrhnamalarynyň bahalary boýunça-da iki ýurt arasynda örän uly tapawut bar. Gazagystanly ortaça zähmet hakyny gazanýan raýatlar internet üçin aýlygynyň bary-ýogy 1.4%-ini sarp edýär. Türkmenistanlylar internede 5 esse kän ýagny, aýlygynyň 7.2%-ini harçlaýarlar. Şoňa meňzeşlikde, türkmenistanly pensionerler internet üçin ortaça pensiýalaryndan 25.6% sarp edýärler. Bu gazagystanly pensionerleriň internet üçin harçlaýan pulundan ~ 7 esse ýokarydyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: