Progres.Online

Parol hüjümleriniň görnüşleri we olardan goranmagyň ýollary: Hasap maglumatlaryny doldurmak

Hasap maglumatlaryny doldurmak (iňlisçe: Credential Stuffing) – kiber parol hüjüminiň bir görnüşidir. Bu adalga internetde maglumatlaryň syzmagynyň köpelmegi bilen döredi. Bu ýerde hüjümçiler web sahypalaryna giriş synanyşyklaryny awtomatlaşdyrmak üçin, ulanyjylaryň öň hakerler tarapyndan syzdyrylan hasaba giriş maglumatlaryny ulanýarlar. Ýagny, hüjümçi dürli gurallar arkaly, öň häklenip paýlaşylan web sahypalarynyň ulanyjy atlaryny we parollaryny başga web sahypalarda barlap görýär.

Hasap maglumatlaryny doldurmak usulynyň üstünlik gazanmagynyň iň uly sebäplerinden biri: häzirki wagtda internet ulanyjylarynyň 50% -i (LastPass, 2021) şol bir paroly birden köp hasap üçin ulanýarlar. E-söwda, e-poçta, sosial mediýa we beýleki maddy we abraý taýdan ýitgilere sezewar edip bilýän saýtlarda ulanylýan gowşak we ýönekeý parollar ulanyjylary parol çaklaýyş hüjümleriniň pidasy edýärler.

Hasap maglumatlaryny dolduryjy hüjümlerden goranmak üçin näme etmeli?

Özboluşly parollary ulanyň: Her bir hasabyňyz üçin özboluşly, biri-birine meňzemeýän parollary ulanyň. Parollarda uly-kiçi harplaryň, sanlaryň we nyşanlaryň utgaşmasyny ulanmagy ýatdan çykarmaň.

Iki faktorly giriş ulanyň: Hasaplaryňyza rugsatsyz girilmegiň öňüni almak üçin, olara gireniňizde şahsyýetiňizi tassyklamagy talap edýän iki faktorly girişi ulanyň.

Hasaplaryňyzyň giriş hereketlerini barlaň: Şübheli hereketleri ýa-da hasabyňyza birugsat girýänleri yzygiderli barlap duruň. Meselem, Instagram hasabyňyzyň giriş hereketlerini nähili barlamalydygyny degişli makalamyzdan okap bilersiňiz.

Parol dolandyryjy ulanyň: Güýçli parollary döretmek we parolyň gaýtadan ulanylmagynyň öňüni almak üçin, parol dolandyryjysynyň kömeginden peýdalanyň.

Habarly boluň: Maglumatlaryňyzyň syzdyrylmagyndan habarly boluň. Köplenç ýagdaýda platformasyny ulanýan kompaniýaňyz siziň e-poçta adresiňize maglumatyňyzyň syzanlygy barada habar berýär. Şeýle ýagdaýda haýal etmän parolyňyzy täzeläň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: