Progres.Online

Instagram hasabyňyzy nädip goramaly?

“Instagram” durmuşyň dürli pursatlaryny tanyş ýa-da nätanyş adamlar bilen paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa internetdäki erbet niýetli adamlaryň ünsüni özüne çekip bilýär. Siz hem töweregiňizdäki tanyşlaryňyzdan “Instagram hasabymy ogurlatdym”, “Instagramymy hacklediler” ýaly sözleri eşidýänsiňiz. 

Instagram platformasy hasabyňyzy goramak üçin birnäçe usullary hödürleýär. Geliň olary bilelikde öwreneliň.

  1. Güýçli parol (açar söz) ulanyň.

Instagram hasabyňyza parol goýan wagtyňyz uly harplary, kiçi harplary, sanlary we !@#$%^&* ýaly belgileri bilelikde ulanyň. Parollaryňyzy dolandyrmak üçin Bitwarden, LastPass ýaly hyzmatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz. Bu hyzmatlar ulanyjylara parollaryny döretmäge we gorap saklamaga mümkinçilik berýärler. Munda ähli parollaryňyz bir bukjada saklanýar we size diňe ýekeje paroly, ýagny parol dolandyryjynyň parolyny ýatda saklaýmak galýar.

  1. Iki faktorly giriş gurnaň (rusça: Двухфакторная аутентификация; iňlisçe:Two-Factor Authentication)

Instagram hasabyňyzda 2 faktorly giriş gurnalan bolsa, her gezek hasabyňyza girmek üçin diňe parolyňyz däl-de, eýsem enjamyňyzda bar bolan ýörite programma arkaly alynýan goşmaça kod hem gerek bolýar. Şeýlelikde başgalar siziň paroluňyzy bilseler-de, eliňizdäki telefon bolmasa, instagram hasabyňyza girip bilmeýärler. 2F girişi gurnamak üçin: Settings (Sazlamalar) > Security (Howpsuzlyk) > Two-Factor Authentication > Get Started (Başla). Bu ýerden 2F giriş koduny sms arkaly ýa-da ýörite app arkaly alyp bolar ýaly edip sazlamaly.

  1. Fişiňden ägä boluň

Fişiň – bu e-poçta ýa-da sms arkaly size link iberip, giriş maglumatlaryňyzy, bank kart maglumatlaryňyzy ogurlamak üçin edilýän hereketdir. Size Instagramdan e-poçta gelen bolsa, bu hatyň hakykydygyny, ony instagramyň özüniň iberip ibermändigini priloženiýäniň içinde barlap bilersiňiz: Settings (Sazlamalar) > Security (Howpsuzlyk) > Emails from Instagram (Instagramdan e-poçtalar)

  1. Giriş hereketleri barlaň

Siziň hasabyňyza nireden girilendigi baradaky maglumatlary Settings (Sazlamalar) > Login Activity (Giriş hereketleri) diýen ýerden görüp bilersiňiz. Eger-de nätanyş ýerden we nätanyş enjamdan girilendigini görseňiz, onda şol enjamlardan çykyş edip, paroluňyzy üýtgediň. VPN ulanyp hasabyňyza giren wagtyňyz, bu ýerde VPN-iň baglanýan ýurduna degişli maglumatlaryň görünmegi mümkin.

  1. Üçünji tarap programmalaryň girişlerini barlaň.

Üçünji tarap programmalaryň köpüsi Instagram arkaly birikýärler. Hasabyňyza näçe programmanyň birigenini bilmek üçin, Settings (Sazlamalar) > Security (Howpsuzlyk) > Apps and Websites (Programmalar we web sahypalar) giriň. Bu ýerde işjeň we möhleti geçen programmalary görüp bilersiňiz. Olaryň arasyndan gerekli bolmaýanlaryny aýryň.

Ýokarda bellenen ýönekeý ädimleri ýerine ýetirseňiz, siziň Instagram hasabyňyza özüňizden başga hiç kim girip bilmez.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: