Progres.Online

Eger Türkmenistanda Western Union işlän bolsady…

Gyrgyzystanly we täjigistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullarynyň mukdaryna salgylanyp, Western Union ýaly hyzmatlary gadagançylyksyz we bökdençsiz işlänlerinde, türkmenistanly 1.6 mln migrant öýüne ýylda ortaça 4.372-4.692 mlrd USD pul ugradardy diýip çaklap bileris.

Daşary ýurtda ýaşaýan we işleýän türkmenistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullarynyň mukdary hakynda resmi çeşmelerde anyk maglumatlar berilmeýär, emma ony hasaplamak üçin Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň statistiki sanlaryna salgylanyp çaklap bolar. Daşary ýurtda ýaşaýan gyrgyzstanly migrantlaryň sany 650-750 müň arasynda we olaryň bir ýylda öýüne ugradýan puly 2.2 mlrd USD barabar (adam başyna 2933$-3384$).

Täjigistanly migrantlaryň sany bolsa 800 müň we olar her ýyl ýurduna 2.187 mlrd USD pul ugradýarlar (adam başyna 2733$). BMG-nyň maglumatyna görä, 1990-2017 arasy 1.6 mln türkmenistanly daşary ýurda emigrasiýa çykypdyr. Gyrgyzystanly we Täjigistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullarynyň mukdaryna salgylanyp türkmenistanly 1.6 mln migrant öýüne ýylda ortaça 4.372-4.692 mlrd USD pul ugratmaga potensialy bar diýip çaklap bileris.

Näme boldy?

2014-2016-nji ýyllar arasynda dünýä bazarynda nebit-gaz bahalary uly göwrümde düşensoň, Türkmenistanda 2016-njy ýyldan başlap ýiti ykdysady krizis dowam edip gelýär. Netijede, ýurtda dollar satuwyna çäklendirmeler girizilip iň soňunda satuwlar dolulygyny ýatyryldy.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň rezerwi çäkli bolanlygy sebäpli, dollary satmak we satyn almak örän kynlaşdy. Ýurtdaky rezerwleriň möçberi 1999-njy ýyldan bäri çap edilmeýär we syr bolmagyna galýar. Rezerwleriň ýetmezçiligi we ykdysady krizis sebäpli ABŞ dollaryny satyn almak üçin gara bazar emele geldi we bu gün dollaryň gara bazardaky bahasy resmi kursdan 7.8 esse ýokary.

Bu sebäpden, Western Union (WU) üsti bilen Türkmenistandan daşary ýurda geçirilip boljak pul transferlerine Türkmen hökümeti tarapyndan aýlyk limitler girizildi. Hökümet bu hereketler barada hiçhili düşündiriş bermeýär. Müşderiler banklara gidip pul geçirmek islän wagtlarynda transfer çäklendirmelerine degişli ýygy-ýygydan uýtgäp durýan düzgünler barada habardar edilýär.

Western Union (WU)-nyň Türkmenistandaky şahamçasy çäkli görnüşde iş alyp barýar.

Türkmenistandan pul ugratmak: WU arkaly daşary ýurda pul ugratmak 2017-nji ýyldan bäri diňe daşary ýurtda okaýan studentleriň ene-atalaryna we birinji derejeli garyndaşlaryna rugsat berilýär. Türkmenistandan daşary ýurda pul ugratmak üçin müşderi Türkmen ýerli bankyna gelýär we dollaryň resmi kursuna görä (3.5 manat) manatda çäkli mukdarda pul transferini edip bilýär. Aýlyk transfer çäklendirmeleri ilki başda 2016-njy ýylda 300$ bolan bolsa, 2020-nji ýylda 200$ we 2021-nji ýylyň fewralyndan bäri her 2 aýdan 50$ ugratmaga rugsat berilýär.

Daşary ýurtdan Türkmenistana pul ugratmak: Daşary ýurtdan Türkmenistana hem pul ugratmak islenilende, Türkmen banklaryna pul ugradyp bolmaýar we şo sebäpden ýene WU hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýar. Daşary ýurtdan Türkmenistana pul ugradylan ýagdaýynda, Western Union Türkmenistandaky banklar bilen işleşýär we Türkmenistandaky banklar daşary ýurt walýutasyndaky gelen serişdeleri diňe resmi kursdan bölüp, manatda berýärler. Daşary ýurtdan gelýän pullaryň diňe manatda berilmegi Türkmenistandaky dollar rezerwleriniň ýetmezçiligi bilen bagly bolup biler, ýöne muňa degişli hiçhili resmi düşündiriş berilmeýär.

Şu wagt daşary ýurtdan Türkmenistana pul tanyşlar, dostlar we söwdegarleriň üsti bilen ugradylýar we olar hyzmatlary üçin kiçijek komissiýa alýarlar.

Western Union, banklar we migrantlar

Migrantlaryň daşary ýurtdan öýüne ugradýan pullarynyň ýerli ykdysadyýete peýdasy uludyr. Iberilýän maddy serişdeler ýurtdaky pul aýlanşygyny we migrantyň maşgalasynyň ýaşaýyş standartyny ýokarlandyrýar. Şo sebäpden, daşyndan gelýän pullaryň çäklendirmesiniň erbet sosial we ykdysady täsirleri bolup biler. Ýokarda agzalyp geçilşi ýaly, Türkmenistanda soňky ýyllarda walýuta rezerwniň ýetmezçiligi dowam edip gelýär. Bu kynçylyklara garamazdan, ugurtapyjy türkmenistanly migrantlar öýüne dürli ýollar bilen pul ugradýarlar we käbir usullar töwekgelçilikli bolýar (meselem tanamaýan adamsyndan pul ugratmak). Şo sebäpden, WU we banklar arkaly Türkmenistana erkin şekilde, böwetsiz walýutada pul ugratmak mümkinçiligi döredilse, ugradyljak pullaryň mukdary has hem artyp biler.

Global pandemiýa başlaly bäri Türkmenistan öz serhetlerini ýapdy. Netijede daşary ýurtda okaýan türkmenistanly studentler maddy taýdan kynçylyk çekip gelýärler. Studentleriň bolýan ýurtlarynyň köpüsinde iş tapmak kyn bolýar. Olaryň aglaba bölegi maşgalasynyň kömegine we godawyna mätäç bolýarlar. Türkmenistandan WU we VISA Card üsti bilen ugradyp boljak pullara girizilen çäklendirmeler ýaşlary garyplykda ýaşamaga sezewar edýär.

Şeýle hem, COVID çäklendirmeleri sebäpli birnäçe migrantlar ýaşaýan ýurtlarynda işsiz galdylar2020-nji ýylda migrantlar tarapyndan ugradyljak pullaryň (remittanslaryň) mukdary bütindünýäde 14% azaldy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: