Progres.Online

Parol hüjümleriniň görnüşleri we olardan goranmagyň ýollary

Fişiň näme we ondan nädip goranmaly?

Dostlaryňyzyň ýa-da tanyşlaryňyzyň arasynda “Instagramymy döwdüler”, “E-poçtamy häklediler” ýaly gürrüňleri eşidýänsiňiz. Hakerler parolyňyzy ele salmagyň birnäçe görnüşlerini ulanýarlar. Bir hakeriň parolyňyzy ogurlamaga synanyşmagyna “Parol hüjümi” diýilýär. Hakerler parollaryň köpüsiniň ejizdigini bilýärler, şonuň üçin internetde parollaryň ulanylmagy dowam etdikçe, parol hüjümleri hem dowam eder.

Fişiň

Parol hüjümleriniň iň köp ulanylýan görnüşi fişiň ady bilen tanalýar. Fişiň hüjümi şeýle bolup geçýär: Kiber jenaýatçy şahsy maglumatlaryňyzy ogurlamak üçin size kanuny we ygtybarly çeşmeden gelýäne meňzedip, galp e-poçta iberýär. Köplenç ýagdaýda sizden parolyňyzy täzelemegi sorap ssylka iberýär. Ýa-da dürli hileli sözler bilen iberilen ssylka basmagyňyzy soraýar. Ol ssylkada bolsa siziň enjamyňyza zyýan berjek kodlar ýerleşdirilýär.

Fişiňe birnäçe mysallar:

Adaty fişiň: Meselem, gowywebsayt.com saýtyndan siziň e-poçtaňyza hat gelýär. Hatda sizden parolyňyzy üýtgetmek haýyş edilýär. Siz bolsa e-poçtany ünsli okaman, “parolyňyzy täzeläň” ssylkasyna basýarsyňyz. Haker şol bada siziň parollaryňyzy ýa-da şahsy maglumatlaryňyzy göçürip alyp galýar.

Naýza fişiň: Haker size dostuňyzdan, işdeşiňizden ýa-da ýoldaşyňyzdan gelýän ýaly görünýän e-poçta ibermek arkaly sizi nyşana alýar. Beýle e-poçtalar köplenç gysgajyk bolýar. Meselem “Şu e-poçta goşulan hasap fakturany barlap, kemçilik bar bolsa habar beräý” diýip iberýär. Ol e-poçtada gelen goşunda basan badyňyza enjamyňyza zyýanly programma gurulýar.

Smişiň we wişiň: Smişiň – SMS sözünden, wişiň – iňlis dilindäki “voice” (ses) sözünden gelýär. Haker size hasabyňyzyň doňdurylandygyny ýa-da hasabyňyzda bir näsazlygyň bardygyny SMS arkaly (smişiň) ýa-da jaň etmek arkaly (wişiň) habar berýär. Siz bolsa oňa ynanyp, iberýän ssylkasyndan hasabyňyza giren wagtyňyz maglumatyňyzy ogurlaýar.

Weýliň: Iňlis dilindäki “whale”(uly kit balygy) sözünden gelýär. Siz işleýän guramaňyzyň ýa-da kompaniýaňyzyň ýokary derejeli işgärinden e-poçta alýarsyňyz. E-poçta sizden kompaniýa degişli käbir maglumatlary ibermegiňizi soraýar. Eger-de siz galp e-poçtadan hat gelýändigine üns bermeseňiz, gizlin maglumatlary nätanyş adamlar bilen paýlaşanyňyzy duýman galarsyňyz.

Fişing hüjümlerinden goranmak üçin mashalat berilýän ädimler:

  • E-poçtany kimiň iberendigini barlaň: Her gezek e-poçta gelen wagty iberijiniň adresine serediň. Bu adresiň siziň bilýän adresiňizdigine göz ýetiriň.
  • Başga kanallardan iberiji bilen habarlaşyň: Size gelen e-poçtany iberen bilen sms ýa-da jaň etmek arkaly habarlaşyň. Hakykatdan hem onuň size şeýle hat iberendigine göz ýetiriň.
  • IT toparyňyz bilen habarlaşyň: Eger-de guramada işleýän bolsaňyz, ol guramanyň IT bölümi (informasiýa tehnologiýalary) bilen habarlaşyň. Olar size gelen e-poçtanyň kanunydygyny ýa-da däldigini aýdyp biler.
  • Gyssagly hereket etmäge çakylyk: Iberilen ssylkalara gyssagly basmagy ýa-da goşundyny açmagy talap edýän e-poçta gelse, howlukman çeşmesini barlaň. Köplenç ýagdaýda sizden sowgadyňyzy almak üçin ýa-da jezadan gaçmak üçin gyssagly herekete geçmegiňizi sorap ýazýarlar. Gyssaglylyk duýgusyny döredip, skam ssylkalaryna basdyrmak fişiň hüjümleriniň iň ýaýran usullarynyň biridir.
  • Ýazuw kemçilikleri we erbet grammatika: Professional kompaniýalaryň we guramalaryň müşderileriň ýokary hilli, grammatiki taýdan dogry ýazylan hatlary almagyny üpjün etmek üçin redaktorlary bolýar. E-poçta hatlarynda aç-açan orfografiki ýa-da grammatiki ýalňyşlyklar bar bolsa, bu hiledir. Bu ýalňyşlyklar käwagt daşary ýurt dilinden düşnüksiz terjime etmegiň netijesinde döreýär.
  • Umumy salamlar: Siziň bilen işleýän guramalar adyňyzy bilmeli we häzirki döwürde e-poçtalary şahsylaşdyrmak (siziň adyňyza e-poçta ibermek) aňsat. Gelýän e-poçtalar “Hormatly jenap ýa-da hanym” ýaly umumy giriş bilen başlasa, bu hakykatdanam iberijiniň bankyňyz ýa-da söwda edýän saýtyňyz däldigini aňladýar.
  • Meňzeş e-poçta domenleri: Size gelýän e-poçtalar bankyňyzyň ýa-da söwda edýän saýtyňyzyň domenine meňzeýän, ýöne bir harpy üýtgän domen bolup bilýär. Meselem, “o” harpynyň ýerine “0” (nol) bolup biler (amaz0n.com) ýa-da “m” harpyna derek “r” we “n” bilelikde ulanylan bolup biler (rnicrosoft.com). Bu hakerleriň köp ulanýan hilelerinden biridir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: